Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistan — Eýran: ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
    Türkmenistan — Eýran: ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
    Türkmenistan — Eýran: ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
    21/11/2023

    1265

    Türkmenistan — Eýran: ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

    Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ençeme ýurtlary bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanşykly daşary syýasyaty netijesinde, bu günki gün ýurdumyzyň at-abraýy has-da belende göterilýär. Milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen milli, halkara sergiler, forumlar, maslahatlar geçirilýär. Şol sanda ýurdumyzda daşary ýurtlaryň ençemesiniň milli önümlerini, hödürleýän hyzmatlaryny tanyşdyrmak maksatly halkara sergiler we olaryň çäklerinde maslahatlardyr çäreler geçirilýär.
    Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 17 — 19-njy noýabr aralygynda türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Iran Project» atly eýran önümleriniň sergisi geçirildi. Oňa eýran kompaniýalarynyň 100-den gowragy gatnaşyp, özleriniň alyp barýan işleridir hyzmatlary bilen bu ýere ýygnananlary tanyşdyrdylar.
    Ykdysady gözden geçiriliş bilen ugurdaşlykda iki dostlukly ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ulag-üstaşyr, logistika, energetika, gaz, söwda, maýa goýum, gümrük, bank, maliýe, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, şeýle-de oba hojalyk pudaklarynda ikitarplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
    Eýran önümlerine bagyşlanan serginiň çäklerinde geçirilen mejlisiň netijeleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň 17-nji mejlisiniň Teswirnamasyna; Mary (Türkmenistan) — Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Tawanir» kompaniýasynyň we «Sanergy Pishro Export and Energy Promotion» kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga; Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.
    Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ykdysadyýetiň ähli ugurlarydyr pudaklarynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dostlukly ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha pugtalanmagy bilen bagly ýurt, sebit, dünýä ähmiýetli birnäçe ylalaşyklar gazanylýar. Ine, bu gezekki gol çekilen resminamalaryň hem türkmen-eýran gatnaşyklarynyň täze sahypasynyň esasyny düzjekdigi ikuçsyzdyr.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI