Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Ulag – logistika ösüşiň möhüm pudagy
    Ulag – logistika ösüşiň möhüm pudagy surady
    07/12/2023

    1070

    Ulag – logistika ösüşiň möhüm pudagy

    Ýurdumyzda ulag-logistika strategiýasynyň mazmuny öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmenistan geografik ýerleşýänligini has ýerlikli peýdalanmak bilen, häzirki wagtda sebitleri hem-de yklymlary birleşdirýän ýurda öwrülýär.
    Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde eden taryhy çykyşynda: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek, kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň amatly geografik ýerleşişi bu babatda bäsdeşlige ukyply düzümi kemala getirmäge giň mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň taslamalaryny amala aşyrýar. Hususan-da, ýurdumyz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, TRACECA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar» diýip belledi.
    Häzirki wagtda adamzat jemgyýetiniň ösüşini ulagsyz göz öňüne getirmek gaty kyn. Ösüş — munuň özi, ilkinji nobatda, ýurtlaryň söwda-ykdysady we maýa goýum pudagynda hyzmatdaşlykdyr. Şol sebäpli ulag meselesine uly üns we gyzyklanma bildirilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek, hususan-da, deňiz, derýa ulag ulgamynyň gerimini giňeltmek, täze howa, demir ýol, awtomobil ulag merkezlerini we geçelgelerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulag gatnawynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Biziň ýurdumyz hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çalyşýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, ulag ulgamyny ösdürmek ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.
    Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu geçelgeler ýurdumyzyň sebitlerini gysga wagtda birleşdirer, şonuň bilen bir hatarda pudagyň bökdençsiz işlemegini üpjün eder, ýolagçylar üçin has oňaýly şertleri döreder. Ýokarda ady agzalan iri ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagy sebitde ykdysadyýetiň ösmegine oňaýly täsir edýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitine Aşgabat — Türkmenabat awtobany awtomobil ýollarynyň köp şahaly ulgamyna birikdiriler. Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly bolsa Özbegistanyň ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, deňiz ýoly arkaly Eýrana, Pars aýlagyna Russiýa, Kawkaza, Ýewropa çykmaga mümkinçilik döreder. Häzirki wagtda Türkmenistan birnäçe üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.
    Ählimize mälim bolşy ýaly, ulag pudagy dünýäde globallaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçilikleri bar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hem ulag-üstaşyr geçelgelerini daşary-ykdysady syýasatymyzda ösdürmeklik bolup durýar.
    Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň demir ýol ulgamy Gündogardan Günbatara, Demirgazykdan bolsa Günorta tarap bagtyýarlyga barýan ak ýollar bilen barha uzaýar. 2014-nji ýylyň dekabrynda bolsa, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ulanmaga berildi. Ol Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan Pars aýlagynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere göni çykalgany açdy. Bu demir ýol indi diňe bir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda däl, eýsem, Hytaý, Russiýa, Hindistan, Türkiýe bilen hem yzygiderli harytlaryny üstaşyr amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bular barada bellesek, Hytaý Halk Respublikasy Pars aýlygyna çykarýan ýüklerini 2016-njy ýylyň fewral aýyndan başlap häzirki wagta çenli Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça dowamly otly ýük gatnawyny amala aşyrylýar. Bu demir ýolunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometra golaý bolup, ony geçmek üçin gerek bolan wagt iki hepdä golaý boldy. 2022-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, häzirki wagta çenli Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Russiýa Federasiýasy ilkinji gezek Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň üsti bilen soňra deňiz gatnawy arkaly Hindistanyň Mumbaý şäherindäki Nawa Şewa portuna konteýner otlularyny daşap başlandygyny bellemek gerek. Bu ýoluň umumy uzaklygy 8 müň kilometrden gowrak bolup durýar.
    Hazar deňziniň mümkinçiliklerini ösdürmeklik maksady bilen 2022-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçirildi. Türkmenistan açyk deňizlere çykalgasy bolmadyk döwletleriň hataryna girýän-de bolsa, onuň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi halkara deňiz gatnawyna hem işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik döredýär. Hazar kontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýär. Birek-birekden uzakda ýerleşmedik Hazarýaka ýurtlaryň çägi gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen we soňra demirgazyk ugurda Baltika deňziniň kenar ýakasyna göni çykmak ýoluna eýedir. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen Hazar sammitinde hormatly Prezidentimiz «Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn» diýip belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara ulag arabaglanyşygynyň esasy zynjyry hökmünde özüniň port infrastrukturasyna we deňiz ulaglaryna hem aýratyn üns berýär. Türkmenbaşy şäherinde iri halkara deňiz portunyň gurulmagy halkara deňiz gatnawlarynda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm maýa goýumy boldy. Munuň netijesinde, diňe bir ýurdumyzyň öz deňiz flotyny giňeltmäge ýa-da ýurdumyza gelýän we ondan äkidilýän ýükleriň mukdaryny artdyrmaga şert döretmän, eýsem daşary ýurt gämilerine hyzmat etmekligiň hil derejesini we mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we üstaşyr geçirmeleriň hem möçberini artdyrmaga şert döredi.
    Türkmen halkynyň täze ösüş taryhyny ägirt uly, dünýä derejeli işler bilen şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys hem-de janlarynyň sag bolmagyny, ähli başlangyçlarynyň bolsa diňe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI