Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: gatnaşyklaryň täze sahypasy
    Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: gatnaşyklaryň täze sahypasy surady
    11/06/2024

    928

    Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: gatnaşyklaryň täze sahypasy

    2024-nji ýylyň 10-njy iýunda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň arasynda geçirilen gepleşikler türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa boldy.
    1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitindäki iri hyzmatdaşlaryň biri bolup durýan Koreýa Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şondan bäri geçen döwrüň içinde deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär we işjeňleşýär. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem giň gerime eýe bolýar.
    2008-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň açylyp, şol ýylyň noýabr aýynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparyny amala aşyrmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň senenamasynda möhüm wakalar boldy. Şol saparyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň esasy bolan ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. 2013-nji ýylda Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda ilçihanasyny açdy. Munuň özi uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge ýardam etdi. Türkmenistan döwletimiz Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berip, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýokary tehnologiýaly senagat, ulag-aragatnaşyk, ylym we medeniýet, sport ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üns merkezinde saklaýar.
    2014-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyz we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça ylalaşyklary gazanyldy. 2015-nji ýylyň aprelinde Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynda döwlet saparynda boldy. Ýokary derejedäki geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda oňyn hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze çemeleşmeler, söwda-ykdysady döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi.
    2019-njy ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda boldy. Saparyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde taraplar maliýe-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi ylalaşdylar.
    Ýurdumyzyň ulag gurşawynyň ösdürilmegi, içerki we halkara ýük dolanşygyny barha ýokarlandyrýar. Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, içerki ulag ýollary bilen bir hatarda, halkara üstaşyr ulag ýollaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan hem türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda ulag-logistika ulgamy ýokary ähmiýetlidir. Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň awtomobil gurluşygy senagatynyň öňbaşçy kärhanasy bolan «KIA-HYUNDAI» söwda-hyzmat ediş merkezi açyldy.
    Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri deňiz ulaglary bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň günbatar kenarlaryny Hazar deňziniň suwlary ýuwýar. Munuň özi suw ýollary arkaly dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barmagymyza uly mümkinçilik döredýär.
    Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri-de medeni-ynsanperwer ulgamdyr. Ol dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklara, köp asyrlaryň dowamynda türkmen hem-de koreý halklaryny baglanyşdyrýan ruhy-medeni däp-dessurlardyr gymmatlyklara esaslanýar. Ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk arkaly oňyn tejribäniň toplanmagyny, medeni gatnaşyklaryň barha berkemegini, döredijilik gatnaşyklarynyň geriminiň has-da giňelmegini özara ysnyşykly hereketleriň oňyn netijeleri hökmünde görkezmek bolar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda Koreýanyň Medeniýet günleri we Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär.
    Mundan başga-da, iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň 3-5-nji noýabrynda Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçirildi. Koreýa Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda Koreýa Respublikasynyň «ONDO» topary meşhur K-Pop aýdymlary bilen birlikde, dürli koreý aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
    Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykaryldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň parlament diplomatiýasynyň çäklerinde türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryny hem pugtalandyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär. Bu ugurdaky işlere 2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özboluşly itergi berdi.
    Türkmen-koreý döwletara gatnaşyklarynda Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işiniň aýratyn ähmiýeti bardyr. Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze platformasy hökmünde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki gepleşikleri bellemek hem zerurdyr.
    2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gatnaşyklaryň giň meselelerini we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça nebitgaz, himiýa, maliýe-maýa goýum, derman senagaty ugurlary boýunça ylalaşyklara gol çekildi. Bu resminamalar türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ýokary derejelere çykarar.
    Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişi boýunça eýelik edýän geoykdysady artykmaçlyklary türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda görnükli orny eýeleýär. Şu jähetden, Koreýa Respublikasy ýurdumyz bilen maýa goýumlar, tehnologiýalar we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bilşimiz ýaly, döwletimiz ummansyz tebigy baýlyklara eýe. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde koreý kompaniýalary hem ikitaraplaýyn bähbitli işleri alyp barýar. Aşgabatda geçirilen gepleşikler agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmäge täze itergi boldy. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary köpasyrlyk dostlugyň berk binýadyna hem-de taryhy köklere esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

    Muhammet BÄŞIMOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň öwreniji mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI