06/08/2024
680
Pyragy ilçi bolupmy?
Bu makalany ýazmak pikirine getiren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle-de «Türkmenistan» gazetiniň 2023-nji ýylyň 8-9-njy noýabryndaky sanlarynda çap edilen, Magtymguly Pyragynyň neslinden bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy Aba Işan, Nazarmämmet Muhammedi bilen taýýarlanan söhbetdeşlikde agzalan bir maglumat boldy. Ynha, şol maglumat: «Magtymguly ― Garry mollanyň üçünji ogly. Abdylla, Muhammetsapa Owganystana giden döwürleri ol ýaş ýigit eken. Şonuň üçin-de, oňa agalarynyň yzyndan gitmäge rugsat berilmändir. Käbir maglumatlaram bar: göýä, Magtymguly Owganystana barypdyr, Ahmet Dürrany bilen duşuşypdyr. Şol ýerde hem «Arşy aglaýa» goşgusyny okap beripdir. Pikir edip görüň, Magtymguly şol döwürde şalaryň öňünde goşgy okaýan bolsa, onda Eýran şasy huzuryna çagyranda hem giderdi! Ol Ahmet şanyň syýasatyny oňlany üçin, ony birek-biregi goldamaga çagyrany üçin, pikirini goşguda beýan edipdir...»
Magtymguly Pyragy bilen bagly, ýokarda agzalan waka baradaky rowaýaty maňa öň hem üç ýola ady belli şahsyýetlerimiziň özleriniň gürrüň bermeginde diňlemek nesip edipdi. Ony ilkinji gezek alym halypam Nazar Gullaýewden eşidipdim. Ikinji gezek alym agam Kakajan Durdyýewden diňläpdim. Bir zady belläp geçesimiz gelýär, ol hem atlary agzalan iki alym hem rowaýaty gürrüň berenlerinde, Mäti Kösäýewe salgylanypdylar. Mäti aga olary okadýan döwründe, sapagyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň «Oglum―Azadym» goşgusyny okap, şol rowaýaty hem gürrüň beripdir.
Ol rowaýaty üçünji gezek meşhur bagşymyz Gurt Ýakubow aýdanda diňläpdim. Bu waka şeýle bolupdy: 1980-nji ýyly garşylamaga taýýarlyk görülýän günlerde (Täze ýyl agşamyna 2-3 gün galypdy) şol wagtky paýtagtda okaýan ýerimden oba gyşky dynç alşa gelipdim. Sakarçäge etrabynyň merkezinde ýaşaýan tanşym Çary Amanyýazow adam iberip: «Ertir bagşy diňlemäge gelsin!» diýip, çakylyk ýollapdyr. Bellenilen wagt myhmançylyga bardym. Uzak garaşdyrman, Gurt Ýakubow bilen sazandasy hem geldi. Onuň sazandasyny görüp, örän begendim. Ol Amaş piriň neslinden Gadam ahunyň ogly Gurbanmyrat işandy. Biz onuň bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bir döwürde okapdyk. Ol ussat bagşy-sazandalar Amannazar Ataýewden, Ýazgeldi Kuwwadowdan, Dürnazar Hudaýberenowdan tälim alandy. Gurt bagşy ýygnananlar bilen gürrüňine: «Siz Magtymguly Pyragynyň ilçi hem dilmaç bolanyny eşidipmidiňiz?» diýen sowaldan başlady. Oturanlar eşitmändiklerini aýtdylar. Şonda ol, ine, şeýle gürrüň beripdi (Gurt Ýakubowyň şol gezek beren gürrüňleriniň ses ýazgysynyň asyl nusgasynyň bizde saklanýandygyny, ýeri gelende, aýdasymyz gelýär): «Rozy halypam bilen jezitçe (şol döwürde täze elipbiý) ýazylan bir rowaýat okadyk. Rowaýat şeýleräk başlanýardy: 1747-nji ýylda Nedir şanyň janyna kast edileninden soň, onuň goşunbaşylarynyň biri Ahmet Dürrany (Dürleriň düri lakamyny alan, owganlaryň abdyl tiresinden, 1747―1773 ýyllar aralygynda şa tagtynda oturan, Nedirgulynyň janyna kast edilmegine gatnaşan) Owganystana baryp, ol ýerde özbaşdak döwlet gurupdyr. Türkmenler maslahat edip, onuň bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin Çowdur hanyň ýolbaşçylygynda bir topary Owganystana ýollapdyrlar. Ýöne olar ýolda şehit bolupdyrlar. (Gurt bagşy gürrüňiniň arasynda Magtymgulynyň «Çowdur han üçin» diýen goşgusyndan iki setiri getirdi).
Ahmet patyşadan habar almaga,
Umyt etdi iller Çowdur han üçin.
Şehit bolanlaryň belli günleri geçensoň, türkmenler öňküdenem ulurak topary ibermeli diýen karara gelipdirler. Oňa Magtymguly Pyragy bilen ýakyn aragatnaşykda bolan, sylag-hormaty ýetik Ýazyrhan piri ýolbaşçy belläpdirler. Indi bulara ilçi hem dilmaç gerek bolupdyr. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin Magtymguly Pyraga ýüz tutupdyrlar. Ol: «Men garşy däl, ýöne pederim Döwletmämmet Azadydan rugsat, ak pata almazdan gidip bilmerin» diýipdir. Ol öýlerine baran badyna Döwletmämmet Azady oglunyň bir hyýala düşendigini aňyp, Magtymgula sowal bilen ýüzlenýär:
Azady:
― Paş eýle syryňy, saklama pynhan,
Emma ki, sözümden çykmagyl, oglum!
Günde ýüz köý geler-geçer bu başa,
Agyrtma köňlümi, ýykmagyl, oglum!
Magtymguly:
― Utanardym, syrym paş eýlemezdim,
Paş ederin, habar alsaň, Azadym!
Ýüz köý geler-geçer her gün bu başa,
Istäri bar, sapar kylsak, Azadym!
― Jepa urma özüň, çagyr Möwlany,
Arzuwlama hany, begi, soltany,
Besdir bize owwal Taňry bereni,
Aldyrma köňlüňi, gitmegil, oglum!
― Gidenmiz ýok alty bile, bäş bile,
Seýran etsek niçe deň-u-duş bile,
Meger şonda gamgyn köňlüm hoş bola,
Köňül galkar, karar etmez, Azadym!