756
Türkmen-britan gatnaşyklarynda täze taryhy sahypa açyldy
Ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýuldy. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabrynda geçirilen 50-nji sessiýasynda kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň maşgala agzalarynyň Aşgabada guran saparlary bu ýurduň Türkmenistana uly üns berýändigini alamatlandyrýar. 1996-njy ýylda Uelsiň Şazadasy Çarlz resmi sapar bilen ýurdumyza geldi. 2013-nji ýylyň noýabrynda bolsa Ýork Gersogy Şazada Endrýu “Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk: mümkinçilikler, ýetilen sepgitler, ileri tutulýan ugurlar” ady bilen ýurdumyzda geçirilen halkara sergä we maslahata gatnaşdy. Şeýle hem ýokary wezipeli wekilleriň, hususan-da, Beýik Britaniýanyň DIM-niň döwlet ministri Tobias Elwudyň, Premýer-ministriň söwda boýunça wekili, parlamentiň deputaty Çarlz Hendriniň, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolsonyň, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň başlygy Ronald Neşanyň we beýlekileriň ýurdumyza amala aşyran saparlary britan tarapynyň Türkmenistana bolan uly gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça umumy garaýyş ýörelgelerine esaslanýar. Döwletlerimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurda umumy bähbidi bar. Ýangyç-energetika, söwda ugurlary, bank ulgamy, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, syýahatçylyk, sport, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ýaly ugurlar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. 2023-nji ýylyň 5-nji maýda Hormatly Prezidentimiz britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmagy dostluk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanynyň Beýik Britaniýa ilkinji sapary iki ýurduň hem netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini tassyklaýar. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Öz gezeginde, Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de ilerlediljekdigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidentine, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça umumy garaýyş ýörelgelerine esaslanýar. Döwletler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça umumy bähbitlere esaslanmak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar. Beýik Britaniýa Ýewropanyň söwda ulgamynyň öňdebaryjylarynyň hem-de iri maliýe merkezleriniň biridir. Bu bolsa türkmen-britan gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär. Beýik Britaniýa ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçilikleri bolan durnukly ösýän ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň alyp barýan işi döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Onuň çäklerinde bilelikdäki işleriň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Ýokarda bellenilişi ýaly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur şertler bar. Şunda türkmen bazarynda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Ýurdumyzda maliýe we durmuş taýdan durnuklylyk üpjün edildi. Soňky ýyllarda Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi we bazar gatnaşyklaryna geçmegi esasy ugur edinýär. Amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde jemi içerki önümiň ösüş depgininde uglewodorod däl serişdeleriň we ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň paýy artýar. Dürli pudaklarda giň möçberli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Maýa goýum işjeňligini saklamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksporty artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, daşary syýasat strategiýasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutýan Türkmenistan –Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin birnäçe işler alnyp barylar.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI