25/10/2023
988
Türkmenistan – Türkiýe Respublikasy: dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ýoly bilen
Hojagulyýewa Bahar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin geosyýasatda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara abraýy dowamly pugtalandyrylýar. Türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu ugurda Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegini daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan garanyňda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe bolýar.
Türkmen hem-de türk halklarynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklary taryhy-medeni däpleriniň umumylyklary, köpasyrlyk söwda we ynsanperwer gatnaşyklary, häzirki döwürde bolsa garaýyşlarynyň meňzeşligi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletleriň ikisi-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýärler, özleriniň ählumumy asudalyk we howpsuzlyk ýörelgelerine, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşe berk ygrarlydyklaryny görkezýärler.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy. Netijeli hyzmatdaşlygyň geçen döwründe iki ýurduň arasynda giň gerimli özara hereketleriň baý hem oňyn tejribesi toplanyldy. Onuň esasyny döwletara, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen hem-de hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn şertnama-hukuk resminamalarynyň giň toplumy düzýär.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň baştutanlarynyň arasyndaky özara ynanyşykly gatnaşyklar, ýokary derejedäki netijeli syýasy gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has hem berkitdi, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny we depginini kesgitledi. Munuň özi ikitaraplaýyn syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrylmak üçin düýpli esas boldy.
Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly Türkiýe bilen diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde hem dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk hereketlerini üstünlikli ösdürýär. Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem netijeli özara hereket etmek arkaly, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň umumylygyny ýa-da meňzeşligini görkezýärler. Soňky ýyllarda türkmen döwleti dünýä syýasatynyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda global we energetiki howpsuzlygy üpjün etmek, ulag-logistik ulgamy ösdürmek, daşky gurşawy goramak, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň syýasy başlangyçlary we pikirleri halkara giňişlikde uly goldaw tapýar. Biziň ýurdumyz üçin ýakyn hyzmatdaşlaryň goldawy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen daşary syýasy tagallalaryny goldaýar.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň sebitiň ösüşi bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) köptaraplaýyn diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistan bolsa golaýda Geňeşde synçy derejesine eýe boldy. Işjeň türkmen-türk gatnaşyklarynyň mysaly hökmünde iki ýurduň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki özara hereketlerini hem görkezmek bolar.
Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylyň 6-njy dekabrynda döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-türk hökümetara toparynyň alyp barýan işleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kadalaşdyrýan ulgam bolup hyzmat edýär. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistanyň esasy syýasy-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny we haryt dolanyşygynyň möçberi babatda öňdebaryjy orny eýeleýändigini bellemek derwaýysdyr. Häzirki wagtda biziň döwletlerimiz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, himiýa senagatynda, gaýtadan işleýän we azyk önümçiligi senagatynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardyr. Iki ýurduň hem uly ähmiýet berýän energetika, ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi we diwersifikasiýalaşdyrylmagy özara bähbitleri ýokary derejede kanagatlandyryp, birek-biregiň üstünden Gündogar hem-de Günbatar ýurtlarynyň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik bermek bilen, tutuş sebitde abadançylygy we durnuklylygy berkitmäge goşant goşar.
Türkmenistanyň oba hojalyk önümçiliginde we azyk senagatynda hem türk doganlarymyzyň gatnaşmagynda köpsanly taslamalar durmuşa geçirildi.
Döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Taryhynyň, medeniýetiniň, diliniň we dininiň, geçmiş kökleriniň umumylygy biziň halklarymyzy birek-birek bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. TURKSOÝ-yň ugry boýunça özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär, onuň çäklerinde köpsanly medeni çäreler guralýar. Türkmenistan we Türkiýe ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň uly tejribesini topladylar. Bu tejribe bolsa döwletara gatnaşyklaryny iş ýüzünde ösdürmek üçin ygtybarly esasy döredýär. Häzirki döwürde türkmen talyplarynyň 5.000-den gawragy Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okap, ýokary hilli bilim we zerur bolan hünärleri ele alýarlar.
Syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisinde hem bu ulgamy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, çuňlaşdyrylmagy babatda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni umumylyklary hem-de olaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan ymtylyşlary muňa oňyn şertleri döredýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary berkitmek ýolunda möhüm ädimleriň ýene biri bolup, türkmen-türk gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegine täze itergi berer.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI