Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi) / Şanly ýylymyza sowgat
    Şanly ýylymyza sowgat surady
    20/01/2024

    1359

    Şanly ýylymyza sowgat

    Belent maksatlar bilen gadam basan 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi beýik başlangyçlaryň dabaralanmasy boldy. Beýik filosof we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.
    Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk taglymaty we häzirki zamanyň möhüm meseleleri» atly ylmy makalalaryň ýygyndysy neşir edildi. Täze neşir Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde giňden dabaralandyryljak ýylynda diňe bir ylmy jemgyýetçilik däl, eýsem, ähli halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr.
    Üç bölümden ybarat bolan bu kitaba ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, alymlaryň ylmy makalalary, seljermeleri girizildi. Birinji bölümde ýerleşdirilen materiallarda Magtymgulynyň jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlary öwrenilýär, şahyryň döwrüniň wakalary seljerilýär, olar döredijilik eserlerinde şöhlelendirilýär. Ýygyndynyň ikinji bölüminde awtorlar öz makalalarynda şahyryň eseriniň filosofiki, terbiýeçilik-ahlak taýdan we ahlak kadalar taraplaryny açyp görkezýärler we derňeýärler. Üçünji bölümde alymlar we mugallymlar Magtymguly Pyragynyň adamzat üçin hakyky baýlygy we mirasy düzýän goşgularyny açyp görkezýärler.
    Häzirki wagtda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Bu möhüm çäräni halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde dabaralandyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatda beýik işlere badalga berip, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä derejesinde şöhratlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

    Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistikanyň
    nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.

    Çeşme: https://turkmengazet.com/2024/01/19/sanly-yylymyza-sowgat/

    Latest News

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI