Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistanyň dabaralanýan ulag diplomatiýasy
    Türkmenistanyň dabaralanýan ulag diplomatiýasy surady
    03/12/2023

    1138

    Türkmenistanyň dabaralanýan ulag diplomatiýasy

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde ‹‹Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025 – nji ýyllar üçin Maksatnamasy›› möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem berkarar döwletimiziň üstaşyr ulag ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek bu maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
    Taryha ser salanymyzda adamzat jemgyýeti peýda bolaly bäri, onuň ösüş ýoly hiç wagt aragatnaşyksyz bolmandyr. Ýakyn we Orta Gündogarda Badahşan lazuritine bolan isleg ‹‹Lazurit ýolunyň›› peýda bolmagyna getiripdir. Badahşanyň lazuriti Mesopotamiýa we Müsür patyşalarynyň köşklerini, ybadathanalaryny bezäpdir, gelin-gyzlar üçin dürli şaý-sepleri ýasamakda giňden peýdalanylypdyr. Şeýdip Gündogarda b.e. öňki III-II müňýyllyklarda ‹‹Lazurit ýoly›› peýda bolupdyr. Ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi häzir netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýär. Ýol gurmagy sogap hasaplap gadymdan bäri bu işe sarpa goýan türkmen halky bu däbi mynasyp dowam edýär.
    Geografiki ýerleşişine laýyklykda, Türkmenistan yklymlary birleşdirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrüldi. Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.
    Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe halkara Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (‹‹Lapis Lazuli›› ugry boýunça ylalaşyk ) 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisinde gol çekildi . Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňiz sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär.
    Garaşsyz ýurdumyzyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda dünýä üstaşyr ulag gatnawlary bilen baglanşykly köp işler amala aşyrylýar. TRACECA taslamalarynyň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda tagallalary berkitmäge ýardam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugra gönükdirilen sebit, yklym hem-de ählumumy derejedäki başlangyçlary Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde degişli üstaşyr ulag, logistik ulgamyň döredilmeginde bu babatdaky tapgyrlaýyn ösüşde wajyp orun eýeleýär.
    Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe sessiýalarynda öňe süren teklipleri esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ‹‹Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag–üstaşyr geçelgeleriniň orny››, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda ‹‹Durnukly köpugurly ulag–üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda›› atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda ‹‹Durnuky ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanşygyny berkitmek››, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda ‹‹Koronowirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen , ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanşygyny berkitmek›› atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny has-da berkidýär.
    Berkarar döwletimiz logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag hem-de logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Milletler bileleşigine agza döwletleriň bir agyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň ‹‹Bütindünýä durnukly ulag güni›› diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasy bolup durýar.
    2023-nji ýylyň 26-njy noýabrynda bolsa paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ulag-logistika ulgamy beýik ösüşleri nazarlaýar. Bu bolsa ýurdumuzyň söwda-ykdysady taýdan pajarlap ösmegine mundan beýläk hem giň mümkinçilik döreder.

    Dilber HEKIMOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI