22/07/2023
627
TÄZE MÜMKINÇILIKLERIŇ ŞÄHERI
Ösen döwletler nämeleri bilen tanalýar? Elbetde, şäherleri bilen. Şäherleriň binagärlik keşbinde, şähergurluşyk düzüminde, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilen mümkinçiliklerinde ýurduň ykdysady kuwwaty şöhlelenýär. Türkmenistan Watanymyz hem Arkadag şäheriniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen durmuş-ykdysady ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen we yzygiderli üns goldaw bermeginde ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlipdi. Gysga döwrüň içinde täze şäher kemala gelip, örän owadan keşbe eýe boldy. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenildi. Bu tejribäniň Türkmenistanda ilkinji gezek durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi täze şäheriň ýurdumyzyň taryhy ösüşinde täze döwre ýol açjakdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Galyberse-de, Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagy we degişli güwänamanyň gowşurylmagy, şeýle hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Futbol assosasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) baştutany Janni Infantino bilen geçirilen duşuşygynda Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini gurmak barada ylalaşylmagy bu şäheriň bütin dünýäniň üns merkezinde durandygyny tassyklaýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň 16-njy iýuny hem ýurdumyz üçin möhüm seneleriň birine öwrüldi. Şol gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu dabara berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalyna öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş dikeldiş merkeziniň maslahatlar zalynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göç- me mejlisinde belleýşi ýaly, Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Arkadag şäheri iki tapgyrdan ybarat bolup, häzirki wagtda onuň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda ýokary derejede we guramaçylykly geçiriler. Bu güne halkymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän Arkadag şäheriniň açylmagy Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylar. Mälim bolşy ýaly, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga bina edildi. Şolaryň arasynda iki we köp gatly, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş hem-de medeni maksatly binalar, sport desgalary, inženerçilik ulgamlary bar. Täze şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa «akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy. Täze şäheriň ekologik taýdan arassa bolmagy üçin köp işler amala aşyryldy. Onuň daşky gurşaw, tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur çäreler görüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak patasy bilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi. Şonuň bilen birlikde, täze şäherde hereket etjek edara-kärhana- lara we gulluklara ekologik talaplara doly laýyk gelýän döwrebap ulaglar, ýagny elektrobuslar, elektromobiller, jemagat ulaglary, ýöriteleşdirilen gul- luk ulaglary sowgat edildi. Arkadag şäheri döwrebaplygyň, ösüşiň we täze mümkinçilikleriň şäheri. Ol Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan we halkymyz hakynda edýän aladalaryndan kemal tapan şäher. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar hem-de özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär. Şonuň esasynda hem türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy barha rowaçlanýar. Türkmençilik ýörelgelerinde adamyň sahawatlylygy, elirtiň açyklygy bilen onuň il içindäki abraýy kesgitlenýär. Çünki özüňden artykmajyny gerekli adamlara berip, olary begendirmegiň özi hem döwletlilik hasap edilýär. Şunuň bilen baglylykda halkymyzda şeýle aýtgy hem bar: «Ýaradan maňa eçilse, menem mätäje berip, begendirsem». Ata-babalarymyzyň sahawatlylyk ýolunyň durmuşa kemsiz ornaşandygyny şunuň özi hem görkezýär. Umuman aýdylanda, dünýäde sahawatlylygy goldaýan ynsanlar jemlenip, gör, näçe adamynyň doly derejeli durmuşa gaýdyp gelmegi üpjün edilýär. Bu ýöne bir sanlar bilen ölçertilýän baýlyk bolman, ol adamyň diýseň çylşyrymly hem-de näzik synasy bolan ýüregindäki begenji, bagt hakyndaky ynamy bilen hakykatdan hem beýik hem-de sahawatly işe öwrülýär. Ýagşylyk etmek, alkyş almak islegi bolsa tebigydyr. Haýyr sahawat etmek türkmençilik ýörelgelerinde adamkärçilik bilen baglanyşyklylykda esasy orunda bolupdyr. Ejize hossarlyk, sahawatlylyk etmek Muhammet Pygamberiň: «Siziň birden-biriňiz mylakatlylyk edip, ýetimiň başyny sypasaňyz, Allatagala onuň saçynyň tarynyň sanyna görä, size serpaý berer» diýen sözleriniň gym matyny açýar. Türkmen halkynda bu taglym: «Eger ýetime hemaýat etmäge gurbuň çatmasa, iň bolmanda onuň mähir bilen başyny sypa» diýen görnüşde has köp ýaýrapdyr. Ata-babalarymyz ýetime hossarlyk, näsaga kömek eden adamyň iki dünýesi hem abat bolar diýen ynama berk eýeripdirler. Muhammet Pygamberiň ömri baradaky ýazgylarda ene-atasyndan ir mahrum bolandygy beýan edilýär. Pygamberimiz bize rehimdarlygy, mylakatlylygy iş ýüzünde ýüze çykarmagy buýurýar, şeýle amalyň iň ýokary derejesi bolsa, ýe- timler hakyndaky aladadyr. Hassa duýgudaşlyk etmegiň mö- hüm kada bolmagy halkymyzyň: «Hassanyň halyny soramaga barýan adamyň her ädimine, her alýan demine sogap ýazylýar» diýýän pähimli sözlerinden gelip çykýar. Howandarlyga mätäç adamlaryň mahal-mahal ýanyna barmak bilen, olaryň ýüreginiň gussa baglamagyna ýol berilmeýär. Şu edähetler türkmençilikde nesilden-nesle geçip dowam edýär. Döwletimiziň amala aşyrýan durmuş syýasaty şol milli ýörelgeleriň rowaçlanmagyna ug- rukdyryjy täsiri bilen hem häsiýetlen- diriiip bilner. Çünki durmuşyň gymmaty saglykdadyr. Saglygy goramak işi şol gymmatlygy doly göwrümde döretmäge ukyply bolanda, öňde goýlan maksat amala aşýar. Saglygyny dikeltmäge mümkinçilik berýän operasiýalaryň dürli gömüşleri dogabitdi näsag çagalaryň durmuşa gaýdyp gelmegine sebäp bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň serişdeleri hut şu maksatlar bilen baglylykda köp çagalaryň we maşgalalaryň ykbalyna düýpli täsir edýär.
Saparmyrat HOLLAÝEW
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI