852
Sogan önümçiligi: oňaýly şertler, giň mümkinçilikler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu pudaga häzirki zaman tejribeleri, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu işler türkmen halkynyň gadymdan gelýän daýhançylyk däpleri bilen üstünlikli utgaşdyrylýar. Ekilýän ekinleriň görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän mukdary yzygiderli artdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda möhüm möwsüm — ýazky ekiş dowam edýär. Şulary göz öňünde tutmak bilen, sogany ösdürip ýetişdirmegiň, ony eksport etmegiň amatly taraplary barada söhbet etmegi makul bildik.
Dünýäde sogan ýetişdirilişi
Ilki bilen, sogany ýetişdirmekde dünýä tejribesine ser salalyň! Statistiki maglumatlara görä, sogan atylmaýan nahar Ýer ýüzünde ýok diýen ýalydyr. Özi-de muny has köp mukdarda ulanýan, dermanlyk häsiýeti üçin barha kän sarp edýän ýurtlar yzygiderli köpelýär.
Esasan, üç reňkli sogan bar. Birinjisi — sary sogan. Onuň ekilýän meýdany has köp bolup, dünýä boýunça ekilýän soganyň 85 — 87 göterimini tutýar. Sary sogan, ylaýta-da, ABŞ-da, Ýewropada, Hytaýda, GDA ýurtlarynda, Afrikada we beýleki birnäçe ýerlerde ekilýär. Ikinjisi — gyzyl sogan. Deslapky maglumatlara görä, häzirki döwürde Ýer ýüzünde gyzyl soganyň ekilýän meýdany umumy meýdanyň 8 — 10 göterimine barabardyr. Gyzyl sogan, beýleki görnüşlere garanyňda, has ajydyr. Şol sebäpli hem ol ilatyň iňňän gür ýaşaýan yssy ýurtlarynda köp iýilýär. Çünki keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde, immuniteti ýokarlandyrmakda onuň peýdaly täsiri uludyr. Mundan ötri, Hindistan, Pakistan, Bangladeş, Nepal, Şri-Lanka ýaly has yssy, tropiki guşaklykda ýerleşýän ýurtlarda gyzyl sogana hyrydar köpdür. Üçünji görnüşi ak sogan bolup, onuň dünýä boýunça mukdary ortaça 5 göterimdir. Ak sogan naharda reňkiniň ýoklugy, esasan-da, gyzyl hem-de sary sogana garanyňda, ajysynyň azlygy bilen tapawutlanýar. Ak sogan, ylaýta-da, arap ýurtlarynda has köp sarp edilýär. Häzirki wagtda dünýä boýunça her ýyl 100 million tonnadan gowrak sogan hasyly ýygnalýar.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) berýän maglumatyna görä, dünýäniň 175-den gowrak ýurdunda sogan ekilýär. Munuň özi, bugdaý ekýän ýurtlara garanyňda, iki esse köpdür. Hususan-da, Hindistan, Hytaý, ABŞ, Müsür, Türkiýe, Pakistan, Eýran, Bangladeş, Sudan, Indoneziýa iň köp sogan ekilýän ýurtlardyr. Yzygiderli artýan islegden hem-de dünýä bazarynyň bahalaryndan ugur alyp, ekinleriň köp görnüşlerini, şol sanda sogany ekýän ýa-da ozalky ekilýän ýer möçberini giňeldýän ýurtlar barha köpelýär.
Dünýä bazaryndaky söwda
Sogan ekmekde Hindistanyň we Hytaýyň ilkinji orunlarda bolmagy ählumumy azyk howpsuzlygy hem-de azyk garaşsyzlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ýurtlaryň hersi 1,4 milliarddan gowrak ilatynyň zerurlygy üçin sogany ekip, ondan bol hasyl alýar. Üstesine, olar diňe bir içerki bazarlary bilen çäklenmän, sogany uly mukdarda goňşy ýurtlara-da eksport edýärler. Şeýlelikde, bu iki döwlet eksport boýunça dünýäde Niderlandlardan soň, degişlilikde, 2-nji we 3-nji orunlary eýeleýär.
Bize goňşy we ýakyn ýurtlar bolan Eýranda, Özbegistanda, Türkiýede, Pakistanda, Russiýada hem sogan önümçiligi bireýýämden bäri senagatlaşan pudak hökmünde bellidir.
Hytaý deňiz üsti bilen Wýetnam we Ýaponiýa ýaly ýurtlara sogany uly mukdarda eksport edýär. Hindistan bolsa Bangladeşe, Malaýziýa, Şri-Lanka we Birleşen Arap Emirliklerine düýp soganyň eksportyny amala aşyrýar.
ABŞ-da bu önümiň özüne düşýän gymmaty ýokary. Bu jähetden, logistika çykdajylary hem üstüne goşulsa, ýurduň demirgazyk böleginde bitýän hasyly goňşy Kanada eksport edip, günortadan bolsa import etmek ykdysady taýdan bähbitli bolýar. Hut şol sebäpden ABŞ dünýäde her ýyl 540 million amerikan dollaryna barabar bolan sogany import edýän ýurt hökmünde bellidir. Bu ýurt soganyň esasy bölegini Meksikadan, galan bölegini, möwsümine baglylykda, Perudan, Çiliden, Hytaýdan we beýleki döwletlerden import edýär.
Oba hojalyk önümlerini öndürmekde, eksport etmekde hem-de beýleki ýurtlardan şeýle önümlere hasyl möwsümi mahaly satyn alyp, olary ammarlarda, sowadyjylarda uzak wagtlap saklap, täzeden kiçi gaplara gaplap eksport etmekde Niderlandlar baý tejribesi bilen bellidir. Niderlandlaryň dünýä belli tohumçylyk we oba hojalyk kompaniýalary bu ugurda uly işleri amala aşyrýarlar. Atlantik ummanyna çykalgasynyň bolmagy we Ýewropada ýerleşmegi, ýurtda gök önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň köplügi, beýleki yklymlardaky bazarlardan günübirin habarly bolmagy, şeýle hem arzan sogan öndürýän ýurtlar we olaryň möwsümleri barada anyk maglumatlary bilýändikleri, zerur bolanda ýekeje sagat gijikdirmän, şeýle işe girişýändikleri, galyberse-de, sogany import ediji ýurtlaryň talaplaryny doly özleşdirendikleri Niderlandlaryň bu ugurda iň uly eksport ediji bolmagynyň esasyny düzýän zatlardyr.
Ekiniň bähbitli taraplary
Maglumatlardan görnüşi ýaly, dünýäde sogana bolan isleg hem, bu ekinden alynýan hasylyň mukdary hem gitdigiçe artmak bilen. Şulary göz öňünde tutsak, Türkmenistanyň sogany ösdürip ýetişdirmekde we ony eksport etmekde örän uly mümkinçilige eýedigi bellärliklidir. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçileriň döwlet salgydyndan boşadylmagy, döwlet tarapyndan berilýän beýleki köptaraplaýyn goldawlar, bu ekin üçin amatly howa we toprak şertlerimiziň bolmagy şeýle diýmäge esas berýär. Geçirilen seljermeler hem ýurdumyzyň sogan eksportynda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşulyp bilmek mümkinçiliginiň uludygyna şaýatlyk edýär.
Sogan örän hasylly, özüne düşýän gymmaty arzan önüm hökmünde bellidir. Hut şoňa görä-de, ol arzan ulaglarda daşalmasa, ýol harajadynyň harydyň öz bahasyndan gymmat düşýän wagtlary-da bolýar. Bir artykmaçlygy — ol «ýetmeziniň» üstüni derrew ýapýar, sebäbi hasyly howa şertlerine durnukly bolup, aňsat-aňsat zaýalanmaýar. Hasyly goňşy ýurtlara we sebitiň beýleki golaý döwletlerine satmakda amatly mümkinçiligiň bolmagy hem ýurdumyzda sogan önümçiliginiň bähbitli taraplarynyň ýene-de biridir.
Türkmenistan çürt-kesik kontinental klimat guşaklygynda ýerleşýär. Munuň özi sogan önümçiligi üçin örän amatlydyr. Şeýle şertlerde ýurdumyzda sogandan ýylda iki gezek hasyl alyp bolýar. Sogan ýaz we güýz aýlary ekilýär. Güýzküsi awgust aýynyň ahyrynda — sentýabr aýynyň başynda howa şertlerine baglylykda ekilip başlanýar we ekiş oktýabr aýynyň ahyryna, noýabr aýynyň başyna çenli dowam edýär. Şu ýerde bu ekini ekmegiň daýhan üçin onçakly gymmat düşmeýändigini ýatlamak gerek. Tohum takyk ekiji enjamlar bilen ekilse, her gektara munuň 6-7 kilogramy ýeterlik. Diýmek, ekiniň özüne düşýän gymmaty ujypsyzdyr.
Eksport etmekdäki mümkinçilikler
Türkmenistan bu önümçilikde soganyň özüne düşýän gymmaty boýunça dünýäniň iň arzan ýurtlarynyň hatarynda durýar: 1 tonna soganyň özüne düşýän gymmaty 30 — 40 amerikan dollaryndan geçmeýär. Şunda iň esasy talap, möhletinden gijikdirilmän ekilip, agrotehnikanyň kadalary dürs berjaý edilse, idegi we mineral dökünleri ýeten sogan aprel aýynyň ortalarynda eýýäm ýygyma taýýar bolup başlaýar. Bu bolsa heniz gyşdan hem çykmadyk demirgazyk goňşularymyz bolan Gazagystan, Russiýa, Belarus ýaly ýurtlara irki sogany eksport etmäge mümkinçiligi has-da artdyrýar. Ýazyň ortalarynda alynýan irki soganyň gabygy bir gat bolup, ammarda saklamaga amatsyzdyr. Diýmek, hut şol wagtda irki sogany ady agzalan ýurtlara eksport etmek bähbitli. Aprel we maý aýlarynda howanyň onçakly gyzyp ýetişmeýändigini nazara alsak, sogany nowasy örtgüli ulagda eksport edip bolýar. Ýene-de bir bellenilmeli zat: irki soganyň Russiýa, has takygy, bu ýurduň demirgazyk sebitlerine eksportyny hatda iýul aýlarynyň başlaryna çenli dowam etmek mümkin. Ýöne munuň üçin maý aýynyň ahyrlaryndan soň sogany sowadyjyly ulaglarda we wagonlarda ugratmaly bolýar.
Gyşyň ahyrynda we ýazyň başynda ekilip, ýaz we tomus aýlarynda idegi ýeten soganyň gabygy, sortuna baglylykda, 2-3, hatda 4-5 gat bolýar. Ol uzak wagt saklamak üçin amatly we gyşda iýmek üçin hem ýaramlydyr. Ýene bir bähbit: güýz soganlary günortada Pakistan, Hindistan, Şri-Lanka, Bangladeş ýaly, musson ýagyşlaryndan soň, sogana zerurlygy bolan ýurtlara eksport etmek üçin uly mümkinçilikdir, ýöne şunda ol ýurtlarda gyzyl sogana islegiň uludygyny hem unutmaly däl. Mahlasy, soganyň ýazky hasylyny demirgazyk ýurtlara, güýzküsini günorta we Okeaniýa ýurtlaryna eksport etmekde ýurdumyzda diýseň amatly mümkinçilikler bar.
Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Mäne-Çäçe düzlüginde, şeýle-de Mary welaýatynyň Hanhowuz ýaýlasynyň düzlüginde gyzyl sogany ösdürip ýetişdirýän ussat daýhanlar bar. Ak sogany ekmekde daşoguzly daýhanlar uly ussatlyk görkezýärler. Sary sogany ýetişdirmekde Ahal welaýatynyň Bäherden we Ak bugdaý etrabynyň daýhanlarynyň, şeýle-de lebaply zähmetkeşleriň toplan tejribeleri ýurdumyzda bu ekinden bol hasyl alyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Has takygy, türkmen topragynda bir gektar sogandan ortaça 50 — 55 tonna hasyl almak bolýar. Şunda daýhançylyga ýaňy başlan ýer eýesiniň bir gektar ýerden 30 tonna, bu ugurda ussat kärendeçiniň 50 — 55, baý tejribe toplap, kämillige ýeten daýhanyň bolsa 70 — 80 tonna hasyl alýandygyny göz öňünde tutsak, bu bize ýurt boýunça her gektardan ortaça 50 — 55 tonna sogan öndürip bolar diýmäge esas berýär.
Diýmek, dünýädäki zerurlykdan we ýurdumyzdaky mümkinçiliklerden ugur alnyp, sogan ekilýän meýdanlaryň köpeldilmegini maksadalaýyk hasaplap bolar. Çünki soganyň her tonnasynyň özüne düşýän gymmatynyň 30 — 40 amerikan dollaryna deňdigini belläpdik. Onuň bir tonnasyny 130 — 140 amerikan dollaryndan eksport edip bolýar. Bir gektar ýerden 50 tonna hasyl alyp bolýandygyny göz öňünde tutsak, deslapky hasaplamalara görä, bir gektardan ýygnalan sogandan 5 müň amerikan dollaryna çenli girdeji gazanmak mümkin. Munuň özi sogan önümçiligini giňeltmegiň ählitaraplaýyn bähbitlidigine güwä geçýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden, ýer eýelerine berilýän ýeňilliklerden we döwlet goldawyndan ruhlanýan zähmetsöýer daýhanlarymyzyň bu wezipelere abraý bilen hötde geljekdigi ikuçsuzdyr.
Döwletgeldi BALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty, telekeçi.
Makala 30.03.2023 senesinde "Türkmenistan" gazetiniň 3-nji sahypasynda çap edildi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/99257
https://metbugat.gov.tm/newspaper?id=10027
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI