Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
        • The Turkmen Delegation Participated in “Margalla Dialogue 2025” in Islamabad
      • Ambassadors' lectures
        • TRAINING SESSION HELD BY AN AMBASSADOR EXTRAORDINARY AND PLENIPOTENTIARY OF MALAYSIA TO TURKMENISTAN
        • BILATERAL COOPERATION IS BEING STRENGTHENED
      • International days
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
        • A SESSION WITH MEMBERS OF THE SCHOOL OF YOUNG DIPLOMATS WAS HELD
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Visits / Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat
    Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat
    Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat
    Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat
    Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat
    Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat
    Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat
    30/10/2024

    836

    Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat

    Häzirki wagtda köptaraplaýyn halkara gatnaşyklary berkitmegiň syýasy-diplomatik usuly hökmünde suw diplomatiýasyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri: suwdan durnukly peýdalanmak meselesinde paradigmalaryň üýtgemegi» atly sebitleýin maslahatyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
    Maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili we Halkara Demirgazyk uniwersiteti tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar meseleleri boýunça Agentligi hem-de «UzReportTV» habar gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Bu foruma Ýewropa Bileleşiginden, sebitleýin guramalardan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, şol sanda türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan hem wekiller gatnaşdylar. Şeýle hem gatnaşyjylaryň arasynda talyplar, ýaşlar we raýat jemgyýetiniň guramalarynyň hünärmenleri, alymlar, syýasatçylar, habar beriş serişdeleriniň hem-de syýasy edaralaryň wekilleri bar.
    Sebitleýin maslahatyň resmi açylyş dabarasy Daşkent şäheriniň Ýaşlar döredijilik köşgünde geçirilip, umumy mejlisde ýokary derejeli wekilleriň çykyşlaryna orun berildi. Çykyşlarda deňlik we umumy bähbitlilik ýörelgelerine eýerýän dostlukly döwletleriň suw diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, bu babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmagyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi aýratyn nygtaldy.
    Umumy mejlisden soň, forum öz işini «Merkezi Aziýada suw krizisini çözmek: ýaşlar näme edip biler?» diýlip atlandyrylan bölümçede dowam etdi. Halkara Demirgazyk uniwersitetinde geçirilen ikinji bölümçede sebitiň ýaş liderleri özara pikir alyşdylar. ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleriniň maslahaty ýaşlary sebit hyzmatdaşlygyna işjeň çekmäge we «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» gün tertibiniň, esasanam, suw meselesi boýunça çözgütleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga oňyn mümkinçilik döredýär. Oňa gatnaşyjylar bilelikdäki çemeleşmeleri ulanmagyň netijelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

    Begmyrat ATAÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy,
    maslahata gatnaşyjy.
    Aşgabat ― Daşkent.

    Latest News

    The Turkmen Delegation Participated in “Margalla Dialogue 2025” in Islamabad surady

    22/11/2025

    The Turkmen Delegation Participated in “Margalla Dialogue 2025” in Islamabad
    A TRAINING SEMINAR ON "THE EUROPEAN UNION - CENTRAL ASIA" WAS HELD IN ASTANA surady

    19/11/2025

    A TRAINING SEMINAR ON "THE EUROPEAN UNION - CENTRAL ASIA" WAS HELD IN ASTANA
    Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития surady

    13/06/2025

    Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI