Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmen önümleri “Korean Import Fair” halkara sergisinde görkezildi
    Türkmen önümleri “Korean Import Fair” halkara sergisinde görkezildi surady
    05/07/2023

    1025

    Türkmen önümleri “Korean Import Fair” halkara sergisinde görkezildi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn ösüşlere beslenýär. Watanymyz Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde rowaçly ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär. Munuň şeýledigini mähriban Watanymyzyň dünýäniň dürli halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýanlygy hem aýdyň görkezýär. Türkmenistan bilen Koreýa halkara giňişliginde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär. Türkmen telekeçileri 2023-nji ýylyň 29-njy iýunyndan 1-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen “Korea Import Fair” XX halkara sergisine gatnaşdylar. Serginiň dowamynda dünýäniň 50 ýurdundan 150 töweregi iri kompaniýanyň önümleri, şol sanda türkmen önümleriniň dürli görnüşleri hödürlendi. Türkmenistanyň milli powilýonynda türkmen halylary, dokma önümleri, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri we ýokary hilli egin-eşikler görkezildi. Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli we özboluşly önümler “Korea Import Fair” halkara sergisine gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen telekeçileriniň bu çärä gatnaşmagy bilen milli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga we beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze mümkinçilikleri döreder. Türkmenistan we Koreýa bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, umumy tagallalaryň ulanylmagy iň täsirli hasaplanýan, söwda we ykdysady ugur, ýangyç we energetika toplumy we beýleki birnäçe pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýärler.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI