Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Urumçide geçirilen Ýewraziýa EKSPO synda umumy bahasy 68 milliard amerikan dollaryndan gowrak ylalaşyklar gazanyldy
    Urumçide geçirilen Ýewraziýa EKSPO synda umumy bahasy 68 milliard amerikan dollaryndan gowrak ylalaşyklar gazanyldy surady
    28/08/2023

    806

    Urumçide geçirilen Ýewraziýa EKSPO synda umumy bahasy 68 milliard amerikan dollaryndan gowrak ylalaşyklar gazanyldy

    Söwda gadym zamanlardan bäri halklaryň we döwletleriň arasynda arabaglanyşygy güýçlendirmekde möhüm orun eýeläpdir. Munuň şeýledigine Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda orta asyrlardan bäri ykdysady taýdan belli bir derejede integrirlenen, medeni tarapdan birek-birege ýakynlaşan döwletleriň halkasynyň emele gelmegi arkaly göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň başlangyçlary bilen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça halkara derejede tagallalar alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bu örän ähmiýetli başlangyjynyň dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygy bolsa diýseň guwandyryjydyr. 16 — 21-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň paýtagty Urumçi şäherinde geçirilen «Ýüpek ýolunyň ruhuny wagyz etmek arkaly Ýewraziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» atly halkara forum hem sözümize aýdyň mysaldyr. Ýewraziýa EKSPO-sy diýlip atlandyrylýan bu forum şu gezek has netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Bu ýyl «Hytaý — Ýewraziýa: harytlar we söwda» şygary astynda geçirilip, özünde dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden kompaniýalaryň 1300-den gowragyny jemledi. Şolaryň hatarynda foruma 500 töweregi dünýäniň iň abraýly söwda kompaniýalarynyň gatnaşandygyny hem bellemek gerek.

    Hytaý metbugatynda habar berlişine görä, şu gezekki Ýewraziýa EKSPO-synyň çäklerinde sebitleriň we döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 33 forum we tegelek stol geçirildi. Olaryň örän netijeli bolandygyny forumda ägirt uly şertnamalaryň hasaba alnandygy bilen delillendirmek bolar. Şu ýyl forumyň çäklerinde umumy bahasy 68 milliard amerikan dollaryndan gowrak söwda we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek baradaky ylalaşyklar gazanyldy. Munuň özi 2021-nji ýylda geçirilen şeýle foruma garanyňda, 1,5 ýarym esse ýokarydyr. Ylalaşyklaryň arasynda täze energiýa çeşmeleri, ekologik taýdan arassa gurluşyk we senagat harytlaryny öndürmek, söwda, ulag-logistika hem-de medeni syýahatçylyk ýaly ugurlary öz içine alýan iri halkara taslamalaryň birnäçesi bar.

    Forumyň dowamynda 70 müň inedördül metr giňişlikde Hytaýyň we Ýewraziýanyň önüm öndürijileri hem-de söwda kompaniýalary özleriniň harytlarydyr hyzmatlary bilen myhmanlary tanyşdyrdylar. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýanyň wekillerine hem aýratyn orun berildi. Bu barada sergä gatnaşan gazagystanly telekeçi Almas Stebaýew şeýle gürrüň berýär:

    — Şeýle çäräni ýokary derejede gurandyklary üçin Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň administrasiýasyna sagbolsun aýdýaryn. Biz, esasan, bal öndürmek bilen meşgullanýarys. Forumyň dowamynda birnäçe kompaniýalar bilen şertnama baglaşmaga mümkinçilik aldyk. Hytaýda örän uly bazar bar, şonuň üçin hem biz uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk alyp barjakdygymyza bil baglaýarys.

    Sergini guraýjylar forumyň Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň we Merkezi Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini nygtaýarlar. Bu barada Urumçi şäheriniň dolandyryş edarasynyň sergileri guramak bölüminiň başlygynyň orunbasary Şen Sýan şeýle beýan edýär:

    — Sergi Merkezi Aziýa we Merkezi Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin amatly platforma boldy.

    Çeşme: www.cgtn.com

    Mätgurban MÄTGURBANOW,
    TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

    Çeşme şu ýerden alnan:
    “Biznes reklama” gazeti 28.08.2023
    https://br.com.tm/sections/3/6937

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI