21/07/2024
1107
TÜRKMEN DIPLOMATLARYNYŇ HALYPASY
Görnükli türkmen diplomaty we halkaraçy alym Amangeldi Rahmanowyň doglan gününiň 80, halkara, diplomatik we ylmy işiniň 58 ýyllygyna
Her gezek halypanyň iş otagynyň ýanyndan geçenimde bir zada haýran galýaryn. Ol iş stolunyň üstündäki kompýuterde bir zatlar ýazyp otyr. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, halypa täze zatlaryň gözleginde. Pikirler ummanynda gaýmalap ýören wagtyň: «Munça güýç-gaýrat nireden gelýär?!» diýen tolkun bilen zol-zol çaknyşýarsyň. Muňa guýmagursak zehin diýjekmi ýa-da barypýatan talant. Meniň pikirimçe, Amangeldi Rahmanowa bularyň ikisi hem Hak tarapyndan bollugy bilen eçilipdir.
Ol 1944-nji ýylyň 25-nji iýulynda Murgap derýasynyň kenarynda, beýik-beýik pirleriň ýaşap geçen mekany, Hydyr gören Mary topragynda dünýä indi. Oňa goýlan at hem ýöne bir at däldi. Pederiniň Watan öňündäki borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sag-aman Watanyna dolanyp gelendigi bilen baglanyşyklydy. Ol doglanda, şol wagt entek döremedik, ýöne geljekde dünýäniň iri abraýly düzümi boljak halkara guramada öz perzentleriniň ata Watanyndan ilkinji bolup işlejekdigi hakda, belki, onuň käbesidir kyblasy pikir hem eden däldirler...
Durmuş ýetginjek Amangeldini özüniň geljekki hünäri boýunça dürli ugurlary öwrenmeklige iterýär. Ol 1961-nji ýylda öňki Maksim Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) çet ýurt dilleri fakultetine okuwa kabul edilýär. Oba oglandygyna garamazdan, özüne näbelli daşary ýurt dilini oňat özleşdirýär. Ol 1967-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan talyplaryň arasynda tamamlaýar. Ýaş hünärmen 1970-nji ýyllaryň ortalaryna çenli şol wagtky SSSR-iň «Sputnik» atly halkara ýaşlar syýahatçylyk guramasynda Türkmenistan boýunça wekil wezipesinde işledi.
Galyberse-de, Amangeldi Rahmanow filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, taryh ylymlarynyň doktory, professor, SSSR-iň we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidentleri tarapyndan ömürlik dakylan «Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekil» (1991 ý.), «Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi» (1993 ý.) ýaly ýokary diplomatik derejeleriň eýesidir. Türkmenistanyň ussat diplomatydyr.
Türkmen diplomatlarynyň halypasynyň diplomatiýanyň üç ugry boýunça alyp baran diplomatik we ylmy-pedagogik işiniň her bir ugruny gazet sahypalarynda beýan etmek däl, eýsem, ony beýan etmekde tom-tom kitaplaram asgyn geler. Şonuň üçin hem halypamyzyň döredijiliginiň üçünji döwri barada, ýagny türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bitiren işleri, ýazan gollanmalary, baý durmuş tejribesini öwrenmek, ony beýan etmek geljekki halkaraçy hünärmenleriň borjudyr.
2010-njy ýylyň 24-nji dekabrynda TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň umumy ýygnagy bolup geçdi. Oňa Daşary işler ministrliginiň işgärleri, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, institutymyzyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Ýygnakda Amangeldi Rahmanowiç «Türkmen diplomatlarynyň halypasy» diýlip yglan edildi.
Alym hökmünde ussat mugallymyň şägirtleri az däl. Halypanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň bilim ministri, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew «Beýik Seljuk imperiýasynyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlady, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew taryh ylymlarynyň doktory, şeýle-de TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew taryh ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejeleri aldylar.
Ussat diplomatdan şägirtleri barada soralanda, onuň birnäçe ýokary wezipelerde zähmet çekýän şägirtleriniň bardygyna garamazdan, ilkinji bolup biz — talyplary görkezmegi başymyzy göge ýetirdi. Şu ýerden hem onuň nähili pespäl adamdygyny duýmak bolýar. Dünýä belli syýasatçy, meşhur alym, diplomat Amangeldi Rahmanowyň biziň halypamyzdygyna diýseň begenýärin. Halypanyň altyna gaplaýmaly her bir sözi ýaşlar üçin tapylgysyz bir hazynadyr, bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr. Amangeldi Rahmanowyň manyly, baý durmuş ýoly, onuň tejribesi diňe bir halkara gatnaşyklarynda zähmet çekjek geljekki halkaraçy hünärmenlere däl, eýsem, ähli türkmen ýaşlaryna nusgalyk ýoldur, hemişelik ugur görkezijidir.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
«Ýaş diplomatyň sesi» 2024-nji ýylyň 20-nji iýuly. Ýörite tejribelik sany.