Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE ZENANLARYŇ WASPY
    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ  DÖREDIJILIGINDE ZENANLARYŇ WASPY surady
    09/03/2024

    940

    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE ZENANLARYŇ WASPY

    Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmeniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň hakydasynda hemişelik orun aldy. Eger-de şygryýet älemini içi altyndyr kümüşden doly Nedir şanyň hazynasyna meňzetsek, onda Magtymguly Pyragy şol hazynanyň içindäki gözüň ýagyny iýip gelýän «Kohi nura» meňzeş bolardy. Sebäbi akyldar dünýä edebiýatynyň göwher gaşydyr, bahasyna ýetip bolmajak hazynasydyr.
    XVIII asyrdan bäri türkmeniň ruhy ganaty we şamçyragy bolup gelýän beýik pelsepewi şahyryň döredijilik temasy köptaraplydyr. Pyragynyň baý döredijiliginde zenanlara uly orun degişlidir. Magtymguly zenanlara degişli eserlerinde olaryň diňe bir görk-görmegini, daşky keşbini, owadanlygyny taryplamak bilen çäklenmän, goşgularynda olaryň gylyk-häsiýetini, maşgalada tutýan uly ornuny örän täsirli beýan edipdir. Bu bolsa onuň döredijilik aýratynlygydyr.
    Söz ussady gyzlaryň owadan keşbini gül-gunça meňzedipdir. Magtymguly durmuşy-da, tebigaty-da ýiti synlaýan, ony her taraply öwrenýän adam bolupdyr. Mysal üçin, ol «Meňzär hökümli» şygrynda gelin-gyzlaryň waspyny şeýle beýan edipdir:
    Humaý oturuşly, laçyn turuşly,
    Kebuter topukly, maral görnüşli,
    Täze hilal gaşly, merwerit dişli.
    Tawus guş zynatly, Dawut towuşly,
    Tezerw şiweli, käkilik ýörişli,
    Tugun guş timarly, tarlan bakyşly.Magtymguly, sen dek görmedim dildar,
    Bu jana ýararly, köňle ýakymly.
    Şahyr türkmen gyzlarynyň gözelligini guş-gumrularyň, tebigatyň, beýleki üýtgeşik janly-jandarlaryň keşbi, timarlylygy, asylly hereketleri we kereşmeleri, owadan hem gelşikli sypatlary bilen deňeşdirýär. Onuň gyzlaryň çalasynlygyny laçyna, salyhatly hem näzli ýörişini marala, owadan hem-de gelşikli aýaklaryny kepderi topugyna ýa-da olaryň buýsanjaňlyk bilen bakyşyny tarlaň bakyşyna meňzedýänliginden hem aýdyň görmek bolýar.
    Magtymgulynyň «Durasyň geler» diýen goşgusy bolsa gelin-gyzlar barada söz açyp, gylyk-häsiýet bilen bagly meseläni öňe sürýär, degerli pikirleri orta atýar. Şahyr ilkinji bendinde:
    Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
    Anyň hyzmatynda durasyň geler,
    Edepli, erkanly, mylaýymzada,
    Tä ölinçäň bile ýöresiň geler
    — diýip belleýär. Gözelleriň owadanlygy, elbetde, imrindiriji sypatdyr. Emma gözeli ähli gözellerden zyýada, ýagny artykmaç, belent edip görkezýän zat – onuň gylyk-häsiýeti. Ol gözel edepli, ekramly, mylaýym bolandygy üçin «gözellerden zyýada». Diýmek, gözeli gözel edip görkezýän zat diňe görk-görmegi bolman, eýsem-de bolsa häsiýetiniň de ýakymly bolmagydyr. Gelin-gyzyň syraty bilen gylyk-häsiýeti sazlaşykly bolanda, şahyr aýtmyşlaýyn, «Döküp hazynanyň zerin bermeli, Anyň söwdasynda bolasyň geler».
    Türkmen halky gadymy döwürden bäri zenan mertebesini ähli zatdan ileri tutupdyr. Sebäbi türkmen zenanlary maşgala ojagynyň abadançylygyny, agzybirligini üpjün edipdirler, gerek ýerinde şirin janlaryny orta goýupdyrlar. Iň esasysy hem maşgalanyň dowamaty bolan ýaş nesliň terbiýesinde eneleriň hyzmaty örän uludyr.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda aýal-gyzlaryň önjeýli işlemegi, döredijilikli zähmet çekmegi, ylym bilen meşgullanmagy üçin birnäçe döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli amal edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

    Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI