20/06/2023
1263
Maýa goýmak — ykdysadyýeti pugtalandyrmak
«Sen pul üçin işleme, pul seniň üçin işlesin» diýilýän jümle mydama telekeçiler we maliýeçiler tarapyndan köp gaýtalanýar. Eýsem puly nädip işletmeli? Bu sowalyň düýp manysy pul serişdeleriniň ýene-de pul getirip bilýänligidir. Bar bolan serişdeleriňi peýda almak maksady bilen ulanmaklyga maýa goýmak diýilýär. Maýa goýumlaryň täze kärhanalaryň açylmagynda, täze innowasion önümleriň bazara çykarylmagynda, hatda ähli ýurtlaryň ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagynda ähmiýeti uludyr. Geliň, maýa goýumlaryň ykdysadyýetdäki ornuna has içginräk düşünmäge çalşalyň! Belleýşimiz ýaly, maýa goýmagyň esasy maksady, wagtyň geçmegi bilen, girdeji ýa-da başga bir peýdaly netije almak bolup durýar. Şu nukdaýnazardan seretsek, peýda almaga niýetlenilen islendik herekete maýa goýum diýip bolar. Meselem, hünär saýlanylanda, adam ondan geljekde gowy girdejä we kanagatlanma garaşyp saýlaýar. Geljekde onuň öwrenen hünärine bolan islegiň artmagam mümkin, peselmegem. Adam bu ýerde özüniň esasy serişdesini — wagtyny maýa goýýar. Ýöne maliýe dünýäsinde maýa goýmak diýlende, islendik emlägiň ýa-da serişdeleriň geljekde girdeji almak maksady bilen, telekeçilik ýa-da başga görnüşli işe gönükdirilmegine aýdylýar. Maýa goýluşyň ençeme görnüşleri we usullary bar. Olaryň biri hökmünde geljekde peýda getirip biljek emlägiň gönüden-göni satyn alynmagyny mysal getirse bolar. Maýanyň bu görnüşe gozgalmaýan emläkler, tehnika, taýýar biznesler, şeýle hem awtorlyk hukuklary, patentler, bilim, nou-hau usullary ýaly girdeji getirip durýan emläkdir serişdeleriň (kapitalyň) satyn alynmagyna gönükdirilmegi degişli bolup durýar. Maliýe maýa goýumlaryna bolsa maýadarlar tarapyndan kärhanalaryň gymmatly kagyzlaryna, karzlara maýa goýumlary degişlidir. Dünýäde günde müňlerçe täze kärhanalar açylýar, öňden işläp gelýän kärhanalar bolsa önümçiligini giňeltmäge, girdejilerini artdyrmaga çalyşýarlar. Kärhanalara işini ýola goýmak ýa-da alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek üçin serişdeleriň gerekdigi düşnüklidir. Şeýlelik bilen, serişdeleriň ýetmezçilik edýän halatynda kärhana zerur serişdeleri karzyna alyp ýa-da kompaniýasynyň belli bir bölegini, ýagny paýnamalaryny pul serişdeleri bolan taraplara satyp bilýär. Geljekde bu aksiýalardan gelýän girdeji ulalyp, maýadara uly peýda getirýär. Bu mehanizm serişde gerek bolan taraplary bergili bolup galmak howpundan azat edýär, serişdesi bolan taraplara bolsa peýda gazanmaga mümkinçilik döredýär. Karzyna alnan serişdeleri hökmany ýagdaýda yzyna gaýtarmalydygy berk hem düşnükli hakykatdyr. Şonda işiň başa barmadyk ýagdaýynda bergili bolup galmak howpunyň dörejekdigi-de öz-özünden düşnüklidir. Maýa goýlanda bolsa maýadaryň özi ähli töwekgelçilikleri kabul edip, hasaplap, geljekde goýumynyň ödeljekdigine ynanyp, serişdelerini berýär. Karz bilen kärhana goýulýan maýanyň tapawudy bolsa şundan ybaratdyr. Maýa goýmazdan öň, iki sany görkezijä aýratyn üns berilýär: töwekgelçilik we garaşylýan girdejililik. Töwekgelçilik derejesi pes bolan maýa taslamalary az girdeji getirýär. Tersine, garaşylýan girdejililigi uly bolan taslamalar, köplenç, töwekgel bolýarlar. Iň töwekgel maýa goýumlara wençur maýa goýumlary diýilýär (iňlis d. «venture» — töwekgelçilik). Bulara täze önümi bazara girizjek bolýan kärhanalara (startup) goýulýan maýa goýumlar degişli edilýär. Maýa goýmak işine täze girişýänlere goýumlary diwersifikasiýalaşdyrmak maslahat berilýär. Ýagny ähli serişdeleri bir ýere däl-de, dürli ýere gönükdirmeli. Şeýlelik bilen, käbir maýa goýumlar girdeji getirip, käbiri bolsa ýitip, deňagramlyk emele gelýär we ýitgi töwekgelçiligini azaldýar. Professional maýadarlar töwekgelçilikleri hasaplap, bazardaky ýagdaýy anyklap, düýpli barlaglary geçirip, maýa goýýarlar. Häzirki döwürde bu hyzmatlary ýörite ýerine ýetirýän kärhanalar bar. Serişdeleriň eýeleri has netijeli maýa goýmak üçin öz serişdelerini olara dolandyrmaga berýärler. Bu kärhanalar bolsa alnan girdejiden belli bir göterimini özlerine alyp galýarlar. Bularyň iň irileri «The Vanguard Group», «BlackRock, Inc.», «State Street Corporation» ýaly amerikan kärhanalary bolup, olar iň iri maýa goýum kompaniýalarynyň «uly üçlügini» emele getirýärler. Maýa goýumlary barada aýdylanda, dünýä belli maýadarlary, ýagny inwestorlary belläp geçmek gerek. Uorren Baffet, Reý Dalio, Jeýms Saýmons ýaly şahslar iň iri inwestorlaryň hataryna bolup, olaryň maýa goýmak hakda ýazan kitaplary iň köp satylýan hem-de hemişe okalýan eserleriň hataryna girýär. Ylaýta-da, bu kitaplar Ýer ýüzüniň maýa bazaryna girmäge höwes edýänler hem-de öwreniji inwestorlar üçin has arzylydyr. Goýulýan serişdeleriň gelip çykyşy boýunça maýa goýumlar 3 topara bölünýär: hususy, döwlet we daşary ýurt maýa goýumlary. Hususy maýa goýumlara ýurduň raýatlary tarapyndan goýulýan maýa goýumlary degişlidir. Döwlet maýa goýumlary diýlip, döwlet býujetiniň serişdelerinden emele gelýän maýa goýumlara aýdylýar. Döwletler maýa goýumlary, köplenç, durmuş-ykdysady pudaklara, döwletde ileri tutulýan ugurlary ösdürmäge gönükdirýärler. Eziz Watanymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş we bilim ýaly durmuş-ykdysady pudaklara uly möçberde maýa goýumlar goýulýar. Adyndan belli bolşy ýaly, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çeşmesi — daşary ýurt serişdeleri bolup durýar. Olar daşary ýurt korporasiýalary, raýatlary tarapyndan islendik maýa goýum ýaly, girdeji almak maksady bilen, başga ýurduň ykdysadyýetine gönükdirilýär. Globallaşma döwründe daşary ýurt maýa goýumlary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegine öwrüldi. Ýurtlar özüne daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmegiň ugrunda uly tagalla edýärler. Munuň sebäbi daşary ýurt maýalarynyň kabul ediji ýurda getirýän peýdasyndadyr. Daşary ýurt maýasy bilen birlikde kabul edýän ýurda daşary ýurt tejribesi hem gelýär. Önümçiligiň has kämil usullary, kämil tehnologiýalar we dolandyryş usullary — bularyň ählisi daşary ýurt maýadarlary tarapyndan işiň netijeliligini artdyrmak üçin ulanylýar. Ýerli kärhanalar bilen bäsleşik döreýär, onuň netijesinde, wagtyň geçmegi bilen, ýerli kärhanalar täze tehnologiýalary we önümçilik usullaryny özleşdirip başlaýarlar. Şeýle hem daşary ýurt maýalarynyň gatnaşmagynda täze kärhanalaryň açylmagy, ýurtda iş orunlarynyň köpelmegine getirýär. Daşary ýurda maýa goýmagyň maýadarlar üçin peýdasy olaryň täze bazarlara çykmagy, önümçilik ýeriniň sarp ediş ýerine ýakynlaşmagy we arzan işçi güýjüniň köpelmegi bolup durýar. Käbir ýurtlaryň ösüşinde daşary ýurt maýa goýumlary aýratyn orun eýeleýärler. Muňa Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Eýran, Hytaý, Hindistan ýaly ýurtlary degişli edip bolar. Hindistana, Hytaýa, Eýrana Ýewropa ýurtlary gerek wagtynda maýa goýdular. Singapurda uly möçberde daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine şert döredildi. Bu bolsa ýurduň ykdysadyýet babatda «Aziýanyň gaplaňy» adyny almagyna ýol açdy. Häzirki döwürde maýa akymlarynyň iň köp goýulýan ýurtlary ABŞ, Niderlandlar, Lýuksemburg, Hytaý, Beýik Britaniýa we Singapur bolup durýar. Içerki bazarlarynyň giňligi we amatly şertleri bu ýurtlara gelýän maýa goýumlaryň ýyllyk akymynyň barha giňelmegini şertlendirýär. Ýurda gelýän daşary ýurt maýalarynyň göwrümi gös-göni ýurtda iş alyp barmak üçin bar bolan şertler bilen kesgitlenilýär. Bu şertlere başgaça «maýa goýum klimaty» hem diýilýär. Daşary ýurt maýadarlary öz serişdeleriniň howpsuzlygy üçin ykdysady we syýasy taýdan durnukly we kämil kanunçylykly ýurtlary saýlaýarlar. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyz sebitde iň durnukly ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Milli kanunçylygymyz bolsa eýeçiligiň eldegrilmesizligini we goraglylygyny doly derejede üpjün edýär. Şu ýylyň aprel aýynyň 26-syna Dubaýda geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda «Dragon Oil», «CNPC» ýaly iri kompaniýalaryň ýurdumyza mundan beýläk maýa goýmaga taýýardyklaryny bildirmegi mähriban Watanymyzyň daşary ýurt maýasy üçin gyzyklanma döredýändiginden habar berýär. Milli ykdysadyýeti ösdürmek we daşary ýurt maýasyny zerur pudaklara çekmek üçin ýurtlar aýratyn ykdysady zolaklary döredýärler. Bu zolaklarda ýeňillikli salgyt we gümrük syýasaty hereket edip, öz işini açjak bolýan taraplar üçin örän amatly şertleri üpjün edýär. Aýratyn ykdysady zolaklara Watanymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny hem degişli edip bolar. Şeýlelikde, maýa goýumlary halklaryň jebisleşmegi, bilelikdäki ösüşi üpjün etmek üçin wajyp bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk-de ýokary depginli ösüşlerini kämilleşdirmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, iň esasy bolsa, özara ynanyşmagy hem-de parahatçylygy üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Orazmyrat SÄHETMYRADOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Makala "Biznes reklama" gazetinde 19.06.2023 senesinde çap edildi.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI