Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistan — Koreýa: strategik hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňeldilýär
    Türkmenistan — Koreýa: strategik hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňeldilýär surady
    29/07/2023

    1111

    Türkmenistan — Koreýa: strategik hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňeldilýär

    Türkmenistan döwletimiz dünýäniň depginli ösýän ykdysadyýetleriniň birine eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şu jähetden, 20-21-nji iýulda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň Türkmenistana bolan resmi sapary ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň binýady boldy.

    Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Bu döwlet Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri hasaplanýar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy.

    Geçen taryhy döwürde däp bolan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli ösdürildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda döredilen Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işiniň uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi üçin möhüm gurallar bolup hyzmat edýändigini nygtamak gerek. Şeýle-de biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşinde netijeli gatnaşyklary ösdürýärler.

    Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Olaryň hatarynda «Hyundai Engineering» we «LG International» kompaniýalarynyň «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça guran desgalaryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy maliýeleşdirildi we guruldy. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, iň iri «Hyundai Corporation», «LX International Corp.», «Daewoo Engineering and Construction» koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynyň örän möhüm ulag, gaz, himiýa senagaty we beýleki pudaklarynda köp wagtdan bäri üstünlikli işläp gelýändiklerini aýtmak gerek. Şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň aglaba bölegini Koreýa Respublikasynda öndürilen awtobuslardyr awtoulaglaryň düzýändigini gündelik durmuşymyzda görmek bolýar.

    Ýeri gelende bellesek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanýar. Bu bilim ojagynyň binýadynda Patyşa Sejong instituty gaznasynyň koreý dilini we medeniýetini öwreniş okuw merkezi üstünlikli hereket edýär. Türkmenistanly talyplaryň Koreýa Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigi-de döwletara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama möhüm ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Her ýyl Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda koreý ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýaşlaryň arasynda açyk bäsleşigi geçirýär.

    Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň ýurdumyza bolan şu gezekki resmi sapary parlamentara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň ýolundaky möhüm ädimdir. Çünki saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar we geňeşmeler, tejribe alyşmalar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge ýardam berýär. Beýan edilen teklipler bolsa netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam döredýär.

    Resmi saparynyň dowamynda koreý parlamentiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanylandygyny aýratyn bellemelidiris. Munuň özi hormatly myhmanyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen we koreý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren hyzmatlarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şeýle hem bu ýokary sylagyň gowşurylmagy Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň ählumumy derejede Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny işjeň goldamak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, parlament diplomatiýasyny ösdürmäge goşan goşandynyň uludygynyň subutnamasydyr.

    Umuman, däp bolan dostluga esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň gerimi has-da giňeýär we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hil taýdan täze derejä çykýar. Onuň şeýledigini Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň ýurdumyza bolan resmi sapary aýdyňlygy bilen subut edýär we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda möhüm sahypany alamatlandyrýar.

    BEÝAN EDILEN GARAÝYŞLAR, ÖŇE SÜRLEN TEKLIPLER:

    Mälim bolşy ýaly, 20-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şoňa görä-de, bu duşuşykda Gahryman Arkadagymyz türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça birnäçe garaýyşlary beýan etdi we möhüm teklipleri öňe sürdi. Munuň özi netijeli türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti eýeleýär.

    ■ Birinjiden, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirmek baradaky pikiri doly goldaýar. Bu forumyň dowamynda ýurdumyz 2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etmegi meýilleşdirýär.

    ■ Ikinjiden, Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sentýabr aýynda Seulda geçiriljek forumynyň çäklerinde Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahatyny geçirmek teklip edildi.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI