01/11/2023
659
Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barha giňeýär
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinden alysda parahatçylyga, durnuklylyga we hyzmatdaşlyga ýardam etmäge gönükdirilen daşary syýasatyna ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň öňe sürýän halkara başlangyçlary ýurduň Bitaraplyk hukuk derejesini sebitiň we dünýä bileleşiginiň bähbidine işjeň ulanmak babatda aýgytlydygyny aýdyň görkezýär.
2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda sebitleýin howpsuzlygyň, ösüşiň we durnuklylygyň iň möhüm temalary boýunça düýpli pikir alşyldy. Esasan hem, serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag aragatnaşyklary meselelerine aýratyn üns berdiler.
Bu forumyň ýokarda agzalan ölçegleriň her biri boýunça sebitdäki möhüm meseleleri çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilendigini aýdyp, şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we degişli halkara düzümleriniň bilelikdäki işleriniň zerurlygy nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde bu ugurdaky taslamalary we çäreleri ýerine ýetirmekde ÝHHG-niň möhüm orny beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we wezipeleri barada pikir alyşdylar we Merkezi Aziýa döwletleriniň hersiniň bu ugurlardaky maksatlary beýan edildi, şeýle hem sebiti howpsuzlyk we durnuklylyk bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm pikirleri we teklipleri öňe sürüldi.
Türkmen tarapy hem ekologiýa howpsuzlygynyň döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny, ilkinji nobatda, daşky gurşawy we suw çeşmelerini tygşytly dolandyrmak boýunça taslamalaýyn çärelerine degişlidigi barada belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ÝHHG-niň bitewi daşky gurşaw maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzmek baradaky teklibiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigi bellenilip geçildi, şeýle hem, Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen gurluş bolup durýan sebitiň howa tehnologiýalary merkezi döretmek pikirini goldamaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalary boýunça ÝHHG-niň forumyny geçirmek teklip edildi.
Gün tertibindäki ýene bir möhüm mesele ählumumy ösüşiň esasy ugrunda – durnukly ulagda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bolup durýar. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda jebisleşdirilen hereketler üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ilkinji nobatda, bu Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meselelerine degişlidir. Sebitde durnukly we howpsuz ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça işjeň hem-de netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklary barada hem aýratyn durlup geçildi.
Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň başynda ÝHHG-niň agzasy bolup, guramanyň ähli borçnamalaryny goldamagy bellärliklidir. ÝHHG adam ölçegi babatda borçnamalaryny has-da giňeltdi hem-de olary amala aşyrmakda öz agzasy bolup durýan döwletlere goldaw bermek üçin hemişelik hereket edýän institutlaryň birnäçesini döretdi.
Mälim bolşy ýaly, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi 1999-njy ýylyň ýanwarynda açylan pursatyndan bäri adam ölçegi babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berip başlady. Ýigrimi ýyldan gowrak bilelikde işlemek bilen ÝHHG we Türkmenistan dürli ugurlarda, şol sanda kanunyň rüstemligine we kanunçylyk özgertmelerine ýardam etmek, adam hukuklary babatda halkara standartlary barada bilimi artdyrmak, adyl kazyýetligi ilerletmekde we penitensiar ulgamyny özgertmekde ýardam etmek, erkin we demokratik saýlawlary üpjün etmekde goldaw bermek, gender meseleleriniň hemmetaraplaýyn hasaba alynmagyny güýçlendirmek, adam söwdasynyň öňüni almak hem-de bu ugurda göreş alyp barmak we habar beriş serişdeleriniň azatlygyna ýardam etmek ýaly ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu merkez ýurdumyzyň ýaş nesilleriň arasynda, ýagny talyplaryň adam hukuklary babatda hukukçylaryň geljekki nesliniň bilimini goldamak maksady bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda ÝHHG-niň Adam hukuklary komitetiniň ýygnagynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary boýunça ileri tutulýan ugurlar barada beýanat bilen çykyş etdi. Türkmenistan bilen ÝHHG-niň adam ölçegleri babatynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydygy we raýat jemgyýetleri, demokratik institutlar, metbugat azatlygy, jyns taýdan deňlik, adam söwdasynyň öňüni almak we bilim almak hukugy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga üns berilýändigi bellenildi.
Türkmenistan tarapyndan BMG we beýleki halkara guramalar, şol sanda ÝHHG-de öňe sürlen adamzat gymmatlyklary boýunça birnäçe başlangyç bellendi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz esasy gymmatlyklar şahsyýet, onuň aýrylmaz hukuklary we azatlyklary bolan demokratik jemgyýetiň ösmegine gyzyklanýan döwlet hökmünde dünýä arenasynda özüni tanatdy. Bu ugurda konstruktiw, döredijilikli ýagdaýda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Türkmenistan iri abraýly guramalar, ilkinji nobatda, BMG, ÝHHG we beýleki düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI