10/10/2024
703
OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN PYRAGY!
Dünýä halklarynyň taryhynda öçmejek yz goýan beýik şahyrlar köp,
emma döredijiligi şol halkyň taryhyna, baý medeni-mirasyna,
gündelik durmuşyna we özboluşly däp-dessurlaryna ýugrulan
milli şahyry dünýä beren halklar az-azdyr.
Dana şahyrymyz bolan Magtymguly Pyragynyň jümmüşine göz ýetirip bolmajak döredijiligi çuňlugy bilen tapawutlanyp, onda diňe bir türkmen halkynyň ruhy däl, eýsem, bütin adamzat dünýäsi beýan edilýär. Onuň şygryýet älemi ruhy we dünýewi gymmatlyklary birleşdirip, ynsan kalbynyň gözelligini we içki dünýäsiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär. Pyragynyň pähim-paýhas ummany diňe bir türkmen edebiýatynyň genji-hazynasy bolman, eýsem, dünýä edebi mirasynyň hem ajaýyp nusgasydyr. Şahyr ýagşy arzuwlary kalbynda beslän, berkarar döwlet höweslän halkynyň umytlaryny ýiti duýgurlyk bilen beýan eden ägirtdir.
Dessanlarymyzdyr eposlarymyzy okanymyzda-da, nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň eserlerine, taryhyň sahypalaryna, nazar aýlanymyzda-da, il-halkyň geňeş edişi bilen baglanyşykly wakalara gabat gelmek bolýar. Ähli ýagşylyklaryň çaparyna öwrülen şahyryň poeziýasyndaky ýugrumy ýeten setirler dürdäne paýhaslara öwrülip, häzirki wagta çenli hal-klara dogry ýol-ýörelge bolup hyzmat edip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ündän ýörelgeleri türkmen jemgyýetinde hemişe-de berjaý edilipdir» diýlip bellenýär. Hakykatdan-da, bu günki gün Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan her bir setiri islendik ýaşdaky jemgyýetiň durmuşynda uly orun eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary we oňyn garaýyşlary ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç agzybirlige, jebislige eýerip, halkyň ähli jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, oňyn çözgüde ýetmegi ugrunda giňden maslahatlaşmagy üpjün edýär. Magtymgulynyň sözden gurlan ymarata deňelýän, dünýäniň genji-hazynasynyň iň gymmatly göwheri saýylýan şygryýeti geljege dowamat-dowamdyr. Dana pederimize goýulýan sarpany onuň şygyrlarynyň dünýäniň dürli dillerinde ýaňlanmagynda, yzygiderli guralýan ylmy-amaly maslahatlarda, hormatyna dikeldilýän heýkellerde görmek bolýar. TÜRKSOÝ-yň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi möhüm wakalaryň hataryndadyr.
Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň hem tutuş dünýäde ýylyň iri medeni-syýasy wakasyna öwrüljekdigi ikuçsuzdyr. Çünki daşary ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşjak bu forumy dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň, geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşmagyň meýdançasy bolup çykyş eder.
Syýasy senenamamyzyň möhüm bölegi bolan bu halkara foruma uly taýýarlyk görüldi. Şeýle ýokary guramaçylykly çäreleriň geçirilmeginiň, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ägirt uly sarpa goýulmagynyň baş sebäpleriniň biri-de, dana şahyrymyzyň setirleriniň aňyrsynda diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak babatdaky beýik pikirleriň barlygyndadyr. Bu halkara forum her bir halkyň kalbynda watansöýüjiligiň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasy bolup müdimi orun tutjakdygyna ynanýarys.
Magtymguly Pyragynyň sarpasyny Zeminiň ýüzünde belent derejelere götermek ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Täzegül KULJIKOWA,
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Çeşme: “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazeti – 10.10.2024 ý. // https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-25-108_4425