
05/04/2025
638
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ähmiýeti
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen halkynyň kalbyna ganat bekledip, göwünlerimizde ýagşy-ýagşy umytlary oýardy. Indi ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde Bitaraplygy üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde tanalýar. Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyz 185 döwletiň goldamagynda Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Soňra 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek ykrar edildi. Üçünji gezek bolsa üstümizdäki ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasyndan hoş habar gelip gowuşdy.
Türkmenistanda we dünýäniň ençeme ýurtlarynda Halkara Nowruz güni giňden bellenilip geçilýär. Nowruz diýmek «täze gün» diýmegi aňladýar. Bu baýram Diýarymyzda giň gerime eýe bolup, nobatdaky hoş habaryň hut şol güne gabat gelmeginde-de çuňňur many bar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara arenasynda alyp barýan Bitaraplyk syýasatyndan, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilen işlerinden habar berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu täze Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli mähriban halkymyza iberen gutlagynda «Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan syýasatymyza ýokary baha berip, bu Kararnamany goldan ähli döwletlere Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de ähli halkynyň minnetdarlygy çäksizdir» diýip belleýär. Dogrudan-da, biziň halkara giňişlikde alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyza hormat goýýan ony goldaýan ýurtlarymyza sagbolsun aýdyp, bu döwletler bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmekde täze işler durmuşa geçiriler.
Geçen 2024-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 4 sany Kararnama kabul edildi. Şeýlelik bilen ýurdumyz tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň sany 29-a ýetdi. Olaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýäde parahat ýaşaýşy üpjün etmekde, sebitde we yklymlarda dost-doganlygy pugtalandyrmakda, ýüze çykýan global meseleleri çözmekde nusgalyk işlere amal edýändigini ýene bir gezek alamatlandyrdy. Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň gazanan täze üstünligidir. Bu möhüm waka mynasybetli 24-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem gatnaşdylar. Bu çärelere işjeň gatnaşmak, olar barada köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş etmek geljekki halkaraçy žurnalistler hökmünde biziň üstümize uly jogapkärçilik ýükleýär.
Kakamyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.