
20/02/2025
2036
TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ ŞÖHRATLY ÝEŇIŞI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan ösüş-özgerişlikler bedew bady bilen ölçenilýär. Milletimiziň ruhuny beýgeldýän, şöhratyny bütin äleme ýaýýan gymmatlyklarymyzyň biri bolan behişdi ahalteke bedewlerimiz parahatçylygyň we gözelligiň alamatydyr. “Türkmen halky saňa at diýmerin gardaş diýerin!” diýip, ahalteke bedewlerini ähli döwürlerde hem gadyrlapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda türkmen bedewleri dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilip, olaryň şöhraty has-da arşa galýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi, geçen ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisiniň geçirilmegi, şeýle hem geçen ýylyň 12-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçen maslahatyň dowamynda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bu bellenenleriň aýdyň güwäsidir. Dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp ahalteke atlarymyz bütin dünýäde ýurdumyza, halkymyza meşhurlyk getirýär. Mizemez genji-hazynamyza öwrülen, asyrlaryň dowamynda türkmeniň at-abraýyny mertebesini saklan milli atçylyk sungatymyz häzirki döwürde täze röwüşde galkynýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Biz özümize we öz güýjümize berk ynanýarys, bu ynam öz köklerini türkmen topragynyň berekedinden we sahylygyndan, dünýäni aňk ediji hadysany adam bilen atyň jana-jan dostlugyny döretmegiň hötdesinden gelen pederlerimiziň pähim- parasadyndan alyp gaýdýar” diýip bellemegi türkmen bedewiniň ähli döwürlerde halkymyzyň durmuşynda eýelän möhüm ornuny açyp görkezýär. Şonuň netijesinde hem bedew mertebesi belent tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň özüniň dünýä edebiýatynyň gymmatly eserlerine öwrülen işleriniň birnäçesini behişdi bedewlerimize bagyşlady. “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly çuňňur manyly eserler her bir okyjynyň, çapyksuwaryň, seýsiň, umuman, atşynaslaryň, alym-professorlaryň ýankitabyna, gymmatly gollanmasyna öwrüldi. Bu eserler türkmen bedewleriniň şöhratly ýollaryny, taryhyny, gelip çykyşyny, dünýä ýüzündäki belent şöhratyny wasp edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatik we gimnastik tilsimleri, olaryň bedewlere ussatlyk bilen erk etmekleri, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy.
Bedew batly ösüşlerimiz hem-de gazanýan uly üstünliklerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 17-26-njy ýanwary aralygynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy belent ösüşlerimizi has-da dabaralandyryp, şanly ýylymyza aýratyn ýakym çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen bu toparyň halkara derejesinde gazanan uly üstünligi mynasybetli 1-nji fewralda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde dabaralar geçirildi. Uly ruhubelentlige beslenen dabaralaryň barşynda Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli sirk sungatynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Mälim bolşy ýaly halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan toparyň gazanan halkara üstünligi hormatly Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Çünki 1974-nji ýylda esaslandyrylan bu festiwal dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biridir. Ol her ýyl Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýär. Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, tutuş dünýäde zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu giň gerimli çäre sirk sungatyny ösdürmäge, dürli ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Festiwal Monte Karlonyň merkezinde gurnalýan ýörite sirk çadyrynda geçirilýär. Artistler sirk sungatynyň dürli žanrlarynda çykyş edýärler. Ýurdumyzyň meşhur toparynyň şeýle abraýly halkara ýaryşa çagyrylmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini görkezdi. Hususan-da, halkara sirk festiwalynda “Galkynyş” toparynyň “Türkmen milli at üstündäki oýunlary” diýen çykyşy ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Üýtgeşik hem-de batyrgaý, töwekgelçilikli tilsimlerden ybarat bolan täsin tomaşa tomaşaçylary haýrana goýup, owadanlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi ahalteke atlarymyzyň ýyndamlygy we çeýeligi sirk sungatynyň muşdaklaryna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyşlady. Bir söz bilen aýdanyňda, dünýä belli “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny belent ýeňiş bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeltmegi behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylyk we sirk sungatyny ösdürmek babatda başyny başlan asylly işleriniň ýene bir ajaýyp miwesi bolup dünýä dolýar. Şu pursatdan peýdalanyp bize ylym öwrenmäge, okamaga, döretmäge döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň halkara bileleşiginde giňden goldanylyp, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Latest News

19/02/2025
Ýatdan çykmajak pursatlar
18/02/2025
Ähli sada zatlar — hemişe beýik