
808
TÜRKMENISTANYŇ ― «EURONEWS»: TELEKOMPANIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY
Türkmenistanda «Euronews» telekompaniýasy ýaly abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine ýakynda dünýäniň millionlarça teletomaşaçysyny syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda bolup geçýän wakalar bilen dürli dillerde dessin tanyşdyrýan «Euronews» telekompaniýasynyň döredijilik toparynyň ýurdumyzda saparda bolmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu abraýly telekompaniýanyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna jogap bermegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hem gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Şunda «Euronews» telekompaniýasyna möhüm orun degişlidir.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy bellenilýär. Geçen döwrüň içinde sebit we dünýä ähmiýetli örän köp işler edildi. Şunda Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini, halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandygyny nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň «Euronews» teleýaýlymyna beren interwýusynda: «Bitaraplyk biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasydyr» diýip bellemegi hem muňa şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna beren jogaplarynda çuňňur parasatlylyk, öňdengörüjilik öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň interwýusyndan hem görnüşi ýaly, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýarlygy, halklaryň dost-doganlykly gatnaşyklary, dünýäniň parahatçylygy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi sözüň doly manysynda örän uly many-mazmuna eýedir.
Öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän habar beriş ulgamynyň giň köpçülige ýetirýän täsirini göz öňünde tutup, millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy ündeýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak ugrunda işleri mundan beýläk-de ilerletmäge ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy. «Euronews»-iň habarçylarynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şol ýyl ýurdumyzda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, 2019-njy ýylda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny beýan etmäge gatnaşmagy muňa aýdyň mysaldyr.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu düzümiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýurdumyz barada ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli wideoşekiller ýylyň dowamynda «Euronews» teleýaýlymynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri geljekde-de dowam etdirmek wajyp bolup, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bardyr.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Euronews» teleýaýlymyna beren interwýusy dünýä jemgyýetçiliginde, bilermenlerdir syýasatşynaslarda uly gyzyklanma döretdi. Munuň özi tebigy ýagdaýdyr. Sebäbi bu interwýuda üns çekilen ugurlaryň her biri aýratyn söhbet edilmäge mynasypdyr. Goý, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Perhat MAHREMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.