01/10/2024
412
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy ýaşlara söz berýäris
Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri — talyplar, hormatly ýaşulular, mährem eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy. Biz hem taryhy mejlise gatnaşan ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Ýupar EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby:
— Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taryhy gün durmuşymyza ýatdan çykmajak wakalary bagyş etdi. Çünki Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň çuňňur mazmunly çykyşlarynda biz — ýaşlara ýüzlenip, gymmatly ündewleri bermegi her birimiziň göwnümizi ganatlandyrdy. Häzirki wagtda ata Watanymyzda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Biz hem şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ulgamynyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys.