Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Seljuk beg
    Seljuk beg surady
    08/04/2024

    1664

    Seljuk beg

    (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).
    Seljuklar nesil şejeresini Oguz hanyň altynjy ogly Deňiz handan alyp gaýdýar. Neberä öz adyny beren Seljuk begdir. Alym Arkadagymyz dünýäniň ýüzünde ýetmişden gowrak döwlet guran türkmenleriň öz guran beýik döwletlerini öz baştutanlarynyň atlary, diýmek öz atlary bilen atlandyrmak däbini nygtap, muňa Oguzlar döwletini, Seljuklar döwletini, Osman döwletini mysal getirýär (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ömrümiň manysy. – A.:TDNG, 2022. – 335 s.).
    Seljuk adynyň aňladýan manysy barada dürli düşündirişler bar. L.Rasoni neberä adyny beren Seljugyň adynyň kiçi sil manysyny berýändigini ýazýar.
    Seljuk beg Orta Aziýada gyrgyzlar tarapyndan Buzdag diýlen Sildagynyň töwereginde doglandygy üçin adyny şol dag bilen bagly alan bolmagynyň mümkindigi çaklanýar. Salçug ady türki şiwelerde göreşiji, söweşiji manysy hem bardyr.
    Çeşmelerde seljuklaryň şejeresi şeýle berilýär:
    1. Keregüçi Hoja beg (VIII asyryň ahyry ?).
    2. Toksurmyş Ilçi beg.
    3. Lokman beg.
    4. Ärtogrul (Etrek) beg.
    5. Dukak beg (— 903).
    6. Seljuk beg (910?–990?=80?) (Öztuna Y. İslam devletleri. Devletler ve Hanedanlar. Cilt I. – Ankara, 1989. – 475 s.).
    «Demir ýaýly» lakamy bilen tanalan Seljuk beg Dukagyň ogly bolupdyr. Ýusup ibn Taňryberdi Dukak adynyň manysyny şeýle düşündirýär: «Gaýmaz Zehebi bilen «Mirat az-Zaman» eseriniň awtory onuň adyny «mim»-siz, ýagny «Dukak» ýaly alypdyrlar. Ýöne, biziň alşymyz (atlandyryşymyz) dogry bolaýmasa. Sebäbi biz mundan öň «Dukak» diýen adam adyna gabat gelmedik. Onsoňam, Seljuklylaryň beýik ata-babalarynyň biriniň ady-da Tokmakdyr. Ine, bu bolsa, onuň adynyň Tokmak bolmalydygyna anyk subutnamadyr (Ýusup ibn Taňryberdi Atabeg. Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar. (Arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow). – Aşgabat, 2002. III jilt. – 84 s.). Gürji taryhçysy N.N.Şengeliýa bu ady «Ýakak» görnüşinde berýär (Шенгелия Н.Н. Сельджуки и Грузия в XI веке. – Тб., 1968. (на груз.яз.). – С.377.). Taryhçy O.Aşyrow Dukak sözüniň manysynyň «Täze ýaý» diýmegi aňladýandygyny, onuň adynyň arapça manysynyň «täze ýaý» we «demir ýaý» ýaly berlendigini ýazýar. Ol oguzlaryň (patyşasy) hökümdary Beýgunyň goşunynda harby serkerdelik gullugyny ýerine ýetiripdir. Dukak yslam dinini kabul edensoň Dokuz teginiň gyzyna öýlenipdir.
    Seljuk beg oguzlaryň kynyk taýpasyndan bolup, Dukagyň ogludyr. Ol, takmynan, 900-nji ýylda dogulýar (türk alymy Ý.Öztuna onuň 885-nji ýylda doglandygyny çaklaýar. — Öztuna Y. İslam devletleri. Devletler ve Hanedanlar. Cilt I. – Ankara, 1989. – 475 s.). 17 ýaşynda Seljugyň kakasy aradan çykýar. Özüniň akyl-paýhaslylygy we çalasynlygy bilen ýokary harby emeldarlaryň ynamyny gazanypdyr. Ol ýaşynyň kiçiligine garamazdan, goşuny dolandyrmak we harby hereketleri alyp barmakda uly tejribe toplapdyr. Seljuk hökümdarynyň buýrugy bilen subaşy (Su gadymy türkmen sözi bolup, ol «goşun» diýen manyny berýär. «Subaşy» sözi «goşunbaşy, goşun serkerdesi» diýmekdir. — Muhammet Gaýmaz Türkmen. Taryhdaky yslam döwletleri. – A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2006. – 112 s.) diýen harby derejä eýe bolupdyr. Seljuk goşuna ýolbaşçylyk eden gününden başlap, öz töweregine maýda uruglary toplap ugrapdyr. Netijede, ol güýçli we uly oguz taýpasynyň baştutanyna öwrülipdir. Bu döwürde Seljugyň nebereleri Seýhun (Syrderýa) bilen Jeýhunyň (Amyderýa) aralygyndaky ýerlerde ýaşaýardylar. Syrderýanyň demirgazygyndaky giňişlige Oguz sährasy diýlipdir. Ýaňykent (W.W.Bartold ony oguz hökümdarlarynyň gyşky kabulhanasy hökmünde görkezýär — Бартольд В.В. Очерк истории туркменского народа. // Сочинения, том II, часть 1. – Москва, 1963, – С.560, 563), Garajyk, Saýram, Jent olaryň tabyn bolan Oguz ýabgu döwletiniň esasy şäherleridi. Gyzykly ýeri, S.P.Tolstow Ýaňykendiň asyl adynyň Nowkentdigini, olaryň IX asyrda guzlar, garlyklar, kimaklar bilen göreşen peçenegler, başgyrtlar, madýarlar bilen ýaranlyk gatnaşygynda bolandygyny, Nowgorod şäheriniň adynyň hem oguz köklerinden, ýagny Now – täze, kerd – şäher gelip çykandygyny ýazýar (Толстов С.П. Города гузов (историко-этнографические этюды) // Советская этнография. – №3. – 1947. – С.77.). Jent — Syrderýanyň Aral deňzine guýýan ýerinde, Gazagystanda ýerleşýär.
    Seljugyň mertebesiniň ýokary galmagy döwlet emeldarlaryny ynjalyksyzlandyrypdyr. Olar Ýabgunyň aýaly Hatunyň kömegi bilen Seljugy öldürmegiň kastyna çykypdyrlar. Ýabgunyň aýaly öz ärini ýaş, tejribeli goşun başlygyna garşy öjükdirmegiň hötdesinden gelipdir. Seljuk Ýabgudan bölünip aýrylypdyr we öz urugy hem-de yzyna eýerenler bilen bilelikde Mawerannahryň serhetýaka welaýaty bolan Jent düzlügine göçüp barypdyr. Şol wagt Seljugyň 1500 düýesi, 50 müň goýny we 100 sany atlydan ybarat bolan nökeri bolupdyr. Taryhy çeşmelerde oguzlaryň Ýaňykentden Jende gaýtmagy 50 ýyldan gowrak aratapawut bilen dürlüçe berilýär. Ý.Öztuna oguzlaryň Jende 915-nji ýylda, Ç.Uluçaý 930 — 935-nji ýyllarda göçendigini habar berýärler. Faruk Sümer bolsa Seljuk begiň 955-nji ýylda öz kowmy bilen birlikde Jent şäherine göç edendigini ýazýar. Emma çeşmeleriň aglabasynda Jende göçüşligiň 961-nji ýylda bolandygy aýdylýar.
    Rawendi Seljugyň Jende göçmeginiň sebäbini ýer darlygy we ot gytçylygy ýaly ykdysady sebäplere baglaýar (Râvendî, Muhammed b. Ali b. Süleyman. Râhat-üs-sudûr ve âyet-üs-sürûr, (çev. Ahmet Ateş), C. I, TTK yay., – Ankara. 1957. – 85 s.). Taryhçy O.Aşyrow hem taryhy nukdaýnazardan seredilende, seljuklaryň Jent düzlügine göçüp gelmeginiň ykdysady meseleler bilen baglanyşyklydygyny ýazýar. Çarwaçylyk bilen meşgullanan oguz kowumlaryna mal bakmak üçin öri meýdanlary ýetmezçilik edipdir. Bu bolsa, seljuk begleri bilen merkezi häkimiýetiň arasynda ýiti garşylygyň ýüze çykmagyna getiripdir. Bu ýagdaý seljuklaryň Mawerennahra aralaşmagyna sebäp bolupdyr.
    (Dowamy gazetiň indiki sanynda).
    Jumamyrat Gurbangeldiýew,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
    taryh ylymlarynyň kandidaty.
    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 8.04.2024 ý. // Seljuk beg

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI