971
Maksat — talyplaryň tejribesini artdyrmak
Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular. Ol iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Okuw saparynyň çäklerinde talyplar Diplomatik barlaglar institutynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu ýerde institutyň mugallymy Ahmed Al-Faýez Saud Arabystany Patyşalygynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Doktor Haled Ibrahim Al-Aliniň geçen sapagy bolsa olaryň Saud Arabystanynyň döwlet maksatnamalary, ykdysady we medeni syýasaty bilen bagly alnyp barylýan işler hakyndaky düşünjelerini artdyrmakda ähmiýetli boldy. Ýurduň «Vision 2030» atly maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary, ykdysadyýetde, bilimde, tehnologiýalarda, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler baradaky söhbetler hem türkmen talyplarynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Diplomatik barlaglar institutynyň mugallymy Leýla Al-Zahrani bolsa Saud Arabystany Patyşalygynyň syýahatçylygyna we medeni özboluşlylygyna degişli okuw sapagyny geçdi. Okuw sapaklaryna gatnaşan talyplara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Saparyň çäklerinde «Al-Masmak» muzeýine, «Boulevard Riyadh» dynç alyş seýilgähine, Imam Turki bin Abdullah metjidine gezelençler guraldy.
Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan».
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti – 21.11.2025 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/216182
Latest News
03/12/2025
INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
02/12/2025
Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar