
26/02/2025
207
MAGTYMGULY PYRAGY — PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝÖRELGELERINIŇ BEÝIK WASPÇYSY
Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ynamly gadamlar bilen barýan mähriban halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak toý sowgady boldy. Bu ajaýyp eser çeper edebiýatyň muşdaklaryna, türkmen akyldary Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenendir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu eserinde Magtymguly Pyragyny «Parahatçylygyň şahyry» diýip häsiýetlendirýär. Çünki Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän we ajaýyp zamanamyza şugla saçýan taglymlaryň biri hem parahatçylyk baradaky garaýyşlardyr. Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk baradaky öňe süren garaýyşlary bu günki gün daşary syýasatymyzdaky «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgelerimiziň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwerlige, dostluga, agzybirlige, ynanyşmaga esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň özeninden milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň eriş-argaç bolup geçýändigini buýsançly nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, öz şygyrlarynda adamzat gymmatlyklaryny, ähli döwürler üçin derwaýys bolan agzybirlik ýörelgelerini öňe süren Magtymguly Pyragy agzybirligiň ündewçisidir, parahatçylygyň şahyrydyr.
Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir mälim bolşy ýaly onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar, çünki bu eserlerde bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby ähli halkymyz, şol sanda syýasatçylar, diplomatlar, geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.
Edebi mirasynyň häzirki döwürde halkara gatnaşyklary berkitmekde we halklaryň arasynda medeni dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy kitapda aýratyn bellenilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragyny «Аgzybirligiň ündewçisi», «Parahatçylygyň şahyry» diýip atlandyrýar. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özeninde hem ussadyň ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň durandygyna ünsi çekýär. Hakykatdan-da, öz şygyrlarynda adamzat gymmatlyklaryny, ähli döwürler üçin derwaýys bolan parahatçylyk, agzybirlik we erkinlik ýörelgelerini öňe süren şahyryň edebi mirasynda giňden orun alan ynsanperwer pikirler bu günki gün BMG-niň we beýleki iri düzümleriň bütin dünýäde bitewüligi, raýdaşlygy berkarar etmäge gönükdirilen esasy maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Dünýäde her ýurduň, her halkyň öz eýeleýän orny, öz keşbi bolýar. Taryhy maglumatlar ähli döwürlerde-de türkmenler diýilse, öňi bilen, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli halkyň göz öňüne getirilendigini subut edýär. Halkymyzyň asyrlarboýy hemra edinen asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirip, daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap alan Türkmenistan diýilse-de, bu gün, gürrüňsiz, parahatçylyk dörediji döwletiň keşbi örboýuna galýar. Şoňa görä-de, parahatçylygy döretmek sungatynyň ussady bolan Milli Liderimiz Ýer ýüzüniň halklarynda we dünýä döwletlerinde ynanyşmak medeniýetini kemala getirmegiň ýollaryny salgy berýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz BMG-niň belent münberinden edýän çykyşlarynda gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegi, ruhy, medeni, bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi, töwekgelçilikleriň we nämälimligiň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de bähbitleriň deňeçerligini kemala getirmäge ukyply halkara ulgamyň usullary we gurallary döredilende dünýä döwletlerinde ynanyşmak medeniýetiniň kemala geljekdigini belleýär.
Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, milli däpleriniň aýdyň dabaralanmasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we berkarar döwlet baradaky arzuwlarydyr gymmatly ündewleri biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Şunda ýaşlaryň kalbynda il-ýurda, Watana, parahatçylyga, baky Bitaraplygymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza söýgini terbiýelemekde akyldaryň goşgulary gollanmamyzdyr. Beýik şahyryň:
Eşit, adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz
― diýen setirleri halkymyzyň aňynda nakyla öwrülip, kalplarda orun alypdyr.
Paýtagtymyz Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmeginiň ýubileý çäreleriniň esasy wakasy bolandygyny döwlet Baştutanymyz öz eserinde belleýär. Şol forumyň soňky on-on bäş ýylyň dowamynda beýik akyldaryň pähim-paýhasyny açmakda we dünýä ýaýmakda edilen işleriň jemini jemländigini aýtsa bolar. Bu işler türkmeniň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň ynsaply ýaşaýyş baradaky ýörelgeleriniň adamlary we umuman, adamzady şu dünýäde öz geljegi hakynda oýlandyrýan, tolgundyrýan pähim-paýhas bolup çykyş edýändigini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda eden çykyşynda: «Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletimizi mundan beýläk hem berkideris. Beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys» diýip, Magtymguly Pyragynyň parahatçylygy, agzybirligi ündeýän pähim-paýhasyna esaslanýan türkmen döwletiniň hoşniýetli daşary we içeri syýasatynyň dowam ediljekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly eserinde beýik akyldaryň edebi mirasynyň şu günki ähmiýeti, halkymyzyň şahyryň şygyrlaryna teşneligi, onuň paýhas ummanyny öwrenmegiň ýoluna düşüp, Magtymguly Pyragy mekdebini döredendigi, bu mekdepde şahyryň eserlerini öwrenmegiň we öwretmegiň ygtybarly usulyýet ýörelgeleriniň işlenip düzülendigi, milli şahyrymyzyň öňe süren ylmy-filosofik garaýyşlarynyň bu günki gün adamzadyň öňünde duran gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge ýol açýandygy durmuşy mysallaryň üsti bilen, ylmy esasda seljerilip beýan edilýär.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň bitewilik we parahatçylyk arzuwlary iň täze taryhy döwründe üstünlikli amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan garanyňda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň beýik waspçysy Magtymguly Pyragynyň nusgalyk taglymatlary hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda anyk deliller, seljermeleýin pikirler, ylmy subutnamalar bilen beýan edilýär.
Perhat MAHREMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň mugallymy.
Latest News

01/03/2025
Türkmenistanyň BMG-sy bilen hyzmatdaşlygy
20/02/2025
TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ ŞÖHRATLY ÝEŇIŞI