Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Ulag diplomatiýasy – sebit we dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk
    Ulag diplomatiýasy – sebit we dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk surady
    30/11/-0001

    688

    Ulag diplomatiýasy – sebit we dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk

    Ata Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, täze sepgitlere eýe bolýar. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da ulag ulgamynda hem gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkara we sebit derejesinde ulag logistika ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.
    Watanymyz geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmek bilen, taryhda türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman görnüşde gaýtadan dikeltmek, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmek babatda ynamly ädimleri ädýär. Mälim bolşy ýaly, ulag diplomatiýasy biri-biri bilen baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Muňa ýurduň üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, döwrebap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar.
    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» Gahryman Arkadagymyzyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe süren halkara başlangyçlaryny özünde jemleýän möhüm resminamadyr.
    Häzirki wagtda dünýä döwletleri Türkmenistanyň üsti bilen öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirip bilmek babatda mümkinçiliklerine möhüm gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlar boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär. Ýurduň parahatlygy, halkyň agzybirligi bilen bir hatarda berk goralýan ekologiýa şertleri dünýä döwletlerini we iri kompaniýalaryny ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge giňden gyzyklandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» syýasaty bu işleriň öňe ilerlemegine ýol açýar.
    2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynyň geçirilmegi dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasyndaky ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýetli bolup, ol globalizasiýanyň aýrylmaz bölegi bolup durýandyr. Türkmenistan bu ugurda häzirki wagtda degişli işleri alyp barýar. «Demirgazyk – Günorta» ugry boýunça Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň ulanylyşa girizilmegi hem öz nobatynda, munuň aýdyň subutnamasydyr.
    2018-nji ýylda Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäherinde gurlup ulanyşa girizilen Halkara deňiz porty tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistika merkezleriniň biri bolmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu iri göwrümli maýa goýum taslamasynda parom, ýolagçy we konteýner terminallary gurlandyr. Şol bir wagtyň özünde hem ol ürgün ýükler terminalyny, polipropilen ýükleýiş terminalyny we gämi gurluşyk hem-de gämi abatlaýyş zawodlaryny özünde jemleýändir. Şeýle hem Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda demir ýol we awtoulag ýollarynyň, köprüleriniň gurluşygy giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylandyr. Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Ýurtda howa ulaglaryna hem uly ähmiýet berilýär. Aşgabadyň halkara howa menzili Merkezi Aziýa sebitinde iri desgalaryň biri bolup, tehnologiki taýdan enjamlaşdyrylandygy boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolup durýandyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenbaşy şäherinde Halkara howa menzili, Mary şäherinde ýolagçy terminaly we uçuş-gonuş zolagy gurlup ulanylmaga berildi. 2018-nji ýylyň başynda Türkmenabat şäherinde halkara howa menziliniň gurluşygy tamamlandy we desga ulanylyşa girizildi.
    Daşoguzyň aerodromynda uçarlaryň dürli görnüşlerini kabul etmäge ukyply bolan täze uçuş-gonuş zolagy gurlup ulanylmaga berildi. Demir ýol aragatnaşygy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan ähmiýetli uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde goňşy ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. 2018-nji ýylyň fewralynda « » ulag-üstaşyr geçelgesiniň bir bölegi bolan Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) demir ýoly ulanyşa girizildi.
    Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda eden teklipleri esasynda, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynyň barşynda 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnama kabul edildi. Mundan başga-da, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamalaryň kabul edilmegi global ölçegde ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi ulgamynda Türkmenistanyň tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýandyr. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan ulag ulgamynda gepleşikler üçin netijeli platforma öwrüldi.
    2022-nji ýylyň 18-19-njy iýulynda ýurdumyzda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçirildi. ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, sebitde halkara ýük daşamalarynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrmak, täze özara peýdaly gatnaw ugurlarynyň açylmagynda çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrülen bu halkara ulag forumy üstünlikli netijelere beslendi. Bu bolsa öz nobatynda sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine oňyn täsirini ýetirer diýip ynanýarys.

    Batyr ESENOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,
    “Paýhas we parasat” gurnagynyň agzasy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI