Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Energy Diplomacy / Türkmenistanyň daşary syýasatynda energetika diplomatiýasynyň ýaýbaňlandyrylmagy
    Türkmenistanyň daşary syýasatynda energetika diplomatiýasynyň ýaýbaňlandyrylmagy surady
    23/12/2023

    998

    Türkmenistanyň daşary syýasatynda energetika diplomatiýasynyň ýaýbaňlandyrylmagy

    Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan daşary-syýasy strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamalarynyň biri hem ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan we netijeli hyzmatdaşlygynyň barha belent sepgitlere ýetmeginde görünýär. Hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýän we olardan gelip çykýan halkara borçnamalaryny berk berjaý edýän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn we netijeli hyzmatdaşlygy hil we mazmun taýdan barha baýlaşdyrýar. Munuň özi bolsa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, global syýasy, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş meseleleri çözmegiň derwaýys we geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde, herekete girizmekde wajyp esas bolup hyzmat edýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň halkara başlangyçlary parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerindäki bilelikdäki hereketleri we netijeli ädimleri artdyrmaga gönükdirilendir.
    Häzirki wagtda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry diňe bir milli bähbitleri üpjün etmek ýörelgelerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryny, halkara durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň ählumumy kadalarynyň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilýär. Ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygy halkara-hukuk we daşary-syýasy taýdan kuwwatly we mizemez binýada daýanmak bilen bir hatarda, hazirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde ygtybarly we işjeň gural bolup hyzmat edýär. Onuň subutnamasy hökmünde ýurdumyzyň köptaraplaýyn diplomatiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işleri çykyş edýär.
    Energetika diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur özünde daşary syýasat bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri jemleýär. Olara energogöterijileriň durnukly üpjünçiligi, olaryň ählumumy elýeterliligi, uglewodorod serişdeleriniň we elektroenergiýanyň köpugurly ugradylmagy, “pes uglerodly” energetikanyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler degişlidir. Bu meseleler toplumy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäklerde geçirilýän gepleşikleriň iň möhüm, käbir halatlarda bolsa çylşyrymly meselesi hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu syýasatyň ilkinji nobatda döwletleriň sebit we global derejelerdäki gatnaşyklara öz täsirini ýetirýänligini dünýä tejribesi hem yzygiderli görkezip gelýär. Energetika diplomatiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň biri hökmünde tapawutlanýar. Munuň aýdyň subutnamasy bolup, daşary syýasat edaranyň düzüminde halkara ykdysady gatnaşyklary bölüminiň döredilmegi, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna ýolbaşçylyk eden döwründe guramanyň ýanynda türkmen wekiliniň bellenilmegi we başga-da birnäçe mysallar çykyş edýär. Munuň özi, energetika diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklaryna ýetirýän täsiri boýunça ykdysady diplomatiýanyň bir ugry bolmak bilen berk baglanyşyklydyr.
    Türkmenistanyň daşary syýasatynyň energetika diplomatiýasynda ýeten ýene bir üstünligi hem 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegidir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen Kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Kararnama ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, esasan-da hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, dowamly we döwrebap energiýa çeşmelerini üpjün etmekde durnukly ösüş pudagynda halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi talap edýär. 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Şeýle hem, Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak, energiýa birikmesini hem-de energiýa çeşmeleriniň hereketini güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, durnukly ösüşi gazanmakda we içerki energiýa çeşmeleri çäkli ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda olaryň esasy ornuny ykrar etmek arkaly halkara hünärmenler duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.
    Energetika diplomatiýasy we bu ugurda alnyp barylýan işler döwletimiziň ählumumy energetika howpsuzlygyny berkitmekde uly orun eýeleýändigini we halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň ornunyň ýokarydygyny tassyklaýar.

    Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    TRAINING COURSE ON THE ENERGY DIPLOMACY surady

    31/05/2025

    TRAINING COURSE ON THE ENERGY DIPLOMACY
    A LECTURE ON THE ORGANIZATIONAL-LEGAL AND ECONOMIC FOUNDATIONS OF ENERGY DIPLOMACY surady

    29/05/2025

    A LECTURE ON THE ORGANIZATIONAL-LEGAL AND ECONOMIC FOUNDATIONS OF ENERGY DIPLOMACY
    WEBINAR ON THE TOPIC OF TURKMENISTAN’S PLACE IN THE REGION AND THE WORLD IN THE FIELD OF TRANSPORT AND ENERGY surady

    26/05/2025

    WEBINAR ON THE TOPIC OF TURKMENISTAN’S PLACE IN THE REGION AND THE WORLD IN THE FIELD OF TRANSPORT AND ENERGY
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI