
03/06/2025
167
SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA ÝAÝBAŇLANÝAR.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Adamlar üçin elýeterli bolan bu ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän peýdalydygy bilen ähli ýaşdaky watandaşlarymyzyň ünsüni çekýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara we sebitara sport guramalary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary esasynda yzygiderli giňeldilýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy, awtoulagsyz günüň geçirilmegi ýaly çäreler jemgyýetimiziň aňynda we durmuşynda sagdyn-durmuş ýörelgesiniň we ata-baba ynsanperwer däpleriň berk ornaşmagyna has-da ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň sport abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzyň sport ulgamynda gysga döwürde amala aşyrylýan işler, gazanylan ösüşler, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi we sportuň giňişleýin wagyz edilmegi dünýä nusgalykdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň welosipedde gezelenç edip, lezzet almak üçin welosiped medeniýetini döretmek we ösdürmek baradaky taglymaty ähli ýaşdaky raýatlary jebisleşdirdi. Bu bolsa dostanalyk syýasatyny ýöredýän hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň ýene-de bir ykrarnamasydyr.
Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti baryp 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmegiň başyny başlady. Häzirki wagtda bir asyrdan gowrak mundan öň ýola goýlan welosiped sportunyň däpleri täzeçe görnüşde durmuşa ornaşdyrylýar.
Häzirki döwürde welosiped ekologiýa ulagynyň nyşany bolup durýar. Ony adamzat eýýäm 200 ýyldan hem gowrak wagtdan bäri peýdalanyp gelýär, welosiped daşky gurşawy aýawly goramaga hem-de saglygy berkitmäge ýardam berýär. Iňlis ýazyjysy Gerbert Jorj Uells hem: «Haçan-da men welosiped sürýän uly ýaşly ynsany görsem, adamzadyň geljeginden arkaýyn» diýip belläpdir.
«Welosiped» latyn sözi bolup, «velox»- «çalt», «pedis»-«aýak» diýen sözleriň jeminden emele gelipdir. Adyndan belli bolşy ýaly, sportuň bu görnüşinde aýagyň dyz we daban bölekleri has köp işjeňlikde bolýar. Welosport bilen meşgullanmak adamyň gan aýlanşygynyň we öýkende amala aşýan dem alyş hadysasynyň has-da gowulanmagyna, dürli keselleriň döremek howpunyň azalmagyna öz täsirini ýetirýär. Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 1894- nji ýylda döredilýär. Bu jemgyýetiň welosipedçileriniň ilkinji ýaryşy 1895-nji ýylda geçirilipdir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edilýändigini tassyklaýan Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 6-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi eziz Diýarymyzyň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygynyň ykrarnamasy boldy.
Ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrülip, ýokary derejede alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, dünýä halklarynyň eşretli we ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen teklipleri bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak baradaky Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyz Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi.
Welosiped sportunda ajaýyp görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy has-da ýokarlanýar.
Welosiped sürmek ynsanlaryň bedeniniň berkemegine, çydamlylygyna, güýçli bolmagyna getirýär. Welosiped sürmek bilen meşgullanýanlar uzak ýaşaýarlar. Welosiped sürlende bedeniň we immunitetiň berkemegine uly mümkinçilikler döreýär.
Türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.