Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistan dünýä arenasynda ýa-da Garaşsyzlygyň halkara gatnaşyklary ulgamynda gazananlary
    Türkmenistan dünýä arenasynda ýa-da Garaşsyzlygyň halkara gatnaşyklary ulgamynda gazananlary surady
    30/11/-0001

    564

    Türkmenistan dünýä arenasynda ýa-da Garaşsyzlygyň halkara gatnaşyklary ulgamynda gazananlary

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    1991-nji ýylyň altyn güýzi asyrlarboýy erkinligi arzuwlan türkmen halky üçin ajaýyp döwür hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. 27-nji oktýabrda dünýä kartasynda Türkmenistan diýen özbaşdak respublika döredi. Türkmenistan SSSR-iň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda "Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky" Konstitusiýa kabul edildi we şonuň esasynda Türkmenistan SSSR-iň serhetleriniň çäklerinde Garaşsyz demokratik döwlet diýlip yglan edildi. Şol kanunda şeýle diýilýär: "Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýokary maksatlaryň — türkmen halkynyň hakyky milli döwletliligine eýe bolmagynyň, milli, jynsy, sosial gelip çykyşyna we dini ynanjynyň tapawudyna garamazdan her bir adama Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, adam hukugynyň Ählumumy jarnamasynda we beýleki halkara hukuk düzgünlerinde göz öňünde tutulan hukuklary we erkinlikleri üpjün etmegiň, kanunyň ileri tutulýan ynsanperwer demokratik jemgyýetini gurmagyň hatyrasyna yglan edilýär". [1]
    Özygtyýarlygyň, döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagy hem ýurduň, hem halkyň öňünde täze we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň we maksatlaryň içinde has möhümi bolsa dünýä arenasynda özüňi ykrar etdirmekden ybaratdyr. Bu babatda Türkmenistan dostlukly hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk sýýasatyny garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap iş ýüzünde amala aşyrdy. Muny biz 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen delillendirip bileris. Şeýle-de biziň ýurdumyzyň bilen diplomatik gatnaşyklary açan ilkinji döwletleriň hatarynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasyny (10.01.1992), Daniýa Soltanlygyny (21.01.1992), Beýik Britaniýanyň Birleşen Karollygy we Demirgazyk Irlandiýany (23.01.1992) görkezip bileris. 1992-nji ýylyň birinji ýarymynda bolsa Eýran Yslam Respublikasy, Owganystan Yslam Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy, Saud Arabystan Patyşalygy, Kuba Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Ispaniýa Karollygy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şwesiýanyň Soltanlygy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Kanada, Hindistan Respublikasy, Italiýa Respublikasy bilen hem diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.
    1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna kabul edilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmeginde we berkemeginde möhüm ädim boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan sebitleýin we bütindünýä derejesinde öz wezipelerini amala aşyrmagynda BMG-niň esasy strategiki hyzmatdaşyna öwrüldi. Ýurdumyz BMG-niň birnäçe düzüm birlikleriniň hem agzasy bolup durýar. Häzirki günlerde biziň ýurdumyz BMG-niň 13 geňeşiniň, bölümleriniň we toparlarynyň düzümine girýär, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek babatdaky bütindünýä hereketine işjeň gatnaşýar.Olardan UNICEF, UNESCO, UNEP we beýlekileri mysal hökmünde getirmek bolar.
    1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde şol döwürde bu Gurama girýän 185 ýurt "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň" ýörite Rezolýusiýasyna biragyzdan ses berdiler. 2007-nji ýylda bolsa Aşgabatda Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy BMG-niň we Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene bir mysalydyr.
    Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäde dostluga esaslanýan diplomatik gatnaşyklaryny has-da giňeltdi, şonuň bilen bir hatarda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekillikleri we konsullyklary işleýär. Ýurduň içinde bolsa daşary ýurt döwletleriniň 35 diplomatik wekillikleri we 13 sany halkara guramalarynyň wekillikleri bar. Bu günki gün Türkmenistan 47 halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýlekileriň agzasydyr.
    Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatda gazanan üstünlikleri barada durup geçmek bilen, bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: "Garaşsyzlyk ýolunda geçilen her bir gün, her bir aý we her bir ýyl özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata – Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň gyşarnyksyz ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň görkezdi". [2]
    Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
    BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda hem biziň ýurdumyz syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli konstruktiw teklipler toplumyny taýýarlady. Onuň açylyşynyň öňüsyrasynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde guramanyň agza döwletleriniň ählisiniň biragyzdan kabul etmegi bilen, Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy — "2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" atly Jarnama kabul edildi. 73 ýurt onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň 11—12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, bu halkara guramasynyň resmi dillerinde neşir edildi. [3]
    Taryh üçin köp bolmadyk 30 ýylyň dowamynda Garaşyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda gazanan üstünlikleri milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasy Konsepsiýanyň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň kepilidir.

    Sona HALYKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
    IV ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI