18/12/2025
60
TÄZE ÝYLYŇ ŞANYNA EZIZ DIÝARYMYZ TOÝ LYBASYNA BESLENDI
Ynsan hemişe täzeligiň gözleginde, täze zatlaryň küýseginde. Täzelenişiň bar ýerinde bolsa ösüş bar, özgeriş bar. Halkymyzda täze dogan Aýyň ýüze sylynmagy, oňa seredip, ýagşy doga-dilegleriň edilmegi hem munuň şeýledigini görkezýär. Bu täze ýyl babatda-da şeýle. Täze ýyl — täze umytlaryň, ak arzuwlaryň, päk niýetleriň baýramy. Bu baýram ýakynlaşdygyça ählimiziň ýüreklerimizde adatdakydan üýtgeşik joşgun, täsin tolgunma duýgulary peýda bolýar. Öý-ojaklarymyzda söýgüli baýramymyz bolan Täze ýylyň taýýarlygy, süýji başagaýlyklar, hysyrdylar başlanýar. Täze ýyl arçasy bezelýär, körpeler Aýazbaba öz isleg-arzuwlaryny beýan edip hat ýazýarlar, ynsanlar birek-biregi begendirmek üçin sowgat almagyň kül-külüne düşýärler.
Arzyly baýrama döwlet derejesinde hem ýokary taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň ähli şäherleridir obalary baýramçylyk lybasyna beslenýär, ilatyň bu baýramy bolçulykda, abadançylykda, bir saçagyň başyna jem bolup, agzybirlikde bellemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 15-nji dekabrda Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Baş Täze ýyl arçasynyň, şeýle-de Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde oturdylan Täze ýyl arçalarynyň uly şatlyk-şowhuna beslenip, yşyklandyrylmagy hem ýakymly baýramyň özboluşly badalgasyna öwrüldi.
Bilşimiz ýaly, ýene-de sanlyja günlerden hoşlaşyljak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem möhüm ähmiýetli wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy. Aýazbabadyr Garpamygyň ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmazdan ozal, döwrebaplaşdyrylan Bitaraplyk binasyna baryp, ak kepderileri asmana uçurmaklary hem ýurdumyzyň parahatçylygyň, asudalygyň we abadançylygyň Watanydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.
Täze, 2026-njy ýylyň bosagasynda guralan dabaralarda ýaňlanan bagtyýar çagalaryň joşgunly aýdym-sazlarynyň hem tassyklaýşy ýaly, häzirki döwürde eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda joşgunly toý-baýramlaryň, şanly seneleriň, bagtyýarlyga beslenen ýyllaryň mekanyna öwrüldi.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti, 18.12.2025ý. //