Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Nebit bilen dolandyrylýan ykdysadyýet
    Nebit bilen dolandyrylýan ykdysadyýet surady
    13/02/2024

    1155

    Nebit bilen dolandyrylýan ykdysadyýet

    Häzirki wagtda Yrak jemi içerki önümi boýunça dünýäde 52-nji, eksportynyň umumy mukdary boýunça 45-nji, importy boýunça 55-nji, adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça 125-nji ykdysadyýetdir. Şeýle-de ykdysady çylşyrymlylyk indeksine görä, dünýäniň 112-nji çylşyrymly ykdysadyýeti hökmünde tanalýar. Yragyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, ýurduň eksporty 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde ikinji çärýekdäki 23 milliard amerikan dollaryndan 25 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Ýurduň eksporty 1988-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli ortaça 21 milliard 361 million amerikan dollary möçberinde boldy. Ýeri gelende aýtsak, soňky 30 ýylyň içinde ýurduň eksportynyň iň pes görkezijisi 1994-nji ýylyň dördünji çärýeginde, iň ýokary görkezijisi bolsa 2012-nji ýylyň dördünji çärýeginde hasaba alyndy. Şonda görkezijiler degişlilikde, 1 milliard 720 million, 94 milliard 209 million amerikan dollaryna deň bolupdy. Mundan başga-da, Yragyň eksport harytlarynyň bahasy 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda 35,3 milliard amerikan dollary möçberinde köpeldi. Netijede, Yrak 2021-nji ýylda daşary bazarlara umumy bahasy 81,1 milliard amerikan dollarlyk haryt çykaryp, dünýäniň 45-nji eksportçysy boldy.
    ABŞ-nyň global maglumatlar we işewürlik boýunça statistik platformasynyň hasabatyna laýyklykda, häzirki bahalar bilen hasaba alnanda, Yragyň jemi içerki önüminiň 2028-nji ýyla çenli 21,73 göterim ýa-da 55,4 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlanmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, 2023 — 2028-nji ýyllary öz içine alýan «bäş ýyllyk» meýilnamanyň netijesinde ýurduň jemi içerki önümi 310,35 milliard amerikan dollaryna ýeter. Şeýle-de ykdysatçylaryň çaklamalaryna görä, ýurtda adam başyna düşýän jemi içerki önümiň derejesi 2028-nji ýyla çenli 7,05 göterim ýa-da 414,7 amerikan dollary möçberinde ýokarlanar. «Bäş ýyllyk» yzygiderli ösüşiň netijesinde — 2028-nji ýylda Yragyň adam başyna düşýän jemi içerki önüminiň bahasy 6 müň 297,62 amerikan dollaryna deň bolar.
    Yragyň esasy eksport harytlary çig nebit (72 milliard amerikan dollary), gaýtadan işlenen nebit (5,49 milliard amerikan dollary), altyn (2,08 milliard amerikan dollary), nebit koksy (542 million amerikan dollary), nebit gazy (157 million amerikan dollary) bolup, bu harytlar, esasan, Hindistana, Hytaýa, Gresiýa, Koreýa Respublikasyna, Italiýa ugradylýar.
    Ýurduň esasy import harytlarynyň hatarynda gaýtadan işlenen nebitiň (5,54 milliard amerikan dollary), radioýaýlym enjamlarynyň (3.11 milliard amerikan dollary), awtomobilleriň (2,22 milliard amerikan dollary), şaý-sepleriň (2,21 milliard amerikan dollary), derman serişdeleriniň (1,09 milliard amerikan dollary) atlary agzalýar. Olar, esasan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Hytaýdan, Hindistandan, Germaniýadan getirilýär. Ýeri gelende bellesek, Yrak 2021-nji ýylda 488 million amerikan dollarlyk bugdaý ununy import edip, bu babatda dünýäniň lideri boldy.
    Nebit-gaz pudagy
    Yragyň ykdysadyýeti ýurduň girdejisiniň 90 göterimden gowragyny emele getirýän çig nebit önümçiliginiň eksportyna bagly bolup durýar. «BP» britan nebit we gaz kompaniýasynyň hasabatyna laýyklykda, Yrak 145 milliard barrele barabar çig nebit gory bilen dünýäde 5-nji, tebigy gaz ätiýaçlygy boýunça bolsa 12-nji ýerde durýar. Ýakyn Gündogarda ýüze çykarylan nebit ätiýaçlyklarynyň 17 göterimini, global ätiýaçlyklarynyň 8,4 göterimini emele getirýär. Şeýle-de OPEK-de Saud Arabystanydan soň 2-nji çig nebit öndüriji hasaplanýar. Ýeri gelende aýtsak, Arap aýlagynda dünýäde ýüze çykarylan nebit ätiýaçlyklarynyň 65 göterimi, Yrakda bolsa 12 göterimi bar.
    Ýurduň çig nebit önümçiligi 2005-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli umumy ösüş tendensiýany başdan geçirdi. 2019-njy ýylda ýurduň çig nebit önümçiligi günde, takmynan, 1,7 million barrele çenli ýokarlanyp, rekord derejä — 4,7 million barrele ýetdi. Şondan soň ýurduň nebit önümçiligi yzygiderli peseldi. Has dogrusy, 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde Yrak OPEK+ şertnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, çig nebit önümçiligini gündelik 4,1 million barrele çenli azaltdy.
    «Oil & Gas» žurnalynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylda dünýäniň nebit gory 1 trillion 757 milliard barrele deň boldy. Bu görkeziji 2021-nji ýylda 1 trillion 735 milliard barrele, 2020-nji ýylda 1 trillion 727 milliard barrele deňdi. Şol ýyl Yrak ýurduň esasy eksport harydy bolan nebitiň günde 5 million barrelini gazyp aldy. Mart aýynda bolsa ýurduň nebit söwdasynda soňky 50 ýylyň rekordy hasaba alyndy. Has dogrusy, 2022-nji ýylyň mart aýynda Yrak nebitiň söwdasyndan 11,07 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Şeýle-de 2023-nji ýylyň dekabr aýynda 108 million barrelden gowrak çig nebit eksport edip, 8,31 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Döwlet nebit marketingi guramasynyň deslapky maglumatlaryna görä, dekabr aýynda çig nebitiň bir barreli goňşy bazarlara ortaça 76,96 amerikan dollaryndan satyldy. Ýurduň Nebit ministrliginiň hasabatyna laýyklykda, Yrak 2027-nji ýyla çenli «BP», «PetroChina», «Lukoil» kompaniýalary tarapyndan özleşdirilen nebit ýataklaryndaky nebitiň çykarylyşyny gündelik 7 million barrele ýetirmegi maksat edinýär.
    Yrak her gün 25 million kub metr türkmen gazyny import etmegi meýilleşdirýär
    Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň oktýabrynda Bagdat şäherinde Yrak bilen Türkmenistanyň arasynda Yragyň elektrik beketleriniň zerurlyklaryny üpjün etmek boýunça tebigy gaz ibermek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Resminamyň çäklerinde türkmen gazynyň ýylda 10 milliard kub metre golaýyny Eýranyň üsti bilen «swap» usulynda Yraga ibermek göz öňünde tutuldy. Şeýle-de şol ýylyň noýabrynda türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Netijede, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýyl türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metrini Eýranyň üsti bilen «swap» usulynda Yraga akdyrmak barada ylalaşyldy.
    Deslapky habarlara görä, Yrak türkmen gazynyň her gün 25 million kub metrini import etmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda ýurtda tebigy gaza bolan isleg barha artýar. Import edilmegi meýilleşdirilýän tebigy gaz Yragyň 6 sany elektrik stansiýasyny doly derejede üpjün eder. Has dogrusy, türkmen tebigy gazy Mansuriýa, Al-Sadr, Bismaýa stansiýalaryna, Bagdadyň günortasyndaky stansiýa, şeýle-de Al-Kuds we Al-Taji stansiýalaryna ýaýradylar.
    ABŞ-nyň global maglumatlar we işewürlik boýunça statistik platformasynyň 2024-nji ýyl üçin Yragyň ykdysadyýeti baradaky çaklamalary:
    * Harytlaryň söwdasy 192,70 milliard ýewrony;
    * Harytlaryň eksporty 116,50 milliard ýewrony;
    * Harytlaryň importy 76,12 milliard ýewrony;
    * Harytlaryň söwdasy jemi içerki önümiň 77,64 göterimini emele getirer.

    Sahypany taýýarlan:
    Jahantäç ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
    «Biznes reklama»

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI