Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Energy Diplomacy / Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugry - Energetika diplomatiýasy
    Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugry - Energetika diplomatiýasy surady
    17/04/2025

    167

    Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugry - Energetika diplomatiýasy

    Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyñ daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň täze hil derejesi Türkmenistanyň yzygiderli ösüşini, şol sanda onuň halkara arenasyndaky artýan işjeňligini baglanyşdyrýar. Türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda çalt depginler bilen özgerýän, dünýäniň çagyryşlaryna mynasyp jogap bolup durýan anyk ädimler arkaly utgaşdyrylýandygy bilen şertlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda öňe süren ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli teklipleri tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw bilen garşylanylýar. Türkmenistan özüniň ägirt uly energiýa gorlaryny dünýä bazarynyň wajyp çäklerine ýetirmek maksady bilen, milli, sebit we ählumumy bähbitleriniň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän sebit we umumadamzat ähmiýetli köpugurly iri taslamalarynyň hatarynda «Galkynyş» gaz käni we ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellärliklidir.
    Energetika pudagynda däp bolan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça göni energetiki hyzmatdaşlygyny ep-esli giňeltdi. Ýeri gelende aýtsak ýurdumyzdaky "Galkynyş" käni diñe bir ýurdumyzyñ däl, eýsem sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrýar. «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary we bu babatdaky mümkinçilikleri barada hem aýtdy. «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysynyň: «Bize Türkmenistanyň tebigy gazynyň çykarylýan möçberiniň artmagy we onuň bilen bagly meýilleriňiz barada-da gürrüň berip bilermisiňiz? Ýewropada gaz howpsuzlygyny üpjün etmekde Siziň bu işleriňiz esasy çözgüt bolup bilermi? Bu meseläniň geljegi barada nähili pikir edýärsiňiz?» diýen sowalyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:
    — Biziň ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Men ýene-de bir anyk mysaly getireýin: Türkmenistandaky «Galkynyş» käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Onuň gorlary tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr. Bu sanlar ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň energiýa bilen diňe özümizi däl-de, eýsem, sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär. Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar. Şular ýaly taslamalary diňe energetika serişdeleriniň zerur möçberlerine eýe bolan ýurt öňe sürüp biler — diýip jogap berdi.
    Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda degişli çäreler görülýär. Bu barada şu ýylyň 14-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, Daşary işler Ministri R.Meredow öz hasabatynda strategik taýdan ähmiýetli orny eýeleýän meseleleriñ hatarynda energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleleriň hem bardygyny belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek babatda ulgamlaýyn esasda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar.
    Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda açylan Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde energetika diplomatiýasy boýunça ýörite okuw sapaklary yzygiderli dowam edýär. Geçirilýän okuw sapaklarynda hormatly Prezidentimiziň energetika diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlary, “ýaşyl” energetikanyň ähmiýeti, ýurdumyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň önümçiliginiň we gazylyp alnyşynyň depgini düýpli ýokarlandyrmagy we ýurdumyzyň halkara derejesinde energetika pudagynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak babatda alnyp barylýan işleri, babatda, şeýle hem, bu ugurda halkara guramalaryň ýerine ýetirýän işleri giňişleýin açyp görkezilýär.

    Perhat MAHREMOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşykalry fakultetiniň mugallymy.

    Latest News

    TRAINING COURSE ON THE ENERGY DIPLOMACY surady

    31/05/2025

    TRAINING COURSE ON THE ENERGY DIPLOMACY
    A LECTURE ON THE ORGANIZATIONAL-LEGAL AND ECONOMIC FOUNDATIONS OF ENERGY DIPLOMACY surady

    29/05/2025

    A LECTURE ON THE ORGANIZATIONAL-LEGAL AND ECONOMIC FOUNDATIONS OF ENERGY DIPLOMACY
    WEBINAR ON THE TOPIC OF TURKMENISTAN’S PLACE IN THE REGION AND THE WORLD IN THE FIELD OF TRANSPORT AND ENERGY surady

    26/05/2025

    WEBINAR ON THE TOPIC OF TURKMENISTAN’S PLACE IN THE REGION AND THE WORLD IN THE FIELD OF TRANSPORT AND ENERGY
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI