Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / WELOSIPED SPORTY ULY ÖSÜŞLERE EÝE BOLÝAR
    WELOSIPED SPORTY ULY ÖSÜŞLERE EÝE BOLÝAR surady
    30/11/-0001

    649

    WELOSIPED SPORTY ULY ÖSÜŞLERE EÝE BOLÝAR

    2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň 193 agza döwletleri Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bütin dünýäde welosiped sportuny ösdürmek baradaky Kararnamany ykrar etdiler.
    Bu Kararnamada bellenilişi ýaly, onda ösen we ösüp barýan döwletlerde welosiped sürmegi şäher we oba şertlerinde guramak we ösdürmek, şeýle-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, welosiped sürüjileriň sanyny köpeltmek, awtoulaglardan çykýan gazlaryň möçberini kemeltmek esasy wezipeler bolup durýar.
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyçlary boýunça Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynda welosiped sportuny ösdürmek boýunça birnäçe toplumlaýyn maksatnamalary kabul edýär. Şeýle-de Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni yzygiderli ýokary derejede giňden bellenilýär. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
    Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy milli Liderimiziň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ýokary bahasynyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Ykdysady we durmuş strategiýasy hem ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş üçin has oňaýly şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň we pudaklaýyn maksatnamalaryň, iri düzümleýin taslamalaryň aýrylmaz bölegidir.
    Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk we sport, ekologiýa abadançylygy hem-de durnukly ösüş biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjelerdir. Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş, daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm başlangyçlaryň birnäçesiniň we şonuň bilen birlikde, peýdaly däpleriň, şol sanda watandaşlarymyzyň müňlerçesini – ähli ýaşdaky we hünärdäki wekilleri birleşdirýän welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek däbiniň başyny başlady.
    Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam edýändigi şübhesizdir. Yzygiderli geçirilýän türgenleşiklerdir sport maşklary adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňyn täsir edýär. Kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, häsiýetiňi taplaýar, zähmetsöýer, maksada okgunlylyk, özüňe bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Milli Liderimiz munuň şeýledigini özüniň şahsy göreldesi bilen tassyklap, watandaşlarymyzy, aýratyn hem ýaşlarymyzy beýik maksatlara ruhlandyrýar.
    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde häzirki wagtda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi Türkmenistanda giň gerime eýe boldy. Welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn artýar. Sportuň bu görnüşi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda täze galkynyşa eýe boldy.
    Mundan başga-da, welosiped ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşidir. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz daşky gurşawa aýawly garamagyň, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň wajypdygyny hemişe nygtaýar. Welosiped sürmek ruhuňy belende galdyrýar, şeýle hem mähriban ülkämiz boýunça gyzykly gezelençleri amala aşyrmaga, tebigatyň ajaýyp künjeklerine baryp görmäge mümkinçilik berýär.
    Galyberse-de, welosipedli gezelençler tutuş maşgala üçin boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Welosipedde gezelenç etmek bedene kadaly agram salýar. Munuň özi bolsa adamyň bedeniniň möwsümleýin sowuklama we beýleki kesellere üstünlikli garşy durmagyny üpjün edýär. Lukman hünärmenleriň pikirine görä, welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar hem-de dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär.

    Mergen MÄMMETJUMAÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň tälimçi mugallymy,
    sport žurnalisti.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI