Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistanyň halkara maýa goýum hyzmatdaşlygy
    Türkmenistanyň halkara maýa goýum hyzmatdaşlygy
    Türkmenistanyň halkara maýa goýum hyzmatdaşlygy
    31/10/2023

    915

    Türkmenistanyň halkara maýa goýum hyzmatdaşlygy

    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär.
    Maýa goýum işinde daşary ýurtly iri işewür düzümler we abraýly halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak möhüm ähmiýetli çäre hasaplanýar. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi diňe bir maýa goýum taslamalarynyň maliýe mümkinçiligini ýokarlandyrman, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň baý tejribesini öwrenmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga-da zerur şertleri döredýär. Şu maksat bilen biziň Watanymyz dünýä döwletleridir guramalary bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegi göz öňüne tutýar.
    Şol maksatdan ugur alyp, 2023-nji ýylyň 16-20-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri döwlet we hökümet baştutanlary, kompaniýanyň ýolbaşçylary, ministrler we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary derejesinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän Bütindünýä maýa goýum forumy bolan — UNCTAD 2023-e gatnaşdylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen bu forumyň düzüminde halkara sergisi-de geçirildi. Forumyň esasy maksady durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin dünýäde bar bolan we ýüze çykýan maýa goýumlaryny we ösüş meselelerini çözmek üçin gepleşikleri hem-de çäreleri ösdürmek bolup durýar.
    «Durnukly ösüşe maýa goýmak» şygary bilen geçirilen forum pikir alyşmak we möhüm hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen dünýäniň 160 ýurdundan 7000-den gowrak wekilleri, ýolbaşçylary we maýa goýum hünärmenlerini bir ýere jemledi. Köpsanly global çökgünlik sebäpli ýüze çykýan möhüm kynçylyklary, şol sanda azyk howpsuzlygyna, energiýa, saglyga, infrastruktura maýa goýmak zerurlygy we iň pes ösen ýurtlarda öndürijilik kuwwatynyň ösüşi barada maslahatlaşyldy.
    Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 18—20-nji oktýabrynda Özbegistanda 15-nji «UzCharmExpo-Eurasia-2023» halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Oňa onlarça ýurt bilen bir hatarda Türkmenistan hem gatnaşdy. Bu sergi-ýarmarkasy Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrligi hem-de «Uzçarmsanoat» assosiasiýasy tarapyndan bilelikde guraldy.
    «UzCharmExpo-Eurasia-2023» sergi-ýarmarkasy deri, aýakgap, galantereýa, sütük, ýüň we lokal önümlerine ýöriteleşen iri halkara sergidir. 15-nji halkara sergä 40-dan gowrak ýurtdan 300 töweregi daşary ýurt kompaniýasy we guramasy işjeň gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde içerki we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda söwda we maýa goýum gepleşikleri geçirildi. Üç gün dowam eden serginiň dowamynda 7000-den gowrak myhmana jemi 5000-den gowrak önüm hödürlendi. Sergide görkezilen eksponatlaryň 60-dan gowragy täze önüm nusgalarydyr.
    Bu serginiň myhmanlarynyň hatarynda Italiýa, Beýik Britaniýa, Ispaniýa, Germaniýa, Portugaliýa, Belgiýa, Türkiýe, Wengriýa, Polşa, Latwiýa, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Russiýa, Gazagystan, Belarus, Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň wekilleri bar.
    Ýene-de şeýle forumlaryň biri Londonda 2023-nji ýylyň geçirilen «Türkmenistanyň maýa goýumlary we ösüşi» atly forumdyr. Forum 2023-nji ýylyň 22-23-nji oktýabrynda geçirilip, Türkmenistanyň Hökümetiniň wekillerini, halkara guramalaryň hem-de kompaniýalaryň wekillerini, öňdebaryjy senagat ýolbaşçylaryny, seljerijileri hem-de bilermenleri bir kommunikasiýa platformasyna jemlemek maksady bilen geçirildi.
    Bu ýerde esasy üns foruma gatnaşyjylardan Türkmenistanyň ösüşine maýa goýmak hem-de hyzmatdaşlyk etmek isleýänleriň arasynda bar bolan we özara gatnaşyklary berkitmekde, döretmekde jemlendi.
    London forumy Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň bilermenleri bilen duşuşyklar, iş gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle-de bilimleri we tejribeleri alyşmak üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilik boldy.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI