Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistan - Bütindünýä söwda guramasy: ýurdumyzyň halkara ykdysady derejesine berilýän baha
    Türkmenistan - Bütindünýä söwda guramasy: ýurdumyzyň halkara ykdysady derejesine berilýän baha surady
    31/05/2023

    1785

    Türkmenistan - Bütindünýä söwda guramasy: ýurdumyzyň halkara ykdysady derejesine berilýän baha

    Bütindünýä söwda guramasy — halkara ykdysady gurama bolmak bilen, ol 1995-nji ýylda agza döwletleriniň arasynda halkara söwdany düzgünleşdirmek we söwda syýasy gatnaşyklary sazlamak maksady bilen döredildi. Bütindünýä söwda guramasy 1947-nji ýylda döredilip, 50 ýyla golaý wagtyň dowamynda halkara söwdany sazlamakda işleri alyp baran söwda we tarifler baradaky Baş ylalaşygy (GATT) guramasynyň ornuny çalyşan edaradyr. Häzirki wagtda onuň 164 sany agzasy bardyr. Şolardan 160-sy halkara derejeli ykrar edilen döwletler, Taýwan (döwlet hökmünde halkara derejesinde doly ykrar edilmedik), 2-si garaşly territoriýalar (Gonkong we Makao) we Ýewropa Bileleşigidir. Uzaga çeken gepleşiklerden soň 2012-nji ýylda Russiýa Federasiýasy hem bu guramanyň agzalygyna kabul edildi. Bu guramanyň esasy maksady gümrük päsgelçiliklerini aradan aýyrmak, halkara söwdasyndaky kemsitmäniň ähli görnüşini ýok etmek, söwda düzgünlerini kämilleşdirmek arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasynyň liberallaşdyrylmagyna ýardam bermek bolup durýar. Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 4/5 bölegi şu guramanyň düzgünnamasy esasynda amala aşyrylýar. Köptaraplaýyn ylalaşyklar bilen baglanyşykly köptaraplaýyn dolandyryş işlerini alyp barmak, halkara söwdanyň ýagdaýlaryna gözegçilik etmeklik we bu ugurda maslahatlary bermek, köptaraplaýyn söwda gepleşiklerini amala aşyrmaklykda forumyň wezipesini ýerine ýetirmek, halkara söwda ulgamynda ýüze çykýan meseleleri çözmegiň bir bütewi ulgamyny döretmek we global derejedäki söwda syýasatyna täsir etmeklikde beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşy etmeklik bu guramanyň esasy wezipeleri bolup durýar. Bütindünýä söwda guramasynyň esasy ýörelgeleri hökmünde bolsa, has artyk amatlyklar düzgüni esasynda söwdany kemsitmesiz amala aşyrmak, bazarlara girmekde giňeldilen mümkinçilikleri döretmek, bäsleşige goldaw bermek we adalatly bäşleşigiň esasynda halkara söwdasyny ösdürmek, gümrük töleglerden goraglylygy üpjün etmek, ykdysady özgertmelere ýardam bermek, gümrük paçlaryny bellemek arkaly milli haryt öndürijileri goramak, düzgünleşdirmegiň tarif däl serişdelerinden ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürmek, gümrük tarifleriniň derejesini peseltmek, söwda meselesini sazlamak maksady bilen gatnaşyjy ýurtlara maslahatlar bermek we ösüp gelýän ýurtlar üçin ýeňillikli düzgün döretmek ýaly işleri görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarymyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hut Milli Liderimiziň başlangyjy bilen birnäçe döwletlerde eýýäm Türkmenistanyň söwda wekilhanalary açyldy. Ýurdumyzyň daşary ýurtlaryndaky wekilhanalarynda hereket etjek täze söwda-attaşe wezipesi hem girizildi. Şol çäreleriň ählisi Türkmenistanyň daşary strategiýasynda söwda-ykdysady ugra aýratyn orun degişlidigine güwä geçýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan döwletimiz dünýäniň 105-den gowrak döwleti bilen söwda gatnaşyklaryny saklaýar. Taryha nazar salsak, 2011-nji ýylyň 14-15-nji ýanwary aralygynda Ýewropa Komissiýasynyň şol wagtky Başlygy Žoze Manuel Barrozunyň resmi sapar bilen ilkinji gezek Türkmenistanda bolandygyny, şeýle hem saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşyp, Türkmenistany Bütindünýä söwda guramasyna girmek üçin ýüz tutma bermäge çagyrandygyny aýratyn nygtap geçmek gerek. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy, şon-da: «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi sebitleýin hem-de dünýä möçberli söwdada Türkmenistanyň paýyny artdyrýar» diýip belläpdi. Dünýäde ösen we kämilleşýän integrasion birleşik hasaplanýan Ýewropa Bileleşigi Bütindünýä söwda guramasynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär, sebäbi munuň özi uzak möhletli ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirýär. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň şeýle abraýly halkara ykdysady guramasyna Türkmenistanyň girmekligi baradaky ýüz tutma bermäge çagyrmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň häzirki durmuş-ykdysady ösüşine dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Çünki dünýä ýurtlary häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-na synçy döwlet hökmünde girdi. 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda bolsa Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy üçin arza berildi. Arza Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala tarapyndan kabul edildi. Umuman, Türkmenistan döwletimizde Bütindünýä söwda guramasyna girmeklik üçin ähli şertler hem mümkinçilikler bardyr. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) wekilleri 2023-nji ýylyň 29-31-nji maýy aralygynda sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde bolýarlar. Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly ykdysady syýasatynyň netijesinde dünýä hojalygynyň maddy esasyny düzýän halkara zähmet bölünişigine ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli taýýar önümler bilen girmegini has-da çuňlaşdyrylmagyna garalýan meseleler saparyň gün tertibiniň üns merkezinde bolar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar, dünýä ýurtlary, halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler diňe biziň däl, eýsem bütin dünýä halklarynyň parahat we bagtly geljegine gönükdirilendir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halk, ýurt bähbitli, sebit we umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI