52
SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN YLMY – AMALY MASLAHAT
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan guralan “Türkmen halky gadymy ösüşleriň ulgamynda medeni gazananlary” atly ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň medeni mirasy, şöhratly taryhy, onuň öwrenilişi we geljek nesillere ýetirmek ugrunda häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary Bahar Hojagulyýewa “Gadymy Änew medeniýetiniň öwrenilişiniň taryhyndan”, Suraý Akmyradowa “Gaznaly türkmen döwletinde Seljuk türkmenleriniň hyzmatdaşlygynyň taryhy ähmiýeti” şeýle hem, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Şasenem Meýlisowa “Beýik Seljuk türkmen döwletinde ilçileri ýollamagyň taryhy ähmiýeti” atly temalar boýunça çykyş etdiler.
Şeýle maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi milli taryhymyzy içgin öwrenmäge, ony dünýä ýüzüne ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Aýgözel AMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.