Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Scientific Center for Strategic Studies / Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi bähbitleriň utgaşýan ýeri
    Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi bähbitleriň utgaşýan ýeri
    Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi bähbitleriň utgaşýan ýeri
    08/06/2023

    1410

    Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi bähbitleriň utgaşýan ýeri

    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň energiýa strategiýasynyň möhüm tarapy, dünýä bazarlaryna, şol sanda köp görnüşli ulag infrastrukturasyny döretmek arkaly, türkmen energiýa çeşmelerini üpjün etmek üçin eksport ýollarynyň geografiýasyny giňeltmekdir. Bu ugurda iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär, olaryň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy aýratyn orny eýeleýär. 2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygynda iki günlük iş sapary bilen Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherine bardy. Saparyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal energetika ministri Horram Dastagir Han we Döwlet energetika ministri Musadyk Malik bilen geçirilen duşuşyklarda TOPH gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. TOPH gaz geçirijisi bilen ugurdaş TAP elektrik geçirijisiniň taslamasynyň iş ýüzünde amala aşmagy diňe bir gazgeçirijini we onuň desgalaryny elektrik togy bilen üpjün etmän, eýsem sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde we Pakistanyň elektroenergiýa çykdajylaryny kemeltmekde möhüm orny eýelär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa sebiti bilen Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we berkidilmegine, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Merkezi Aziýa sebiti köp döwletleriň geosyýasy we geoykdysady bähbitleriniň biri-birine ýakyndan baglanýan sebitidir. Bu sebit tebigy serişdelere baýdyr we ägirt uly ulag-üstaşyr mümkinçiliklerine eýedir. Bilşimiz ýaly, her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitlerini araýar. Türkmenistan hem iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet hökmünde, täze taryhy şertlerde dünýä döwletleriniň sazlaşykly ösüşine ýardam edýän energetika howpsuzlygyny we üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Has takygy, Owganystan barada aýdylanda, Türkmenistan Owganystanyň goňşusy we onuň bilen taryhy kökleri bolan ýurt hökmünde bu ýurtdaky ýagdaýlary kadalaşdyrmaga gönükdirilen umumy tagallalary artdyrýar, şeýle hem parahatçylyk gepleşikleriniň we giň göwrümli halkara ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, owgan halkyna berilýän ykdysady we ynsanperwer kömekleriň üsti bilen umumy milli ylalaşygyň gazanylmagyna ýardam bermegi dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde uglewodorod serişdelerini ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna howpsuz üstaşyr geçirmegiň ygtybarly guralyny kemala getirmek türkmen döwletiniň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän we häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalary, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň tebigy gazyny Günorta Aziýa ýurtlaryna ýetirmäge mümkinçilik berýän TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy 2010-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň Prezidentleriniň, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Nebit we tebigy gaz ministriniň gatnaşmaklarynda dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekilmegi bilen özüniň işjeň tapgyryna gadam basdy. Uzynlygy 1840 kilometre we ýyllyk kuwwaty 33 milliard kubmetre barabar bolan TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagy Aşgabada gaz eksportyny diwersifikasiýa etmäge, Kabula iň ýiti sosial meseleleri çözmäge mümkinçilik berer we Yslamabat bilen Delide energiýa ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga şert döreder. 2012-2016-njy ýyllarda bolsa, taslamanyň hukuk binýady ähli alyjylar bilen tebigy gazy satyn almak-satmak hakynda ylalaşyklar, paýdarlar we maýagoýum ylalaşyklary bilen yzygiderli berkidildi. Şol sanda, 2015-nji ýylyň 6-njy awgustynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň 22-nji mejlisinde Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň pudak ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň wekilleri tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserni «TAPI Pipeline Company Ltd.» Konsorsiumynyň ýolbaşçysy hökmünde saýlanyldy. 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistanyň, Owganystanyň Prezidentleriniň, Pakistanyň Premýer-ministriniň hem-de Hindistanyň wise-prezidentiniň gatnaşmaklarynda TOPH gaz geçirijiniň düýbüniň tutulyş dabarasy geçirildi. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyry bolan owgan tarapyna badalga berildi. Taslama boýunça işler iki tapgyrda alnyp barlar. Birinji tapgyrda turba geçirijiler çekiler. Ikinji tapgyrda 6 sany kompressor beketleri gurlar. Bu gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň 5 göterimini Owganystan alar, galan 95 göterimini taslama gatnaşyjy ýurtlar bolan Pakistan bilen Hindistan öz aralarynda deň paýlaşarlar. Tebigy gazyň beýleki ýangyç serişdeleri bilen deňeşdirilende özüne düşýän bahasynyň arzandygy bir tarapdan, satyn alýan ýurtlaryň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna oňyn täsirini ýetirýan bolsa, beýleki tarapdan, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň senagatlaşmagyna we olaryň ykdysadyýetine goşmaça maýa goýumlaryň çekilmege giň mümkinçilik döreder. Galyberse-de tebigy gazyň Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden üstaşyr geçmegi milliardlarça amerikan dollarynyň döwlet gaznasyna gelip düşmegine, şunuň bilen baglylyk-da, sebite täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň ýol açar, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürer, infrastruktura, bilim we beýleki durmuş maksatly maýa goýumlary höweslendirer, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine oňyn ýardam eder. Mundan başga-da, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi häzirki döwrüň derwaýys meselesi hasaplanýan howanyň üýtgemegi ýaly dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýan wajyp meseläniň çözülmegine hem ýardam eder, ýagny Owganystana, Pakistana we Hindistana türkmen tebigy gazynyň akdyrylyp başlanmagy hapa gazlaryň howa iberilmegine garşy göreşiň güýçlendirmegine oňyn täsirini ýetirer, çünki tebigy gaz ekologiýa taýdan arassa ýangyç hasaplanýar. Umuman aýdylanda, TOPH taslamasy ykdysady wezipelerden başga-da taslama gatnaşýan ýurtlara möhüm durmuş we gumanitar meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, goşmaça iş orunlaryny döretmek, tutuş gaz geçirijisiniň ugrunda ulag-kommunikasiýasy we durmuş düzümini kemala getirmek bilen baglanyşykly wajyp meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Şoňa görä-de, Türkmenistan sebitiň syýasy giňişliginde Owganystan bilen bagly dürli harby-syýasy öwrümleriň ýüz berendigine garamazdan, özüniň halkara ähmiýetli TOPH taslamasyna ygrarly bolup galdy we Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň diňe uly ykdysady taslamalaryň iş ýüzünde amala aşmagy bilen mümkindigi baradaky garaýyşlaryndan el çekmedi. Tersine, taslamanyň Aziýanyň çäginde biznes-kooperasiýany ösdürmek üçin täze perspektiwalary açmaga giň mümkinçilik döretjekdigi baradaky pikire berk ynandy.

    Şiri ŞIRIÝEW,
    Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziň başlygy

    Latest News

    Термезский диалог: «Взаимосвязанность – это не просто термин, а жизненно важный смысл» surady

    21/05/2025

    Термезский диалог: «Взаимосвязанность – это не просто термин, а жизненно важный смысл»
    Политические и стратегические итоги центральноазиатского турне Гурбангулы Бердымухамедова surady

    27/04/2025

    Политические и стратегические итоги центральноазиатского турне Гурбангулы Бердымухамедова
    Здравоохранение Афганистана: вызовы, успехи и перспективы surady

    25/04/2025

    Здравоохранение Афганистана: вызовы, успехи и перспективы
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI