
14/04/2025
150
TÜRKMENISTAN — ÝAPONIÝA: halkara hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk ýyllar geçdigiçe giň gerime eýe bolýar. Şeýle netijeli gatnaşyklaryň ösüşine itergi berýän taryhy wakalaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa resmi saparydyr.
Saparyň ilkinji çäreleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EXPO-2025» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy boldy. Bu halkara sergi dünýäniň ençeme ýurdunyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň, innowasion çözgütleriniň we ykdysady mümkinçilikleriniň giňden görkezilýän halkara forumydyr.
Ýurdumyzyň «ýaşyl» energetika, ekologiýa durnuklylygy, sanly ykdysadyýet we medeni mirasy giňden beýan edilýän Türkmenistanyň milli pawilýony bu sergide aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň pawilýonda açylyş dabarasyndaky çykyşy bolsa halkara hyzmatdaşlygynyň çuň mazmunyny ýüze çykaryp, dünýä ýurtlaryna parahatçylyga we ösüşe tarap ruhy ýörelge bolup ýaňlandy.
Saparyň dowamynda bilim ulgamy bilen baglanyşykly täze başlangyçlara hem garaşylýar. Bu başlangyçlar ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny ýola goýmakda we halkara standartlara laýyk gelýän bilim ulgamyny kämilleşdirmekde ösüşiň köprüsine öwriljekdigine ynam döredýär. Bu ugurda öňde goýlan maksatlar ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna giň ýol açýar we iki ýurduň bilim giňişligindäki hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny alamatlandyrar.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi diňe döwlet derejesindäki gatnaşyklary däl, eýsem, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary hem çuňlaşdyrýar. Ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky taslamalara gatnaşmagy, şol sanda infrastruktura boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň şu gün başlanan Ýaponiýa sapary ýokary derejeli duşuşyklary, halkara sergä gatnaşmagy we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy öz içine alyp, iki döwletiň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň täze ugurlara tarap giňeldilýändigini görkezýär. Saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikler, dürli çäreler we gol çekiljek täze resminamalar bu gatnaşyklaryň düýpli esasda ösdürilmegine täze mümkinçilikleri döreder.
Dünýägözel BABAHANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.