29/05/2023
1510
TÜRKMEN-EÝRAN GATNAŞYKLARY TAZE DEREJÄ ÇYKARYLAR
Deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan türkmen-eýran gatnaşyklary häzir ähli ugurlar boýunça — syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan hem-de Eýran abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda maksada okgunly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň täsirliligi hem işjeňligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy-ykdysady giňişliklerinde ygtybarly orun eýeledi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde goňşy döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegi bolup durýar. Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy bolan we umumy taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly döwletleriniň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky strategiki we giň möçberli hyzmatdaşlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukukly gatnaşyklaryň ählumumy we mizemez ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy. Netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýyllary içinde iki doganlyk döwlet döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde baglaşylan halkara resminamalaryndan ybarat bolan berk şertnama-hukuk binýadyny döretdiler. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasy halkara guramalaryň çäklerinde hem birek-birege goldaw bermek bilen özara hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Goşulyşmazlyk Hereketinde netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmakda uly tejribe topladylar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji we 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda energiýa serişdelerini howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirmek boýunça, 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti hakyndaky Rezolýusiýalaryny Eýran Yslam Respublikasynyň goldap çykyş edendigini bellemek bolar. Iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda mähirli we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan duşuşyklaryň ýygjamlaşmagy taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň 2015-nji ýylyň martynda Türkmenistana bolan döwlet sapary we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasyna bolan resmi sapary türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze mazmuna eýe bolan ýokary derejä çykardy. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň 2018-nji ýylyň 27-28-nji martynda Türkmenistana bolan nobatdaky resmi sapary ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açyp, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berdi. Ýokary derejede geçirilen türkmen-eýran gepleşikleriniň netijesinde gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar döwletara gatnaşyklarynyň halkara-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi we kämilleşdirdi. Türkmenistan bilen Eýran häzirki zaman ösüşiniň möhüm faktorlary bolan ulag-aragatnaşyk we energetika ulgamlarynyň giňeldilmegine gönükdirilen iri möçberli taslamalary amala aşyrmak bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň täze mazmuna eýe bolmagynda mynasyp orun tutýarlar. Mälim bolşy ýaly, «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidir. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň gurluşygy doly tamamlandy. Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Türkmenistan we Eýran «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça halkara geçelgelerini döretmeklige hem işjeň gatnaşýarlar. Munuň mysaly hökmünde, hormatly Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça, 2011-nji ýylyň aprel aýynda gol çekilen köptaraplaýyn Hökümetara ylalaşygyna laýyklykda, «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek babatynda alnyp barylýan bilelikdäki işleri hem görkezmek bolar. Wajyp sebit meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň mysalyny Türkmenistan we Eýran arasyndaky Hazar deňzi babatynda hyzmatdaşlygynda hem görmek bolýar. Biziň ýurtlarymyz gojaman Hazaryň parahatçylyk we dostluk deňzi bolmalydygyny aýratyn ileri tutýarlar we onuň hemmetaraplaýyn ylalaşylan halkara-hukuk durkunyň kesgitlenmegi ugrundaky tagallalara işjeň gatnaşmak bilen hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Munuň aýdyň mysallarynyň hatarynda 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň IV sammitine türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklipleri esasynda işlenilip taýýarlanylan «Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky» Ylalaşyga we «Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky» Ylalaşyga bäştaraplaýyn esasda gol çekilmegini görkezmek bolar. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy häzirki zaman global energetika howpsuzlyk meseleleri çözmek boýunça bilelikdäki tagallary amala aşyrmaklyga hem işjeň gatnaşýarlar. Bu babatda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan işlere ýokary baha bermek bolar. Şeýle özara utgaşykly hyzmatdaşlygynyň ýene bir subutnamasy hökmünde 2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda hormatly Gahryman Arkadagymyzyň Tähran şäherinde geçirilen tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň Baştutanlarynyň duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynda görkezmek bolar. Türkmen-eýran gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygider geçirilýän syýasy geňeşmelere hem möhüm orun degişlidir. 2017-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Eýranyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň baştutanlygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli surat sergisi gurnaldy. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalary, hususan-da, Sarahs köprüsini, Sarahs — Tejen ýoluny gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmak, deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi. Eýran — Türkmenistan — Gazagystan demir ýolunyň üstaşyr kuwwatyny artdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Eýran — Türkmenistan — Ermenistan üçtaraplaýyn gepleşiklerini geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Eýranyň günortasyndan Hindistana üstaşyr geçelgäni gurmak we bu ýoluň ugruna Hytaý — Hindistan we Türkmenistan — Eýran böleklerini goşmak hakynda pikir alşyldy. Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gepleşikler türkmen-eýran döwletara gatnaşyklarynyň dürli derejelerde ygtybarly alnyp barylmagyna itergi berýär. Paýtagt şäherler bolan Aşgabatda we Tähranda geçirilýän ikitaraplaýyn resmi duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek, söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny has-da giňeltmek, bilelikdäki medeni çäreleri geçirmek barada ylalaşyklara gelinýär. 2015-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň geňeşçisi, ministrligiň taslamalaryny maliýe taýdan üpjün etmek syýasatyny utgaşdyrmak we işletmek boýunça Geňeşiniň başlygy Asgar Fahriýe Kaşan tarapyndan baştutanlyk edilýän wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek we energetika ulgamynda özara hereketleri işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Mary — Sarahs ugry boýunça ýokary derejeli elektrik geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meselä garaldy. Mundan başga-da, duşuşykda Türkmenistanda amala aşyrylýan dürli taslamalara, şol sanda ýol we infrastruktura desgalarynyň gurluşygyna Eýranyň kompaniýalaryny we işewürlerini çekmek meselesi babatda hem pikirler alşyldy. Ikitaraplaýyn daşary-söwda gatnaşyklarynyň giňelmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparyna uly orun degişli bolup durýar. Bu toparyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar yzygiderli ýagdaýda bolup geçýär. 2015-nji ýylyň iýul aýynda onuň 14-nji mejlisi Tähranda bolup geçdi. Mejlise gatnaşmak üçin baran türkmen wekiliýeti dostlukly ýurduň birnäçe ministrliklerinde duşuşyklary hem geçirdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Şeýle hem, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasynda Sarahs serhet nokadyndan awtoulag geçirijiligini köpeltmäge mümkinçilik berjek Teswirnama hem gol çekildi. Mundan başga-da, yzygiderli geçirilýän özara sergileriň hem-de işewürlik maslahatlarynyň möhüm ornuny bellemek gerek. 2018-nji ýylyň 1-3-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Forumlaryň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi, bilelikdäki kärhanalary döretmek we ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda täze taslamalary durmuşa geçirmek baradaky anyk teklipler beýan edildi. Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň has möhüm bölegini medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklar düzýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni we döredijilik toparlarynyň birek-birege gurnaýan saparlary, sungat festiwallary, dürli sergiler we beýleki çäreler oňat däbe öwrüldi. Bu babatda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 2017-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň we 2016-njy ýylyň maý aýynda Tähranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlikler bilen geçirildi. Medeniýet günleriniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergileri gurnaldy. Bu bolsa türkmen-eýran gatnaşyklarynyň has-da kämilleşmegine özboluşly goşant goşup, iki dostlukly halkyň hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň mazmunyny täze öwüşgin bilen baýlaşdyrdy. Her ýyl Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň belli şahyrlaryndan, žurnalistlerinden, medeniýet işgärlerinden ybarat bolan wekilçilikli topary Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Ak tokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň kümmetlerine zyýarat edýärler. 2014-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna bu ýerde hem birnäçe dabaralar geçirildi. 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz Eýran Yslam Respublikasynda resmi sapar bilen boldy we goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» Köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi garşylmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Seýed Elrahim Raisi birek-brek blen doganlarça görüşdiler. Dabaradan soňra iki ýurduň Liderleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy boldy. Eýranyň halky dostlukly türkmen halkynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine guwanýar. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň aýdyşy ýaly, onuň ýurdunda döwlet Baştutanymyzyň bu saparyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gepleşikler netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň pugta binýadyny emele getirýän gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsizdigini alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn günlerde Eýran Yslam Respublikasyna sapar bilen barar. Bu bolsa türkmen-eýran gatnaşyklaryn örän pugtalandyrar hem-de has hem ýokary derejelere çykarar. Bu saparyň dowamynda Tähranda geçiriljek duşuşykda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Ýusup MAŞADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI