Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Ösüşlere beslenen döwür
    Ösüşlere beslenen döwür surady
    30/12/2023

    1071

    Ösüşlere beslenen döwür

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän uzak geljegi nazarlaýan özgertmeleri esasynda bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Elbetde, ine “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ady alan 2023-nji ýyl has-da üstünlikli we taryhy, şanly wakalardyr buýsançly üstünliklere baý döwürleriň biri boldy. Hususan-da döwletimizde ýaşlar bilen bagly alnyp barylýan işler netijesinde ýaşlarymyz üçin döredilýän ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ýylda bolup geçen taryhy senelerdir wakalar muňa doly şaýatlyk edýär.
    Bilşimiz ýaly, haýsydyr bir ýurduň geçmişini öwrenmek isleseň taryha ýüzlenersiň. Şu gününi biljek bolsaň, ol ýurduň syýasaty, ykdysadyýeti bilen tanyşarsyň. Şol ýurduň geljegini görmek isleseň, onuň ýaş neslini tanamak ýeterlikdir. Çünki her bir täze nesil öz ýurdunyň ösüşi, güýç-kuwwatydyr. Şonuň üçin-de ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli ählitaraplaýyn kämil edip ýetişdirmekde hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar.
    Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Amala aşyrylýan işleriň diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi guwandyryjydyr.
    Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleri ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrdy.
    Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy ýaşlaryň ykbalynda möhüm wakalaryň hataryndan orun aldy. Pederleriň parasadyny köňüllere nagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy hem beýik başlangyçlaryň binýadyny pugtalandyrdy, ýaşlaryň maglumat goruny baýlaşdyrdy. Milli Liderimiziň: «Men ýaşlar bilen söhbetdeş bolmagy gowy görýärin» diýmegi ýaşlaryň kalbyndaky ajaýyp duýgulary ganatlandyrdy.
    Täze, 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzda täze bilim edaralary, şol sanda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp ulanmaga berildi. Hünärmen, magistr we bakalawr maksatnamalary boýunça täze hünärler açylyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlarymyz okuwa kabul edildi. Munuň özi ösüşiň belent sepgitleriniň ylymly-bilimli, döwrebap dünýägaraýyşly nesiller bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.
    Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny goldaýan strategiýa «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen esasy maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri we esasy ugurlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlandy. Kanunyň 38-nji maddasy «Ýaşlara halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatda ýardam etmek», 54-nji maddasy «Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy» diýlip atlandyrylýar. Olara laýyklykda, döwlet ýaşlar syýasaty babatda, halkara tejribesini alyşmak hakynda halkara şertnamalaryny bellenilen tertipde baglaşmak we durmuşa geçirmek; halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çygrynda maglumat almakda, resminamalary işläp taýýarlamakda we hyzmatdaşlary seçip almakda halkara ýaşlar alyş-çalyşlarynyň guramaçylaryna we gatnaşyjylaryna kömek bermek; halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýän beýleki çäreleriň guralmagyna gatnaşmak arkaly halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna ýardam edýär. Şeýle-de döwlet Türkmenistanyň ýaşlarynyň we ýaşlar birleşikleriniň, daşary ýurt döwletleri hem-de halkara ýaşlar guramalary bilen ýaşlar syýasaty babatda, medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk, sport we beýleki çygyrlarda dostlukly we işewür gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, tejribe alşylmagyna ýardam edýän halkara ýaşlar iş saparlarynyň guralmagyna we çäreleriň geçirilmegine goldaw berýär.
    Mundan başga-da, ýurdumyzda daşary syýasat babatda birnäçe üstünli işler amala aşyryldy. Bilşimiz ýaly, baky Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde aýratyn abraýa eýe bolup durýar. Häzirki ýagdaýlar döwletleriň we halklaryň parahat, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ylalaşykly ýaşaýşyny pugtalandyrmakda, ählumumy wehimlere garşy göreşmek ugrunda dialog we hyzmatdaşlyk arkaly bilelikde hereket etmekde, geljek nesiller üçin has gowy, gapma-garşylyksyz durmuşy berkarar etmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen bu başlangyjyň wajypdygyny tassyklaýar. Türkmenistan diňe bir ýüze çykýan sebit hem-de halkara meseleleri çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam berýän, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän teklipleri öňe sürmek bilen çäklenmän, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda-da yzygiderli tagalla edýär.
    Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde arap dünýäsiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary amala aşyrmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen Abu-Dabide geçiren duşuşygynyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we taraplaryň däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Bu bolsa döwletimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli, dost-doganlykly syýasatynyň dünýä halklarynyň arasynda uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
    Aýratyn-da, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly ýurdumyz oňyn sebit we ählumumy prosesleriň işjeňleşmegine, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek üçin deňeçer çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn goşant goşmaga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 2-nji martynda döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Baku şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň geljekde hem dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.
    Türkmenistanyň beýleki abraýly halkara düzümler, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna hem okgunly ösüş häsiýeti mahsusdyr. 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçiren duşuşyklarynda umumy gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň has-da ösmegine we onuň abraýynyň artmagyna ýardam etdi.
    Mundan başga-da, ýurdumyzda hem birnäçe halkara çäreler geçirildi. Şanly senä bagyşlanyp, paýtagtymyzda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum hem-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen bu duşuşyklara gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň nyşany hem-de Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde uly ähmiýete eýediginiň ykrarnamasy boldy. Şeýlelikde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan abraýly halkara guramalar, sebit we dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny meýilnamalaýyn esasda durmuşa geçirmek bilen, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny umumadamzat abadançylygynyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar.
    Ine, bu taryhy wakalara we baýramçylyklara baý sene – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu döwürde gazanylan taryhy üstünlikler, ýetilen sepgitler baky Bitarap Türkmenistany mundan beýläkde ösdürmekde uly orun eýeledi. Munuň gözbaşynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli içeri we daşary syýasatynyň ýatandygy bellemek aýratyn buýsançlydyr.

    Aýlar SADYKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI