
83
“ÝAŞ ALYMY” BOLDUM BAGTLY DÖWLETIŇ
Yhlasy myradyna gowşup, arzuwlary wysal tapan ynsan dünýäde iň bagtly ynsandyr. Biz türkmen ýaşlary bagtly ýaşlar. Çünki, biziň ýurdumyzda köňülde beslän ähli arzuwlarymyz hasyl bolýar.
Ine bu gün hem, ýene bir arzuwymyň wysal tapan güni – 12-nji iýun ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Aýratyn-da geljekki halkaraçy hünärmen hökmünde, hut parahatçylyga hem-de ynanyşmaga bagyşlanan şu ýylymyzda türkmen diplomatiýasynyň şöhratly taryhyny içgin öwrenip, Beýik Seljuk türkmen döwletiniň parahatsöýüjilikli taglymatyna bagyşlanan ylmy işim bilen ýeňiş gazanmagym meni has-da buýsandyrýar hem-de guwandyrýar.
Türkmen halkynyň arasynda “Owwal akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatsöýüjilikli syýasaty özüniň köklerini goja taryhymyzdan alyp gaýdýar. Çünki türkmen halky haýsy asyr, haýsy zaman parhy ýok elmydama islendik meseläni hiçbir janly-jandara zeper ýetirmezden, gara güýjüň kuwwatyny ulanmazdan çözmegiň tarapdary bolupdyrlar. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltanlary hem Oguz handan dowam edýän parahatsöýüjilikli, hoşniýetli ýörelgeleri dowam etdirmek bilen, birnäçe asyrlap özüniň adalatly, ynsanperwer syýasaty bilen ykrar edilen döwlet hökmünde tanalypdyr. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan çykan “Hakyda göwheri” atly eserinde: “Seljuk hökümdarlary türkmenlere mahsus diplomatiýa arkaly goňşy we alys döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, ykdysady, ylmy we medeni taýdan gülläp ösüşe, abadançylyga getirjek döwletiň içki ykdysady özgertmeleriniň ençemesini durmuşa geçiripdirler” diýip jaýdar belläp geçýär.
Mundan beýläk hem, ýurdumyzyň ýaş alymy, geljekki halkaraçy hünärmeni hökmünde Gahryman Arkadgymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatsöýüjilikli milli diplomatiýasyny durmuşa geçirmegi öz mukaddes borjum hasaplaýaryn.
Ylym älemindäki ilkinji gadamlarymyzda şeýle ýokary derejeli Şa serpaý üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýaryn!
Ylym-bilim almagymyza, halypa-şägirtlik ýoly boýunça kämilleşmegimize ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli tutumlary dowamat dowam bolsun!
Beýik Lider, Beýik Gahryman Serdar,
Türkmen ýaşlarynyň halypasydyr.
Ylym dünýäsinde edilen açyş,
Köňülleň alkyşy hem sarpasydyr.
***
Ynamyny ödäp Beýik Ogullaň,
“Ýaş alymy” bolduk bagtly döwletiň,
Ylma yhlasyny siňdiren ýaşlar
Türkmeni beýgeldiň,
Ýurdy güllediň!
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby,
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi.