
17/03/2025
163
Türkmenistanyň taryhyna, şu gününe we geljegine syýahat
Parahatçylyk — her döwrüň, her döwletiň islegi. Ony gazanmak bolsa örän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň işlenip düzülmegini talap edýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän işleri dünýä nusgalykdyr. Biz muňa parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» teleýaýlymyna interwýusynyň mysalynda nobatdaky gezek aýdyň göz ýetirdik.
Dünýäniň iri habar beriş serişdesiniň žurnalisti bilen geçirilen söhbetdeşlikde, gürrüňsiz, ýüregi elmydama «Halkym, ýurdum!» diýip urýan, tutuş adamzadyň öňündäki jogapkärçilik hökmünde dünýä syýasatyna işjeň garylyp-gatylmak ugrunda irginsiz tagalla edýän, millilige aýratyn gadyr goýýan, döwlet işlerini döredijilik, sport bilen utgaşdyryp, hemmelere görelde görkezýän, maşgala gymmatlyklaryny gözüniň göreji deýin sarpalaýan Beýik Şahsyýetiň keşbi janlanýar. Hut Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijeliligi bolsa täze taryhy şertlerde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny mäkäm pugtalandyrdy.
Bir zada ünsi çeksek, aslynda, Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtly žurnalistler bilen geçiren sowal-jogaplarynda üns çekilen ugurlaryň her biri aýratyn söhbet edilmäge mynasyp. Çünki olarda dünýä kartasynda «Türkmenistan» atly özbaşdak döwletiň döreýşinden başlap, geçen döwürde ýurdumyzyň ýeten sepgitleridir gazanan üstünliklerine hertaraplaýyn jikme-jik seljerme berilýär, görnükli syýasatçy hökmünde Milli Liderimiziň döwleti dolandyrmak sungatynyň aýratynlyklary inçelik bilen açylyp görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň millionlarça teletomaşaçysyny syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda bolup geçýän wakalar bilen dürli dillerde dessin tanyşdyrýan «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna beren jogaplarynda çuňňur parasatlylyk, öňdengörüjilik öz beýanyny tapýar. Bu söhbetdeşligiň dünýä jemgyýetçiliginde, bilermenlerdir syýasatşynaslarda uly gyzyklanma döretmegi tebigy ýagdaý bolup, onuň mazmunyny bir sözde jemlemeli bolsa, «Türkmenistanyň taryhyna, şu gününe we geljegine syýahat» diýip häsiýetlendirsek, ýerine düşerdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda «Euronews» telekompaniýasy ýaly abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine ýakynda dünýäniň millionlarça teletomaşaçysyny syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda bolup geçýän wakalar bilen dürli dillerde dessin tanyşdyrýan «Euronews» telekompaniýasynyň döredijilik toparynyň ýurdumyzda saparda bolmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu abraýly telekompaniýanyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna jogap bermegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hem gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Şunda «Euronews» telekompaniýasyna möhüm orun degişlidir. Öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän habar beriş ulgamynyň giň köpçülige ýetirýän täsirini göz öňünde tutup, «Euronews» telekompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy ündeýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak ugrunda işleri mundan beýläk-de ilerletmäge ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. «Euronews»-iň habarçylarynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şol ýyl ýurdumyzda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, 2019-njy ýylda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny beýan etmäge gatnaşmagy muňa aýdyň mysaldyr.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu düzümiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýurdumyz barada ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli wideoşekiller ýylyň dowamynda «Euronews» teleýaýlymynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri geljekde-de dowam etdirmek wajyp bolup, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bardyr.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy bellenilýär. Geçen döwrüň içinde sebit we dünýä ähmiýetli örän köp işler edildi. Şunda Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini, halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandygyny nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň «Euronews» teleýaýlymyna interwýusynda: «Bitaraplyk biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasydyr» diýip bellemegi hem muňa şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň interwýusyndan hem görnüşi ýaly, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýarlygy, halklaryň dost-doganlykly gatnaşyklary, dünýäniň parahatçylygy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi sözüň doly manysynda örän uly many-mazmuna eýedir. Muny biz dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýan her bir beýik başlangyçlarda hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik işleri — ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Bu gün Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belentde tutulýar. Munuň özi biziň her birimiziň kalbymyzda belent buýsanç döredýär, ýüreklerimizi joşdurýar. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Täzegül KULJIKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.