30/11/-0001
362
TÜRKMENISTANYŇ LUKMANÇYLYK DIPLOMATIÝASY: ÄHLUMUMY TAGALLALARY BIRLEŞDIRMEGIŇ NETIJELI GURALY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen ynsanyň saglygyny goramak meselelerinde ýakyndan işjeň gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlaryň we maslahatlaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary lukmançylyk ugry boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň şertleri döredýär. Bu babatynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly lukmanlaryň halkara forumynda hem dünýä ýurtlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirip, tejribe alyşmaga ýardam etjekdigi ikuçsyzdyr.
Şu meselelerde Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasynyň orny barha artýar, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda lukmançylyk ugry boýunça ylmy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna gönükdirilen başlangyçlary ähliumumy ösüşiň şertine öwrülýär.
Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günümizden bäri halkymyzyň saglygy, sagdyn nesilleri ýetişdirmekde ägirt uly işler bitirilip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga hukugynyň kepillendirilmegi raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde mümkinçiliklere ýol açdy.
Hormatly Prezidentimiz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm pudagyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösüşine, keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini işjeňleşdirilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar edilmegine gönükdirilendir. Şu işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, döwrebap lukmançylyk merkezleri, hassahanalary gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär.
2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde eden taryhy çykyşynda häzirki döwürde dünýä ýüzünde möhüm orny eýeleýän lukmançylyk diplomatiýasy adamzadyň saglygyny goramakda ähliumumy tagallalary birleşdirmegiň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär diýip belläp geçdi.
Eýsem diplomatiýa näme? Diplomatiýa gadymy grek dilindäki “diploma” diýen sözünden gelip, “resmi, resminama” diýen manyny aňladýar. Häzirki döwürde diplomatiýa – döwletiň daşary aragatnaşyklary we daşary işleri baradaky ylymdyr, halklaryň bähbitlerini özara ylalaşdyrmagyň sungatydyr. Çalt depginler bilen özgerýän döwürde ýurdumyz beýleki döwletler bilen birnäçe diplomatik ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryny saklap gelýär. Olar: medeni diplomatiýasy, ekologiýa diplomatiýasy, ykdysady diplomatiýasy, sanly diplomatiýasy, suw diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy, öňüni alyş diplomatiýasy, lukmançylyk diplomatiýasy we ş.m.
Lukmançylyk diplomatiýasy – bu döwletara gatnaşyklaryň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga we geçirilýän gepleşiklere aýdylýar.
Muňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çygrynda alnyp barylýan işleri ýola goýmakda ylalaşylýan şertnamalaryň netijeli bolmaklygy üçin geçirilýän gepleşikler aýdyň mysal bolup durýar.
Dünýä döwletleri saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde halkara guramalar we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Şunyň bilen baglylyk-da, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda Türkmenistan dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ozaly bilen bolsa, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG), BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ilat gaznasy ýaly düzümleri bilen ýakyndan işjeň gatnaşyklary ýola goýulmagy ynsanyň saglygyny goramak meselelerinde Türkmenistanyň aýratyn ornunyň we köpýyllyk hem-de netijeli hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesiniň ähmiýetiniň uludygy bilen baglanyşyklydyr.
Halkara gatnaşyklarynda döwletler saglygy goraýyş ulgamynda esasy hyzmatdaşlygy Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen alyp barýarlar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy – bu ähli döwletleriň adam saglygyny we saglygy goraýyş ulgamyndaky bähbitleri nazara almak bilen, sagdyn durmuşy ornaşdyrmak we ony ösdürmek boýunça işleri alyp barýan halkara gurama bolup durýar.
1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde döredilen bu gurama BMG-iň ýöriteleşdirilen edarasydyr. Bu gurama dünýäniň 194 döwleti agza bolmak bilen, olaryň esasy maksady Ýer ýüzünde ýaşaýan ilatyň saglygyny goramakda halkara meseleleri çözmekden ybaratdyr. BSGG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda, bu guramanyň maksady, ähli halklar tarapyndan saglygyň mümkin bolan ýokary derejesini gazanmak bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzalygyna kabul edilip, guramanyň Ýewropa sebitiniň 53 agza döwletiniň biri bolup durýar. BSGG Türkmenistanyň Hökümetine saglygy goraýyş ulgamyny we syýasatyny durnukly ösdürmäge goldaw bermek, şeýle hem ýurduň saglygy goraýyşdaky esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen jemgyýetçilik saglygyny goramak üçin maksatnamalaryny goldamak bilen, ýurtda has sagdyn geljegi gurmak ugrunda iş alyp barýar.
Türkmenistan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen 30 ýyla golaý 7 ugur boýunça hyzmatdaşlygyň dowamynda diýarymyzyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmakda, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, birnäçe howply ýokanç keselleri doly aradan aýyrmakda we lukmançylyk ylmynda dünýäniň täze öňdebaryjy tejribeleriniň hem-de ugurlarynyň özleşdirilmeginde düýpli ösüşler gazandy.
Tutuş dünýäni gurşap alan pandemiýa bu ähliumumy howpa garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap etmek bilen, lukmançylyk diplomatiýasynyň aýratyn möhümdigini ýüze çykardy. Türkmenistan ilkinji ýurtlaryň hatarynda COVID-19-yň öz çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri görüp başlady.
BSGG we BMG-niň beýleki düzümleýin bölümleri bilen bilelikde, ýurdumyzyň ýiti ýokanç kesele garşy durmaga we oňa garşy gyssagly çäreleri kabul etmäge taýýarlygynyň üpjünçiliginiň Meýilnamasy taýýarlanyldy we 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda tassyklanyldy. Onda meýilleşdirilen ähli çäreler BSGG-niň Ýurt edarasynyň we BMG-niň dürli agentlikleriniň goldaw bermeginde işjeň guralýar.
Mundan başga-da, şol ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessine durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Şol ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesus bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda öňe süren teklipleri lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmekde nobatdaky ädim boldy.
Şeýle hem, Türkmenistan ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler bilen bilelikde işleşýärler, hususan-da, Özbegistan we Azerbaýjan bilen bilelikde umumy serhetlerde sanitariýa-karantin çärelerini üpjün etmek, goňşy Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini ibermek, Owganystanda ykdysady we durmuş taslamalaryny amala aşyrmagy ýokary depginde alyp barmak, özbek we gazak goňşularymyz bilen bilelikde raýatlarymyzyň ýurtlarymyzyň çäklerinde bolmagyna amatly şertleri döretmek üçin birnäçe çäreler amala aşyryldy.
2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Ýer ýüzünde köptaraplaýyn gepleşikler üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi açyldy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň tagallalary, öňe süren halkara başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bir ýyllyk mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary 4-siniň Kararnamasy tassyklandy, esasynda “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamany belläp geçsek bolar.
Şeýle hem, şu ýylyň 21-nji sentýabrynda Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden taryhy çykyşynyň dowamynda öňe süren teklipleri, ýagny BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, koronowirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamany düzmek, guramanyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek, Merkezi Aziýada epidemiologiýa, wirusologiýa we bakterialogiýa merkezini açmak baradaky teklipleri bu mejlisde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda ilkinji orunda kesgitlenildi.
Şeýlelik-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly işler amala aşyrylyp, saglyk syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzda lukmançylyk diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny aýan edýär.
Aýgözel ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI