21/09/2026
39
SPORT — PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen taryhy umumy okuw sapagynda: «Sporty söýüň! Sport seni diňe bir beden taýdan kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, seniň dünýägaraýşyňy hem giňeldýär. Sport — bu güýç-gaýratyň, gözelligiň we saglygyň gözbaşydyr» diýip, jaýdar belledi. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle pähim-paýhasa ýugrulan öwüt-ündewlerinden ruhlanýan türkmen ýaşlary bu günki gün dürli halkara sport olimpiadalarydyr bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesini barha belende galdyrýarlar.
Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklarynda öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy. Şunda ýaşlaryň arasynda halkara dialogyň ilerledilmegine aýratyn üns berilýär. Sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň mekany hasaplanylýan ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sport bäsleşikleridir olimpiadalar hem dünýäniň dürli milletlerinden ýaş wekilleri bir supranyň başyna jem eýlemekde, olary dostlaşdyrmakda, ysnyşdyrmakda, şeýlelikde, parahatçylykly dialogy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanyldy. Häzirki wagtda döwletimiz Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, onuň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy, ýurtlardyr halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 87 döwletiň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýene-de maglumatlara ýüzlensek, Türkmenistanyň başlangyçlary bilen her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, şeýle hem 2022-nji ýylda Milletler Bileleşiginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sport diplomatiýasyna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Kuraş boýunça dünýä çempionaty, tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligi, hokkeý boýunça halkara ýaryşy ýaly iri sport çäreleri geçirildi.
Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, özara tejribe alşylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu okuw maslahaty türkmen hünärmenleriniň täze bilimleri özleşdirmekleri, tejribelerini artdyrmaklary üçin ähmiýetli meýdança boldy. «Arkadag» futbol topary türkmen futbolunyň abraý-mertebesini halkara giňişliginde belende galdyrmakda ýokary netijeler gazanýar.
Şanly ýylymyzyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalara eýe boldy. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Daşkent şäherinde geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşda we «Gündogaryň merjeni» gözellik bäsleşiginde, Kazanda, Stambul şäherinde geçirilen halkara ýaryşlarda ýokary netijeler gazandy. Ýakynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň arasynda atly sport boýunça dünýä çempionatynyň we gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi-de sport diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde atly sportyň ösdürilmegi babatda alnyp barylýan işleriň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
Goý, sport diplomatiýasyny barha ilerledip, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Çeşme: «Türkmen sporty» gazeti, 19.09.2026ý. //