Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistanyň awtomobil ýollary halkara hyzmatdaşlygynda
    Türkmenistanyň awtomobil ýollary halkara hyzmatdaşlygynda surady
    18/04/2024

    997

    Türkmenistanyň awtomobil ýollary halkara hyzmatdaşlygynda

    Türkmenistanyň ulag ulgamynda awtomobil ulaglaryna uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz awtomobil ulaglary üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň gurluşygyna aýratyn uly üns berýär. Sebäbi gurulýan ỳollar näçe ỳokary hilli we köp bolsa, şonçada ýolagçylaryň gatnadylyşy we ýükleriň daşalyşy çaltlandyrýar. Munuň özi daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir.
    Awtomobil ýollarynyň ykdysadyýetimize ýetirýän oňyn täsiri örän uludyr. Içerki ýük dolanyşygynyň esasy bölegi awtomobil ýollary arkaly amala aşyrylỳar. Awtomobil ýollarynyň ýurdumyzyň daşary söwdasyny ösdürmekde hem uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanda awtomobil ýollary bilen daşary ýurtlara ýigrimä golaý ugurdan çykyp bolýar. Diňe Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen bäş ýerden gümrük nokady arkaly Eýranyň üsti bilen Aziýanyň dürli ýurtlaryna, Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna çykmaga mümkinçiliklerimiz bardyr. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamyň maddy tehniki enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ulag ulgamynyň işine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda pudagy ösdürmekde dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň —«Toyota Coaster», «Toyota Hiace» «Toyota Сorolla», «Hyundai Universe Luxury», «Hyundai Universe Noble», «Hyundai Super Aero City», «Yutong ZK6129H», «ПАЗ-32054» «KAMAZ 6520» «IRAN KHODROSC-457 Intercity Bus», ýaly döwrebap ulag serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilýär. Ýeri gelende nygtasak,
    Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ulagyň howa ulaglary pudagynda şeýle döwrebäp howa gämileri yzygiderli satyn alynýar. Onuň aýdyň mysaly hökmünde, 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing 777-300ER» kysymly 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolup kompaniýanyň ikinji täze ýolagçy uçary Aşgabat Halkara howa menziline getirildi. 2023-nji ýylda ýurdumyza Fransiýa Respublikasynyň iki sany «Airbus A330-200 P2F» kysymly 61 tonna ýük daşamaga niýetlenen howa gämileri satyn alynandygyny bellemek gerekdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat şäherinde Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi, 2014-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara awtomenzil, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli bir wagtyň özünde Balkan, Daşoguz, Lebap, we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalary açyldy.
    Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň mümkinçilikleri:
    Häzirki döwürde sebitiň iri taslamalarynyň biri hem uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar. Ýeri gelende bellesek, taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabardyr.
    2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
    2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy geljekde goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat–Türkmenbaşy awtobanyna goşulmagy ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder.
    Ýoluň tehniki aýratynlygy:
    Dünýä standartyna laýyk gelýän bu ýol 6 sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Täze ýoluň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda merkezleridir naharhanalar we myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi.Ýoluň ugrunda döwrebap elektron töleg terminallary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler, aragatnaşyk nokatlary, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleri oturdyldy.
    Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň dünýä standartlaryna laýyklygy barada halkara güwänamalar:
    Awtobanyň birinji we ikinji tapgyrynda awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, şeýle-de Ýaponiýanyň «NEC Telekommunikasion Ltd.» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasy, Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň wideo gözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasy; Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy, Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartlaryna laýyk gelýändigi» barada barada halkara güwänamasy, Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň metodiki gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» barada ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanýandygynyň aýdyň mysalydyr.
    Türkmenistanyň awtomobil ýollarynyň geljekki mümkinçilikleri:
    Häzirki döwürde Türkmenbaşy–Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy geljekde iki döwletiň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny berkider, ýurdumyzyň bu ugra eksport kuwwatyny has-da artdyrmaga ýardam berer. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Garabogaz aýlygynyň üstünden geçýän täze awtomobil köpriniň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny ýokarlandyrmaga ýardam berer.
    2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi geljekde awtomobil ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimi giňelder.
    Şeýlelikde, şu günki döwrebap ulag ýollaryň ulanmaga berilmegi halkara ugurlaryň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

    Perhat ÇARYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallym

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI