23/11/2024
21
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”
2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary üçin Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Milli mirasymyz – egsilmez guwanjymyz” atly medeni- magaryfçylyk çäresi geçirildi.
Bu çäre türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek, ýaş nesillerde milli mirasa söýgini artdyrmak, şeýle hem halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny çuňňur öwrenmäge hem-de onuň ähmiýetini açyp görkezmäge gönükdirildi.
Medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halylarynyň özboluşly nagyşlary, reňk öwüşginleri,myhmanlaryň ünsüni çekdi. Talyplar çäräniň dowamynda halylaryň dokalyş tehnologiýasy, olaryň taryhy we dünýä medeniýetindäki orny bilen tanyşdylar.
Geçirilen bu çäre talyplaryň türkmen halkynyň baý mirasyny öwrenmäge hem- de ony wagyz etmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrdy.
Nedir NEDIROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Latest News
23/11/2024
An Online Methodological Seminar02/11/2024
Student Youth Supports the UN Resolution