
27/02/2025
136
SANLY YKDYSADYÝETIŇ ÝAŞLARYŇ DURMUŞYNA ORNAŞDYRYLMAGY
Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, döwletimiziň ösüşlerine goşant goşmaklary üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyndaky: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen sözleri häzirki wagtda ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetmeginde biz - ýaş nesle aýratyn bil baglanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýaş nesil üçin bilim edaralarynda internet merkezleriniň döredilmegi, maddy-enjamlaýyn binýady sanly bilimiň serişdeleri, elektron aragatnaşyk, öňdebaryjy tehnologiýalar we iş tejribeleri arkaly yzygiderli pugtalandyrylmagy dünýä standartlaryna laýyk gelýän tehnologiýalar bilen aýakdaş gitmegimizi üpjün edýär. Bilşimiz ýaly, sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredildi. Şeýle hem täze hyzmatlar, pudaklar peýda boldy. Döwrüň bu giň gerimli täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşmagy ýurdumyzyň ählumumy sanly giňişlige işjeň goşulmagyny, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär.
Bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek ileri tutulýar. Biziň ýurdumyz hem bu ugurda öňdebaryjy döwletleriň biri bolup çykyş edýär. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” bu ugurda milli derejede amala aşyrylýan işleriň hukuk binýadyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda biz ýaşlaryň saýlan hünärlerimiz boýunça alýan nazary bilimlerimizi we amaly endiklerimizi kämilleşdirmegimiz, bar bolan sanly tehnologiýalary özleşdirmegimiz, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglardyr tehnologik tejribeleri öwrenmegimiz üçin ähli mümkinçiliker döredilýär.
Döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýän, Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäherinde sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň çäginde ýokary okuw mekdepleriniň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda işlenilip düzülen bilim ulgamynyň sanly çözgütlerini, ýagny, mekdep, mugallym, ata-ene hem okuwçy üçin maglumatlary onlaýn usulda almaga mümkinçilik berýän mekdep ulgamyny, talyplaryň okuwa degişli maglumatlary özleşdirmeklerine ýardam edýän bilim portalyny, okuw maksatnamalaryna girizilen kitaplaryň ählisini bir ýerde jemleýän sanly kitaphana ulgamyny, onlaýn ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmäge mümkinçilik berýän “Zehin” atly sanly ulgamy girizmek bilen bagly işler durmuşa geçirildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň röwşen geljegi gurujylar bolan biz ýaşlara bildirilýän uly ynamyň aýdyň subutnamasydyr.
Güljan SERDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşaklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby