Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistan - Yslam ösüş banky ösüşleriň aýdyň ýolunda
    Türkmenistan - Yslam ösüş banky ösüşleriň aýdyň ýolunda surady
    06/07/2023

    870

    Türkmenistan - Yslam ösüş banky ösüşleriň aýdyň ýolunda

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün saýyn ösüşlere beslenýär.

    «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Döwletiň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy we ulgamda ýokary tehnologiýalaryň we sanlylaşdyrma prosessleriniň ýaýbaňlandyrylmagy global ykdysady giňişligine we umumydünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşuluşmagyna güýçli itergi berýär.

    Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär.

    «Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.

    Bu işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş Fýörelgämize laýyklykda, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilendir» - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

    Taryha nazar salsak, Yslam Ösüş banky 1973-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň maliýe ministrleriniň ilkinji konferensiýasynda döredildi. Onuň esasy maksady şerigatyň kanunlaryna, ýagny yslam hukugynyň ýörelgelerine esaslanýan agza ýurtlaryň we dünýädäki musulman jemgyýetleriniň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermekden ybaratdyr. Yslam ösüş banky, resmi ýagdaýda öz işine 1975-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda başlady. Yslam ösüş bankynyň esasy wezipeleri we maksatlary şulardan ybaratdyr: durmuş özgertmeleriň ösüşini güýçlendirmek ýaly umumy maksatlara laýyklykda, bu bank agza ýurtlaryň döwlet bölegindäki taslamalary, şeýle hem hususy gurşawdaky önümçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek işini amala aşyrýar. Ol ykdysady we durmuş düzümindäki taslamalary maliýeleşdirýär, agza ýurtlara tehniki taýdan goldaw berýär, şeýle hem önümçilik gurşawyna degişli daşary ýurt söwdasynyň öňe gitmegine ýardam berýär.

    Türkmenistan 1994-nji ýylda Yslam ösüş bankynyň agzalygyna girdi. 2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça geňeşi geçirildi.

    Häzirki wagtda 57 sany döwlet bankyň agzasy bolup durýar. Yslam Ösüş banky ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan hem häzirki döwürde Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu bank bilen dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Onuň umumy maýasyny artdyrmak işine gatnaşmak Türkmenistanda, hususan-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmek babatda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk etmäge mümkinçilik berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürmek ugrunda tagalla edýändigi we gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine şahsy goşandyny nazara alyp, Yslam ösüş bankynyň prezidentine özüniň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyny we “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitaby sowgat hökmünde gowşurdy. Ýurdumyz bu öňdebaryjy bank bilen mundan beýläk-de özara gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýär.

    Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar, dünýä ýurtlary, Yslam ösüş banky bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýä halklarynyň parahat we bagtly geljegine gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halk, ýurt bähbitli, sebit we umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!


    Sülgün NEPESOWA,

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI