Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / TÜRKI DÜNÝÄNIŇ ILKINJI AKYLLY ŞÄHERI
    TÜRKI DÜNÝÄNIŇ ILKINJI AKYLLY ŞÄHERI surady
    06/07/2023

    1213

    TÜRKI DÜNÝÄNIŇ ILKINJI AKYLLY ŞÄHERI

    Ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
    Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Täze şäheriň taslamasy taýýarlanyp, düýbi tutulan pursadyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklaýar.
    Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Ýakynda, 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şonda şäheriň edaralaryna we guramalaryna dürli görnüşli awtoulag serişdeleri, şol sanda elektromobiller sowgat berildi.
    Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimizi dabaralara gatnaşýan Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu mähirli mübäreklediler.
    Bu taryhy waka mynasybetli döwlet Baştutanymyza täze “TOGG” kysymly elektromobilleriň ikisiniň açarlary gowşurylýar. Bu elektromobiller Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berildi. Türkiýede öndürilen ekologik taýdan arassa ulaglaryň ak reňklidigi bellärliklidir.
    Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, myhmanlar gözelligiň we amatlylygyň täzeçil hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşýan, şol sanda ulag ulgamyna ornaşdyrylan sanly ulgamlary özünde jemleýän “akylly” Arkadag şäheriniň kaşaňlygy babatda haýran galdyrýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýede öndürilen elektromobilleriň bu şäheriň ekologik talaplaryna doly laýyk gelýändigi bellenildi.
    TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew Türki medeniýetiň halkara guramasynyň “XXI asyryň şäheri” atly ýörite şahadatnamasyny gowşurdy. Şeýle hem Arkadag şäheri “Türki dünýäniň ilkinji akylly şäheri” atly şahadatnama mynasyp boldy. Ony Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gowşurdy. GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow “Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy” assosiasiýasynyň şäher gurluşynda “akylly” şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi üçin diplomy gowşurdy.
    Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji Arkadag şäheri taslamasynyň türki dünýäde şäherçilik ýörite nyşanyna mynasyp hasaplanandygy baradaky şahadatnamany; BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Siýong Zou Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň gün tertibiniň inklýuziw we durnukly senagat ösüşine (ISID) gönükdirilen dördünji senagat öwrülişiginiň (4IR) sanly tilsimatlaryny ulanmak arkaly “akylly” şäheri gurmak babatda goşandy üçin Minnetdarlyk güwänamasyny gowşurdy.
    Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
    Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň açylmagy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan we täze özgertmeler eýýamynda mynasyp dowam etdirilýän, döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, eziz Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän Türkmenistanyň şöhratly taryhynda ýene-de bir aýdyň sahypany alamatlandyrdy.

    Ýusup MAŞADOW
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI